175
diýip, “Ýör biläni” goşgusynda getirýär.
Halk arasyndaky rowaýatlaryň birinde:
…Bir geçi bilen bir möjek
dost bolup, günlerde bir gün buzlugyň
üstünden barýarkalar, ajygan möjegiň: “Geçi dost, tozan turusyp, gözüme tozan
gapdyrýaň” diýip yrsaraşyndan, “Buz üstünde tozan arama” diýen nakyl
döredilýär. Magtymguly bu nakyly:
Dünýä, seniň bu gezekli gerdişiň,
Gyzyl gandan gyrmyz bolupdyr dişiň…
Geçi, gurt dostlugna meňzär edişiň,
Gamly şat olmazmy, aglan gülmezmi?-
(‘Gelmezmi”)
diýip ulanýar.
Aýy “dostlugy” Gündogarda giň ýaýran rowaýatlaryň biri. Želaleddin
Rumynyň “Mesnewi”diwanynda-da bu rowaýat beýan edilýär: şikara çykan
awçy jülgede bir aždarhanyň aýyny penjesine alyp iýjek bolup durşuny görýär.
Awçy aždarhany öldürip, aýyny halas edýär. Şondan soň aýy awçynyň
ýanyndan galmaýar. Dosty awça ýyrtyjy haýwan bilen tirkeşmezligi
maslahat
berýär. Emma awçy dostunyň diýenini etmeýär. Bir gün şikardan ýadap
gelen
awçy gowakda uklap galýar. Onuň ýüzüne bir siňek gonýar. Aýy siňegi kowýar.
Siňek ýene gonýar. Aýyň gahary gelip, siňegi öldürmek üçin uly daşy awçynyň
ýüzündäki siňege inderýär. Awçynyň kellesi uly daşyň aşagynda galýar.
Magtymguly bu rowaýaty goşgy setirlerinde döredijilikli ulanyp, şeýle
ýazýar:
Do'stlaringiz bilan baham: