Hojamyrat Goçmyradow


Şerap içip, serhoş bolup segresem


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet108/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şerap içip, serhoş bolup segresem, 
Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam, 
Görogly dek dagdan-daga ugrasam, 
Ýa rep, habar bilerinmi, ýar senden! 
(“Ýar senden”)
Magtymguly şu dört setirinde ”Görogly” eposyndan Göroglynyň 
häsiýetlerini suratlandyrýar. 
Klassyk şahyrymyz özüniň “Kepderi”poemasynyň aslyny hem halk 
rowaýatlaryndan alyp, şygra geçiripdir. Mundan başga-da, şahyr: 
Nejt dagyna gezen Mežnun yşkynda 
Ýanar otly Leýli bolup galyp men.- 
(“Galyp men”)
diýip ýazmak bilen, Gündogar halklarynyň arasynda dilden -dile geçip gelen 
“Leýli-Mežnun” rowaýatyny ýatlaýar. 
Magtymguly: 
Depderler içinde bir kitap gördüm, 
Kasasyl enbiýa” atly, ýaranlar; 
Hezreti Ýusupny beýan eýläli, 
Kyssasy şekerden datly, ýaranlar.- 


177 
(“Ýaranlar”) 
diýen goşgy bendinde “Kasasyl enbiýa” kitaby hem-de “Ýusup- Züleýha” 
dessany barada maglumat berýär. 
Umuman, Magtymguly özüniň şygyrlarynda rowaýatlardyr dessanlary 
esasy çeşme hökmünde peýdalanýar. 
X1X asyr klassyk şahyrlary Seýdi, Kemine, Zelili, Mollanepes dagy hem 
halk döredijiliginden habarly bolupdyrlar. Olar özleriniň goşgularynda 
rowaýatlardaky, eposlardaky, dessanlardaky gahrymanlarynyň atlaryny 
getirýärler. 
Seýdi “Begler” goşgusynda: 
Ýat kylar men Göroglyny,Zamany, 
Aly Murtuzany-Şahymerdany, 
Rüstem Zal, Isgender, Gajar pälwany
Orta atdym, köpün sanmanam,begler!- 
diýip ýazsa, Kemine “Ynanmaz” goşgusynda:
Leýli-Mežnun kimin çöllere çyksam, 
Arzy-Gambar deýin derýada aksam, 
Perhat-Şirin deýin daglary ýyksam
Daşlaryň teýinde galsam, ynanmaz
diýip, ýazmak bilen, halky eserlerden ruhlanandygyny nygtaýarlar. 
Gülüstan atly rowaýat halk arasynda giň ýaýrapdyr. Mollanepes ýaş 
wagtynda başyndan geçiren bu waka esasynda birnäçe goşgyny (“Bäri 
gel”,”Istäpki gözel ýary”, “Şirmaýy darak”, “Zary bilen”, “Oýan” we başgalar) 
döredipdir. 
Zelili “Ýoldyr bu”goşgusynda: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling