174
Ýaşlary belent ruhly, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar edip ýetişdirmek
öňde duran wezipeleriň biri. Şu meselede türkmen halk döredijiliginiň
hem-de
çeper edebiýatyň bitirýän hyzmaty uly.
Türkmen edebiýatynyň geçmiş taryhyna, häzirki döwre göz aýlanymyzda-
da, halk döredijiligini öz eserlerinde ulanmadyk şahyrdyr ýazyjyny tapaýmak
aňsat däl. Diýmek, halk döredijiligi bilen türkmen edebiýatynyň arabaglanyşygy
özüniň gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdýar.
Türkmen şahyrlary geçmişde halk döredijiligini
ussatlyk bilen
peýdalanyp, özleriniň eserlerini bezäpdirler we çuň manyly çeper
hem-de sada
dilde bermegi başarypdyrlar. Klassyk şahyrlarymyzdan Andalybyň, Azadynyň,
Magtymgulynyň, Magrupynyň, Şabendäniň, Mollanepesiň, Keminäniň,
Seýdiniň,
Zeliliniň
we
beýlekileriň
eserleriniň
ölmez-ýitmezliligi,
gymmatlylygy olaryň halk döredijiliginden ussatlyk bilen peýdalanmagyndadyr.
Şahyrlarymyzyň eserleriniň stil, ideýa hem žanr taýyndan biri-biriniňkiden
tapawutlanyşy ýaly, halk döredijiliginden peýdalanyşy hem şol şekildedir.
Mollanepes halk döredijiliginden
bir ertekini alyp, ony özüçe işläp,
“Zöhre-Tahyr” dessanyny döretdi. Andalyp dürli wakalardan doly rowaýatlary
saýlap alyp, “Ýusup-Züleýha”, “Leýli-Mejnun”, “Babaröwşen”,”Zeýnelarap”
ýaly dessanlary, “Oguznamany” ýazdy. Şabendäniň “Gül-Bilbili”, Şeýdaýynyň
“Gül-Senuberi” we beýleki birnäçe eserler hem halk rowaýatlaryndan,
ertekilerinden saýlanylyp alnyp, üstünde işlenilip, döredilen dessanlardyr.
Rowaýatlar, ertekiler halk döredijiliginiň kyssa toparyna degişli. Emma
halk döredijiliginiň
matallar, nakyllardyr atalar sözi ýaly žanrlaryny öz içine
alýan şahyrana topary-da bar. Şahyrlar, ýazyjylar şahyrana toparynyň
žanrlaryny-da öz eserlerinde ussatlyk bilen ulanýarlar.
XV111 asyr hem-de X1X asyr klassyk şahyrlary halk döredijiliginiň
şahyrana hem-de kyssa toparlarynyň žanrlaryndan ýerlikli peýdalanypdyr.
Magtymguly folklor žanrlaryndan ýerlikli peýdalanan şahyr. Ol şeýle
ýazýar:
Do'stlaringiz bilan baham: