Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet109/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Zelili ýar üçin aglap, 
Ýandyrdy ýüregin daglap, 
Garybym diýp dessan baglap, 
Şasenem geçen ýoldyr bu.- 
 
diýip, “Şasenem-Garyp”dessanyny ýatlaýar.
Zeliliniň döredijiliginde nakyllara örän köp duş gelmek bolýar. Ol 
nakyllaryň käbirini asyl manysynda ulanmak bilen birlikde, käbirinden 
döredijilikli peýdalanýar: 
Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr. 
Ýagşylardan halka ýagşy set galar
Biakyla akyl berseň, kär etmez, 
Ezip gursagyna guýmak biläni. 
Su setirleriň birinji mysalynda nakyl şol durşuna ulanylsa, beýleki 
mysallarda nakyllar öz aýdylyşy ýaly “Ýagşydan at galar, ýamandan set”, 
“Guýmagursak bolmasa, dürtmegursak neýlesin”diýlip ulanylman döredijilikli 
peýdalanylypdyr. 


178 
XX asyrda-da türkmen ýazyjylary hem şahyrlary halk döredijiliginden 
peýdalanyp, hiç wagt könelmeýän eserleri döretmegi başardylar. Esasan-da, 
B.Kerbabaýewiň,A.Gowşudowyň, 
N.Saryhanowyň 
döredijiligine 
halk 
dessanlarynyň täsiri örän uly. Olar ertekilerdir rowaýatlar esasynda ýa-da 
olaryň äheňinde çeper eserleriň birnäçesini döretdiler. Şol eserleriň hatayna 
N.Saryhanowyň 
“Kitap”,”Şükür 
bagşy”, 
A.Gowşudowyň 
“Dordepel”,B.Kerbabaýewiň “Japbaklar”, A. Kekilowyň “Çopan we patyşa”, B. 
Seýtäkowyň “Aýazhan”, K. Gurbannepesowyň “Ýalta we bagt” we başga-da 
köp eserleri goşmak bolar. 
Ýazyjylar tarapyndan köne ertekileriň äheňinde häzirki döwrüň 
durmuşyny suratlandyrýan ertekiler hem döredilýär. N. Pommanyň ”Bäş 
balygy”, K.Taňrygulyýewiň “Bir hekiň başdan geçirenleri”,K.Jumaýewiň “Dört 
dogany” köne ertekiler äheňinde ýazylan eserlerdir. Häzirki döwriň durmuşy 
barada gürrün berýän ertekiler kyssa žanrynyň çagalar üçin gyzykly görnüşdir. 
Sebäbi şeýle usulda döredilen ertekilerde çagalaryň günde-günaşa görüp ýören 
zatlary barada gürrüň berilýär. 
Ýazuwly edebiýat üçin baý çeşme bolan folklory täzeden işlemek bilen 
döredilen eserler gymmatyny hiç wagt ýitirmeýär. Folklorçy ýazyjy A. 
Gowşudowyň belleýşi ýaly, halk döredijiligi dürdänedir. Halk tarapyndan 
döredilen ölmez-ýitmez çeper sözler egsilmez-könelmez göwher daşly 
derýadyr.Ýazyjy A.Gowşudow özüniň eserlerinde folklory peýdalanmak bilen 
birlikde, romanlarynyň kompozision gurluşynda-da, beýan ediş stilinde-de halk 
döredijiliginden nusga alypdyr. 
Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda çap edilen çeper eserlerde halk 
döredijiliginden peýdalanylyşy mese-mälim gowylandy. Indi din bilen 
baglanyşykly hekaýatlardyr rowaýatlar çeper edebiýaty bezeýär, olaryň many-
mazmunyny baýlaşdyrýar. 


179 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling