Hojamyrat Goçmyradow
“Şasenem – Garyp” dessany
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Şasenem – Garyp” dessany
“Şasenem-Garyp” halk arasynda giň ýaýran meşhur dessanlaryň biridir. Ol yşky-sosial temasynda ýazylan eserdir. Dessan beýleki birnäçe kowumdaş halklaryň (azerbaýjan, özbek, garagalpak we ş.m.) arasynda-da ýörgünlidir. Bu dessan hem beýleki eposlardyr dessanlar ýaly,kowumdaş halklaryň çygryndan çykyp, rus edebiýatyna-da aralaşýar.Bu dessanyň sýužeti boýunça rus şahyry M.Ýü.Lermontow tarapyndan “Aşyk-Karip” ady bilen eser döredilýär “Şasenem-Garyp” dessanyndaky wakalar Alynky Aziýada bolup geçýär. Şaapbas Sefewidiň patyşalyk eden döwrüni (1587-1629 ý.ý.) öz içine alýar. Eserde Şaapbas oňaýsyz gahryman hökmünde häsiýetlendirilýär. “Şasenem-Garybyň” dürli nusgasy bar. Dessandaky wakalaryň türkmenleriň Was topragynda-da bolup geçendigini folklorçy A. Rahmanow tekrarlaýar.Onuň pikiriçe,dessanyň wakalary gadymy Was sebitinde, Uzboýuň kenar ýakalarynda, Sarygamyş kölüniň gyralarynda, Kiçi hem üly Balkan daglarynyň pesliklerinde, Maňgyşlagyň giňişliklerinde bolup geçýär. Şu agzalan ýerlerde gadymy zamanda türkmenleriň ýaşandygyny taryhy çeşmeler subut edýär. Şeýle bolansoň, “Şasenem-Garyp’ dessanynyň başlangyç nusgasyny ilkibaşda türkmen halky döredendir diýlen netijä gelmek bolýar. Orta asyrlarda seljuklaryň hökümdarlyk eden döwründe türkmenleriň edebiýaty, medeniýeti bilen bir hatarda, halk döredijiligi-de ösüpdir hem-de beýleki halklaryň folkloryna täsirini ýetiripdir. Bu barada alym A. N. Samoýlowiç:”Oguz türkmen halklaryna mahsus bolan:”Ýusup-Ahmet”, “Seýit- Battal”,”Görogly”,”Şasenem-Garyp”,”Asly-Kerem”,”Bozoglan” we beýleki birnäçe eserler bütin musulman türkleriň hem dünýäsine, olaryň köp ýerlerine giň derejede ýaýrapdyr” diýip, taryhy maglumaty berýär. Şol täsirler esasynda türkmenleriň “Şasenem-Garyp” dessany-da beýleki halklaryň arasyna baryp ýetipdir. Arheolog Tolstowyň, geografiýaçy Mürzäýewiň, dilçi Atanyýazowyň Was sebitindäki ýadygärlikler (Akjanyň galasy, Şasenemiň köşgi, Tünüderýa we ş.m.) hakyndaky maglumatlary-da “Şasenem-Garybyň” türkmen ilinde dörändigini delillendirýär. 1819-1820-nji ýyllarda Türkmenistana we Hywa syýahat eden rus kapitany N.N.Murawýowyň “Türkmenistana hem Hywa syýahat”(“Puteşestwiýe 155 w Turkmeniýu i Hiwu”.-Moskwa, 1822g.) kitabynda Şasenem bilen Garybyň söýgüsi barada gyzykly maglumat berilýär. Syýahatçy Şasenemiň köşgüni synlaýar. Ol ýerdäki kak suwy, Döwgala, Gyzylgala hakda gürrün berýär.”Aşyk Garyp” diýen rowaýaty eşidýär. Rowaýatda şeýle diýilýär: häkimiýet adamsynyň Şasenem diýen owadan gyzy bolanmyş. Ol aýdymy bilen tanalýan Garyp diýen ýigide aşyk bolýar. Şasenem ony synamak üçin ýedi ýyl mysapyrlykda gezmegini talap edýär. Garyp tamdyrasyny enesinde goýup, ýurtdan çykyp gidýär. Enesiniň ogluny ýatlap, aglap-aglap iki gözi hem kör bolýar. Garybyň dolanyp gelmegine üç aý galanda, Şasenemi baý goňşusyna bermekçi bolýarlar. Şasenem garşy bolup, ýalbarýar, ýakarýar. Emma peýdasy degmeýär. Garyp öýe gelip, tamdyrasyny alyp, toý ýerine –Şasenemiň çadyrynyň ýanyna gelýär. Ol gezen ýurtlaryny,hyjuwyny, gaýgy-hasratyny aýdyma salyp aýdýar. Garybyň aýdymlary toýa ýygnanlara täsir edýär. Köpçüligiň talaby bilen Şasenemiň atasy gyzyny Garyba bermeli bolýar. Megerem, şu rowaýat “Şasenem-Garybyň” döremeginde esas bolan bolsa gerek. Sebäbi rowaýat dessanyň sýužetine gabat gelýär. “Şasenem-Garypda” we onuň toplumyna girýän bölümlerde Diýarbekir, Şawezir (Şasenem) ,Akjagelin (Akjanyň galasy), Halapşirwan, Yzmykşir ýaly gadymy şäherler barada gürrüň berilmegi dessanyň taryhylygyny artdyrýar. “Şasenem-Garyp” iň köp neşir edilen hem öwrenilen dessandyr. Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda “Şasenem-Garyp” dessanyna degişli golýazmalar saklanylýar. Olar dessanyň daşbasma usulynda çap edilen görnüşleridir. “Şasenem-Garybyň” 1940-njy ýylda çap edilen birinji neşiri şol golýazmalar esasynda taýarlanyldy. N.Hojaýew dessany çapa taýýarlady, M.Kösäýew hem sözbaşy ýazdy. Dessanyň türkmen dilindäki ikinji neşiri 1948-nji ýylda çykýar. M.Kösäýewiň ýazan sözbaşysynda dessanyň mazmuny, ideýasy, çeperçiligi, esasy gahrymanlary hakynda gürrüň berilýär. H.Görogly 1955-nji ýylda “Şasenem-Garyp” dessany boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Onuň bu ylmy işinde türkmen dessanlarynyň gelip çykyşy, dessançylyk däpleri barada gyzykly maglumatlar getirilýär. “Şasenem-Garyp” dessanynyň türkmen dilindäki üçünji neşiri 1957-nji ýylda çap edilýar. B.Ahundow dessana sözbaşy ýazýar. Dessan öňki neşirler esasynda çapdan çykýar. “Şasenem-Garyp” dessanynyň türkmen dilindäki dördünji neşiri 1959-njy,bäşinji neşiri 1979-nji ýýllarda çap edilýär. “Şasenem-Garyp”dessanyna dürli döwürde goşmaça wakalar girizilýär. Ýöne welin şol wakalara dessanyň bitewi bölegi diýip aýtmak bolmaz. Şol wakalar esasy sýužeti giňeltmek üçin goşulypdyr. Bagşylar Garyby gul edip satmaklyk ýaly wakany dessana girizenlerinde, “Ýusup-Züleýha” dessanyna salgynan bolmaklary mümkin. Şeýle hem Garybyň 156 Şasenemiň kösgüne ýygy-ýygydan gelmegi soňky goşulan wakalardyr.Sebäbi şunuň ýaly ýagdaýy “Asly-Kerem” dessanynda ýa-da beýleki dessanlarda-da görmek bolýar. Şeýlelikde, “Şasenem-Garyp” dessanynyň esasy sýužeti, ähtimal Garybyň Şasenem bilen hoşlaşyp: “Ýedi ýyldan öwrülip gelerin” diýen pursadyndan başlanýan bolsa gerek. Sebäbi dessandaky goşmaça wakalary eseriň kompozisiýasy bilen birleşdiräýmek kyn. Şeýle wakalary (meselem, Garybyň bir gezek Babahan şatyr, soňra hem Töwriz şazadasy bilen duşuşygy ýaly wakalary) esasy sýužetden aýyrmak ap-aňsat. Şol wakalary aýranyň bilen dessanyň esasy mazmunyna hiç hili zeper ýetmeýär. Dogrudanam, Şasenemiň Babahan şatyr bilen Garyby gözlemäge gitmegi baradaky waka esasy sýužete geregi-de ýok. Belki-de, Şasenemiň öz söýgülisine wepalylygy görkezilmek islenilendir?! Ýok, beýle-de däl. Sebäbi Şasenemiň söýgülisine wepalylygy dessanyň ähli tekstinde görnüp dur ahyryn. Dessanyň köp ýerinde Halapşirwan şäheri agzalýar. Ýöne eserde käte Halap ýa-da Şirwan şäherleriniň atlary-da tutulýar. Saapbasyň tabşyrmagy boýunça Taýmaz Ezberhojanyň ýanyna düýekeş bolup baryp, özüni onuň ýurtdaşy-halaply hökmünde tanadýar. Soňra olar Halap şäherine ugraýarlar. Edil sunuň ýaly Garyp hem kä Halaba ýa-da Şirwana, käte Halapşirwana gidýär. Dünýä kartasynda Halapşirwan diýen şäher ýok. Dogry,Siriýada Haleb (Halap) şäheri we Azerbaýjanda Şirwan (XV111 asyrda döwlet bolan.Takmynan,dessanyň-da ýüze çykan döwri) şäheri bar. Mundan başga,Türkiýänyň Diýarbekir welaýatynda Şirwan diýlip atlandyrylýan şäher-de bar.Emma dessanda gürrüň ol şäherler hakynda gidenok. Şu meselede ýene-de bir çaklama bar.Türkmenleriň arasynda dessanyň dürli görnüşi bolup, şolarda Garybyň aýralyk döwründe bolýan ýerleri dürli- dürli görkezilendir. Dessanyň bir görnüşinde Garyp Halapda bolýan bolsa, beýleki görnüşinde onuň Şirwanda bolýan bolmagy mümkin. Soňabaka ol görnüşler birigip, Halap-Şirwan diýen düşünjäni berendir. Muňa dessançy bagşylaryň käbiriniň sowatsyzlygy hem sebäp bolup biler. Emma gynansak-da, bu çaklamalary tassyklaýjak delillerem häzire çenli bize gelip ýetmändir. “Şasenem-Garyp” dessany halky eserleriň biridir. Eseriň halkylygy, birinji nobatda, onuň mazmunyna, baş gahrymanlaryň özüni alyp baryşlaryna, hereketlerine baglydyr. Eseriň baş gahrymanlary – Garyp hem Şasenem halkyň söýgüsine mynasypdyr. Ýurt Garaşsyz bolansoň, “Şasenem-Garyp” dessany hemmetaraplaýyn öwrenilip başlandy. Folklorçy A.Rahmanow dessan bilen baglanyşykly wakalary täzeden toplap, çapa taýýarlady. Dessan 1992-nji ýylda “Magaryf” neşirýatynda çap edildi. Dessanyň bu neşiri “Şasenem-Garypdan” başga, 6 bölümden (“Aýsenem-Garyp”, “Helalaý-Garyp”, “Aýperi”, “Baýsenem- Garyp”, “Handan peri” (“Handan gyz”), “Uz peri” (“Uzuk gyz”) ybarat. Dessanyň bölümleriniň gysgajyk many-mazmuny bilen tanyşdyrýas. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling