Hojamyrat Goçmyradow
“Gorkut ata” eposynda obrazlar ulgamy
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Gorkut ata” eposynda obrazlar ulgamy
“Gorkut ata” eposynyň baş gahrymany Gorkut atadyr. Ol Gara Hojanyň ogly, baýat taýpasyndan. Gorkut ata paýhasly, akyldar, halkyň ýakyn maslahatçysy, keramatly adam. Toý-tomaşalarda gopuzyny çalyp, aýdym aýdyp, adamlara ak pata beripdir. Eposda Gorkut ata oguznama (aýdym) düzýän, ak sakally,öwüt beriji, il hormatyna mynasyp adam hökmünde-de häsiýetlendirilýär. Gorkut atany ýaşuly hökmünde sylaýyşlary, hemme meselede maslahat salyp, öňe tutuşlary türkmen häsiýetine mahsusdyr. Gorkut ata umumy oguz ýaşulusy-gojasy,atasy hem ozanydyr. Sebäbi eposyň süňňünden onuň häsiýeti, oguz durmuşy eriş-argaç bolup geçýär. Ol hemişe ýagşylygy ündeýän,çykgynsyz ýagdaýdan çykalga tapyp bilýän il ýaşlusynyň obrazydyr. Gorkut atanyň sözi oguz ilinde ýörgünli. Onuň sözi ula-da, kiçä-de, erkege-aýala-da, dosta, hatda duşmana-da täsir edýär. Gorkut ata – şahyr, bagşy, aýdan zady bolýan, öňdengörüji keramatly adam. Şunuň bilen birlikde, ol örän pespälli, ýönekeý. Mydama halkyň arasynda.Ýurt agzybirligini saklaýar. Daşoguz-içoguz beglerini ýaraşdyrýar. Halk bähbidini ileri tutýar. Gorkut ata Muhammet pygamberiň döwürdeşi hasaplanylýar. Ol ilkinjileriň biri bolup yslam dinini kabul edýär. Mekge-Medinä gidip, haç parzyny bitirýär. Ol eposyň boýlarynyň hemmesinde wakalara doly gatnaşman,soňunda görünýär. Waka Gorkut atanyň sözi bilen jemlenilýär. 119 Eposa başdanaýak gatnaşýan Gorkut atanyň obrazyndaky häsiýetleri jemläp, şu aşakdaky netijeleri çykarmak bolýar: 1. Gorkut ata – taryhy şahs. Ol oguz türkmenleriniň baýat tiresinden. Gara Hojanyň ogly. Ol Merwde ýaşan hem işlän. Gorkut ata öz döwründe Ynal, Ýaby, Düýeli kaýy, Salyr Gazan ýaly patyşalaryň weziri bolupdyr. Ol 195, käbir maglumata görä hem 295 ýaşaýar. 2. Gorkut ata - akyl-paýhasy bilen tapawutlanýan, aýdan zady bolýan keramatly hem hormatly adam. Halk il-günüň maslahatçysy bolan Gorkut ata ýoly bilen ýöreýär. 3. Ol oguz iliniň serhedini goraýan ýigitlere ak pata berýär. Daşoguz – içoguz begleriniň agzybirligini saklaýar, halk bähbidini ileri tutýar. 4. Gorkut ata - din wekili. Ol ilkinjileriň biri bolup, yslam dinini kabul edýär. 5. Gorkut ata - uçursyz dilewar hem ugurtapyjy. Halk hajatyny bitirýär. Sawçylyga gidýär, oguz iliniň ilçisi bolup Depegözüň ýanyna ugraýar. Gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk görkezen ýetginjege at dakýar. 6. Gorkut ata – pelsepeçi. Onuň wesýetleri halka ruhy lezzet berýär, dogry ýola salýar. Bagşy – ozan hökmünde her boýdaky wakany jemleýär. Eposda esasy gahrymanlaryň biri-de Salyr Gazandyr. Onuň serkerde hökmünde iş tutuşy hem türkmen häsiýetine mahsusdyr. Salyr Gazan batyr, akylly, pähimli, paýhasly serkerde, belent adamkärçilikli, pespäl adam hökmünde öňe çykýar. Şonuň üçinem ol urug-tire arslany, batyr ýigitleriň serkerdesi hasaplanýar. Ol hiç haçan degmedige degmeýär. Gaçany kowmaýar. Iman diläni öldürmeýär. Bu häsiýet “Görogly” eposynda Göroglynyň obrazyny ýadyňa salýar. Eposda Salyr Gazan we onuň ýigitleri Watanyň,il-halkyň ar- namysy üçin aýaga galýar. Eserde Salyr Gazanyň ogly Orazyň hakyky perzentlik borjuny, duýgusyny görmek bolýar. Ene-ata, ar-namys Oraz üçin has hem mukaddes. Munuň özi onuň gahrymançylygynyň hem gaýduwsyzlygynyň baş maksadydygyny aňladýar. Eposda “Salyr Gazanyň öýuniň talanylmagy” boýunda Garaja çopanyň öz hojaýyna wepalylygy, ýagny Salyr Gazanyň malyny bermejek bolup, duşmana gaýtawul berşi, Salyr Gazan duşmanyň üstüne gidende, ony daňyp, galdyryp gitse-de, yzyndan gidişi, “Nahar-çaýyňa seretjek welin senden galjak däl” diýeninde, türkmeniň garadangaýtmaz ýigidi göz öňünde janlanýar. Salyr Gazanyň obrazynda onuň özüne göwnüýetijiligi, öz güýjüne buýsanjy görkezilýär. Ol lebzi bilen tanalýar. “Gorkut ata” eposynda Segregiň obrazy aýratyn üns bererlikdir.Onuň ene- atasyna bolan hormaty ýokary. Ol gadymy ata-babalarymyzyň dessuryna eýerip, ýaşululara, dana gojalara hormat we sarpa goýýar. Eposda beýan edilişi ýaly,ol dogany ukudan turansoň, tanamazlykdan onuň bilen söweşjek bolýar. Ýöne 120 görse, onuň elinde Gorkut atanyň sazy bar. Ine, onsoň Segrek Gorkut atanyň sazynyň hormatyna öz doganyna degmeýär. Eposda Baýbüräniň ogly Bamsynyň (“Baýbüre ogly Bamsy Beýrek’ boýunda) obrazynda hem edepliligiň we adamkärçiligiň iň oňat sypatlaryny görmek bolýar. Ol edebini saklap bilýän adam, onuň obrazynda edepli hereketler köp. Eposda öz asyllylygy, medeniýeti, akyly, edebi bilen tapawutlanýan adamlaryň biri-de Hantörelidir. Ululara hormat goýmak, aýdylan zady wagtynda ýerine ýetirmek,beren sözünde tapylmak Hantöreliniň esasy häsiýetleridir. Hantöreli kakasyndan eşidenini hökman ýerine ýetiräýmeli diýip düşünýär.”Bolmasa meniň üçin namys bolar” diýip aýdýar. Ol pälwansypat, daýaw, güýçli bolsa-da, öwünjeň däl. Hantöreliniň buga (öküz) bilen söweşende hem: “Akyl adamzada berlendir, munuň öňünden sowlaýyn, näme hünärim bolsa, arkasyndan görkezeýin” diýip, pähimli hereket etmegi hem düşünjeliligiň nyşanydyr. Eposda Derse hanyň obrazy-da täsirli berlipdir. “Bugaç han Derse han oglunyň boýuny beýan eder” boýunyň başlanyşy perzentsizlik meselesi bilen baglanyşyklydyr. Baýyndyr han toý edende, perzentsiz bolany üçin Derse han gara öýde oturdylýar we öňüne gara goýnuň ýahnasy goýulýar. Derse han toýdan öýkeläp gaýdýar we aýalynyň ýanyna gelýär. Ol perzensizlik barada söz açmazdan ozal, aýalyna hoşamaý sözler bilen ýüzlenýär: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling