Hojamyrat Goçmyradow
Birinjiden, dessançylygyň birülňülik (standart) däpleri eposlarda saklanmaýar. Ikinjiden
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Birinjiden, dessançylygyň birülňülik (standart) däpleri eposlarda
saklanmaýar. Ikinjiden, dessanlaryň gahrymanlary taýyn görnüsde esere girýän bolsa, eposlarda wakanyň ösüşinde kem-kemden kämilleşýär. Üçünjiden, eposlaryň gahrymanlarynyň çagalyk,ýetginjeklik, kämillik ýyllary hakykata laýyk görkezilýär, ösüşleri beýan edilýär. Dördünjiden , dessanlaryň dili, stili köplenç galyplaşdyrylan.Emma eposlaryň dili, stili erkana hem halkyň janly gepleşik dilidir. Bäşinjiden, eposlar möçber taýyndan dessanlardan uludyr,Eposlarda birnäçe şaha bar.Olaryň her şahasy bir dessanyň wakasyna barabar sýužeti özünde jemleýär. 102 Halk döredijiligi boýunça bu okuw kitabynda “Oguznama”,”Gorkut ata”,”Görogly” eposlary öwrenilýär. “Oguznama” eposy we onuň öwrenilişi Türkmen edebiýatynyň taryhynda türkmen halky dünýä edebiýatynyň žanr hem-de obrazlar tarapyndan baýlaşmagyna önleýji goşant goşdy. Gadymy kyssa eseri bolan “Oguznama” eposy munuň aýdyň mysalydyr. Iň gadymy eýýamda hem goja paýhasy bolup ula hormat goýmak, kiçini sylamak, ogul-gyza görelde bolmak, lebzi halallyk ündelipdir. Şol döwürde goja paýhasy Oguz hana, Gorkut ata ruhy çeşme bolan eserler bolupdyr. Oguz hanyň dünýä gelmegi we onuň dagynyk tire-taýpalary birleşdirip, oguz döwletini esaslandyrmagy bilen baglanyşykly rowaýatlar, legendalar türkmen halkynyň arasynda dil we ýazuw üsti bilen giňden ýaýrapdyr. Türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han özüniň gahrymançylykly ýörişleri, berkarar döwlet gurşy, ony adalatly dolandyryşy hakda nesillere ýadygärlik galdyrmagy göz öňünde tutup, bir ajaýyp kitap ýazmagy tabşyrypdyr. Nesiller ol kitaby “oguznamalar” diýip atlandyrypdyr. Oguz hanyň şöhratly taryhy ýoly bilen dünýäde örän köp taryhçylar, şahsyýetler gyzyklanypdyr.Oguz han barada onuň döwürdeşleri, ondan soňky taryhçylar köp ýazypdyr we nesillerine galdyrypdyr. Wagtyň geçmegi bilen oguznama žanry öz gerimini giňeldipdir, ol indi diňe bir Oguz hanyň döreýşi, taryhy söweşleri,nesilleri baradaky legendalar däl,eýsem Oguz handan soňra dörän oguz türkmenleriniň ýaşaýyşlaryny, durmuşlaryny, olaryň han- beglerini,parasat-pähimlerini hem suratlandyrypdyr. Şeýlelikde, ençeme “oguznamalar” döräpdir. “Oguznamalar” dürli döwürlerde, dürli awtorlar tarapyndan ýazylypdyr. Şeýle “Oguznamalaryň” biri-de XIII asyr eýran taryhçysy Fazlalla Reşideddiniň birnäçe tomdan ybarat bolan “Jamy at - tawaryh” (‘Senenamalar ýygyndysy”) eseridir. Ýygyndy 1300-1310-njy ýyllarda pars dilinde ýazylýar. Kitap taryhlaryň ýygyndysy hasaplanylýar.Ol parsçadan birnäçe dile, şol sanda türki diline-de terjime edilýär. Fazlalla Reşideddiniň bu köp tomluk eseriniň aglabasy musulman döwletleriniň mongollar tarapyndan basylyp alnyşyna çenli döwri suratlandyrýar. Ýygyndynyň içinde “Jamy-at-tawaruh” diýen kitap Oguz hana bagyşlanýar. Fazlalla Reşideddin bu kitabynda Oguz hanyň türkmen bolandygyny, onuň alty ogluny we ýigrimi dört agtygyny belläp geçýär. XV1 asyrda nusaýly taryhçy Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydary hem özüniň “Oguznama” eserini taýýarlaýar. Ol Fazlalla Reşideddiniň “Jamy at- tawaruh” eserini gadymy türkmen diline-şol döwrüň türki diline terjime edýär. Salar Babanyň terjimelerinden “Oguzyň we onuň nesliniň taryhy”,”Türk 103 padeşahlarynyň we soltanlarynyň zikri” bölümleri rowaýat bilen baglanyşdyrylyp berlen halk döredijiligi eserlerdigi bilenem gyzykly çykypdyr. Salar Babanyň “Oguznamasy”özbaşdak eserdir. Ony terjime edilen eser hasaplamak bolmaz. “Oguznamany” alym Zylyha Muhammedowa rus diline terjime edýär we ol eser1990-njy ýylda Moskwada çapdan çykýar. “Oguznamanyň” üç sany nusgasy bolup, olaryň üçüsem bir kitapda ýerleşýär. Aşgabatda saklanýan nusgasy iň ygtybarly nusgalaryň biri. Kitapda Oguz hanyň şöhratly ýoly älem etraplaryna ilçileri iberip, ähli halklary özüniň ruhy dünýäsine salmak isleýşi,il-günüň asudalygy we agzybirligi ugrundaky yhlasy, ýörüşleri beýan edilýär “Oguznamanyň” ikinji nusgasy Parižde saklanylýan nusga bolup, ol “Oguznamanyň”gysgaldylan görnüşidir. Üçünjisi Kazan şäherinde saklanylýan nusga, şol nusga esasynda hem “Oguznama”çapa taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan şol nusgalar ýygnalyp, Aşgabatda 2001-nji ýylda “Oguznama” ady bilen neşir edildi. Oguz han we onuň döwri, nesli, ondan soňky türkmenleriň taryhy ýoly baradaky kitaplaryň ýene biri “Şejere-i terakime” (“Türkmenleriň nesil daragty”) eseridir. Bu eseri XVIII asyrda Hywa hany Abulgazy Bahadur han ýazypdyr. Şol döwürde biri-birine çapraz gelýän “Oguznamalar” köp bolupdyr. Türkmen mollalary, şyhlary dürs, ygtybarly taryhy beýan edýän “Oguznamany” ýazyp bermegini Abulgazy Bahadur handan haýyş edýär. Hywa hany haýyşy berjaý etmek üçin özünden öňki taryhçylaryň, esasan-da Fazlalla Reşideddiniň (XIIIasyr)”Jamy at-tawaryh (“Senenamalar ýygyndysy”) kitabynyň “Oguz han we onuň nesliniň taryhy” we “Türk soltanlarynyň we padeşahlarynyň zikri” böleklerini peýdalanypdyr. “Şejere-i terakime” Oguz we onuň nesli baradaky rowaýatlary öz içine alýar. Abulgazy Bahadur hanyň nygtamagyna görä, kitaby okajagyň türki halklardygyny nazara alyp, eseri türki dilde ýazypdyr. Kitapda türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar hakynda söz açylýar. Türkmeniň aslynyň Nuh pygamberden gaýdýandygy bellenilýär. Nuh pygamber uly ogly Ýafese Türküstan yklymyny ýer-ýurt edip berýär. Ýafesiň ogly bolýar. Onuň adyna Dib Ýawgu han goýarlar. Ol atasynyň ýerine patyşa bellenilýär. Dib Ýawgu hanyň Garahan, Orhan, Gurhan,Güzhan diýen ogullary bolýar. Garahan kakasyndan soňra tagta geçýär. Onuň hem ogly bolýar. Eserde oňa Oguz adynyň dakylyşy barada gürrüň berilýär. Kitapda Oguz han, onuň döwri, basyp alan ýerleri barada maglumat bar. Kitapda Gara Hojanyň ogly Gorkut ata barada-da maglumat aýdylýar. Onuň üç patyşanyň weziri bolandygy bellenilýär. Kitap 1992-nji ýylda Aşgabatda neşir edilýär. 104 Abulgazy Bahadur hanyň “Şejere-i terakime” eseri beýleki taryhy kitaplar bilen birlikde, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Bu kitap alymlaryň birnäçesi tarapyndan öwrenildi. Gündogary öwreniji alym W.W.Bartold türkmenler hakynda ýazylan şeýle taryhy eseriň beýleki türki halklaryň hiç birinde-de ýokdugyny nygtady. X1X asyrdan başlap “Oguznama” Ýewropa hem türki dilli ýurtlaryň alymlaryny gyzyklandyrýar. 1815-nji ýylda nemes diline terjime edilen “Oguznama”Parižiň milli kitaphanasyndan tapyldy. Bu “Oguznamany” akademik W.Radlow, doktor Ryza Nuru (“Oguznama”, türki epopeýa. – Aleksandriýe, 1931g.) teswirleýär. “Oguznama” 1987-nji ýylda Azerbaýjanda rus dilinde neşir edilýär. “Oguznamalar”geçmiş hakyndaky kitaplardyr. Emma şol kitaplarda Oguz hanyň we onuň nebereleriniň işleri taryhy we çeper eserlere irki döwürden başlap aralaşypdyr. XV11-XV111 asyrlarda Oguz han we gadymy oguzlar hakyndaky sýužete ýüzlenilip başlanýar. XV111 asyr şahyrlary Şeýdaýynyň, Magrupynyň döredijiliginde-de “Oguznama” sýüžetine ýa-da onuň käbir wakalaryna gabat gelmek bolýar. Andalybyň “Oguznamasynda” Oguz han edebi obrazyň derejesine ýetirilýär. Adyl şa hakdaky arzuw onuň obrazynda jemlenilýär. Oguznamaçylyk sýužeti şygyr bilen ilkinji gezek işlenilýär. “Oguznama” sýüžeti pars dilindäki (Nişapury, Rawendi, Lary, Hondemir ýaly taryhçylaryň) işlerinde gabat gelýär. Bu sýüžet X1V-XV1 asyrlardan başlap türki dillerde (özbek, türkmen) işlenilýär. Dana Ata Abulhanyň ( XV asyryň ikinji, XV1 asyryň birinji ýarymynda ýaşan öwlat) “Oguznamasyny” A. N. Samoýlowiç tapyp, onuň käbir böleklerini 1927-nji ýylda neşir etdirýär. A.N.Samoýlowiçiň tapan bu eseriniň golýazmasy Sankt-Peterburgda saklanylýar. Türkmen alymy A.Bekmyradow “Andalyp we oguznamaçylyk däbi” (Aşgabat,1987ý.) kitabynda “Oguznama” barada gürrüň berip, onuň ähmiýetini belleýär. Ol türkmenleriň medeni durmuşynda uly rol oýnan bu eser bilen halkyň sowatly wekilleriniň asyrlaryň dowamynda gyzyklanyp gelendigini nygtaýar. “Oguznamalar” türkmen taryhynyň iň gadymy eserleridir. Geçmişimiziň beýany bolan bu eserleri ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda döredipdir. Taryhy maglumata baý bolan bu eserler türkmen halkynyň şöhratly ýollaryny öwrenmekde, taryhy belentligini dikeltmekde uly ähmiýete eýedir. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling