Hojamyrat Goçmyradow
“Oguznama”eposynda Oguz hanyň obrazy
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Oguznama”eposynda Oguz hanyň obrazy
Halkymyzyň Oguz handan gaýdýan taryhy ýoly uly şöhratlardan doly. “Oguznama” eposynda Oguz han hakdaky dürli maglumatlar, teswirlemeler öz beýanyny tapýar. Ol öz döwründe türkmeniň adyny arşa göterip bilen taryhy 105 şahsdyr. Oguz han öz eýýamyny Altyn eýýama öwrüp, yurt, sebit derejesinde däl-de, dünýä derejesinde pikirlenip,dünýäniň döwletlerini, halklaryny öz derejesine göterip, öz ýoluny, öz dinini- ýörelgesini döreden beýik şahsdyr. Oguz hanyň guran döwletleriniň şan-şöhraty äleme ýaň salypdyr. Onuň döwleti edara edişi, bu ýolda adalatlylygy saklaýşy, her bir meseläni pähim- parasat bilen çözüşi, goňşulary bilen umumy dil tapyp, döwleti parahatçylykda saklaýşy Oguz hanyň Allanyň nazar salan adamsydygyna şaýatlyk edýär. Ol öz halkynyň milli buýsanjyna, milli beýikligine üns beripdir. Oguz hanyň milli dil, ene toprak, ata Watan, maşgala terbiýesi babatda aýdan pähimleri häzirki günlerde-de halkymyza görelde we nusga mekdebi bolup hyzmat edýär. Oguz hanyň 24 agtygyndan 24 taýpa emele gelýär, şolaryň her biri aýratyn at we lakam alýar. Dünýäde ýaşaýan ähli türkmenler Oguz hanyň şol ýigrimi dört şahasyndan gelip çykypdyr. Oguz han halkyň milli pygamberi hasaplanýar we täze milli ynanjy döredýär. Oguz hanyň dini göktaňrylyk bolup, Hudaýy – Gök, ýagny asman Taňrysydyr. Ol täze ynanç, dünýägarayş esasynda jemgyýeti özgerdýär. Täze jemgyýetçilik ahlagyny döredýär. Oguz han döwleti gurup, ony gowşatmazlygyň aladasyny edýär. Ýurdy adalatly dolandyrmak üçin çylşyrymly meseläni çözmeli bolýar. Ol şeýle ýagdaýda gara güýjüne daýanman, akyl-paýhasa daýanyp, adamlary hoş söz bilen ýola salýar. Oguz han raýatlarynyň haýyşyny bitirýär, haýyr bilen şeriň ahyryna garap, maksadyna ýetýär. Halkyň ýüzüne dogry garap, islendik meseläni adalatly çözýär. Adyllyk ýoly ýorelge edinip, hiç kime kast etmändir. Ol “Öz raýatyna zulum eden, öz gabryny özi gazar” diýen pähime eýerýär.Şeýlelikde, bütin halkyny öz derejesine çenli ýokary göterýär. Oguz han taryhy gürrüňleri gowy görüpdir. Ol pygamberleriň, patyşalaryň, emirleriň,olaryň öwlatlarynyň ata-babalarynyň taryhy bilen gyzyklanýar. Geçmişi öwrenen şahsyýet dogry pikiri beýan etmegi-de başarýar. Umuman, “Oguznama” eposyndan mälim bolşy ýaly, Oguz han pähim- parasada ýugrulan adam bolupdyr. Ol ähli meseläni paýhas eleginden geçirip çözýar. “Oguznamada” Oguz hanyň öz halky üçin alyp baran ýeňişli işleri,nesline miras galdyran pendi-nesihatlary, wesýetleri şygyrlara siňip, edebi däbe öwrülipdir. Oguz hanyň döwlet ähmiýetli bitiren işleri, pähim-paýhasa ýugrulan dana oý-pikirleri soňky nesilleriň edebiýatyna siňipdir we türkmeniň geçmiş edebiýatynda oguznamaçylyk däbi rowaçlanyp, ýüzýyllyklardan ýüzýyllyklara gadam basypdyr. Oguznamaçylyk däbinde, ilkinji nobatda, türkmeniň watansöýüjiligi öňe çykarylypdyr. Türkmeniň watansöýüjilik häsiýeti hem Oguz handan galan milli häsiýetimizdir. Ol kowumlaryna öz dogduk ata Watanyny gözüň göreji deýin 106 goramagy, onuň mukaddesdigini düşündirip,ol mukaddeslige hiç bir babatda şek ýetirmeli däldigini wesýet edýär.Ata Watana söýgüsini beýan edýän tymsallar hem Oguz hanyň örän parasatly bolandygyna güwä geçýän hakykatdyr. Tymsaldan mälim bolşuna görä,Oguz han duşmanlaryndan üstün çykyp, han bolup,ilini daşyna jemläp, ýaşap başlaýar. Emma gapdalyndaky köp hudaýly kapyr şa Oguz hanyň dinini üýtgedeninden gorkup, urşup, birhudaýlylygy ýok etjek bolýar. Oguz han: “Sabyr düýbi sap altyn”diýip, öz ýigitlerine sabyrly bolmagy wesýet edýär. Duşman ilçi ugradyp, ýurdyň saýlama atyny bermegi sorapdyr. Oguz hanyň serkerdeleri: -Duşman yrsaraýar, urşalyň, emma saýlama bedewi bermäliň. At biziň garyndaşymyzdyr – diýşipdirler. Emma Oguz han: -Zeleliň kiçisi barka, ulysyna ýapyşmaň! Bardy-geldi duşmandan asgyn düşsek, ähli atlar duşmanyňky bolar! Berip göýberiň bir aty-diýipdir. Saýlama aty alyp giden ilçi has şum habar bilen dolanyp gelýär. Bu gezek duşman ýurduň iň saýlama gözelini soraýar. Serkerdeler ýene uruşmagy teklip edýärler. Emma Oguz han: -Uruş bolsa, men-men diýen ýigitler söweşde öler, bardy-geldi duşmandan ýeňläýsek, gelin-gyzlar duşmana ýesir bolar. Zyýanyň kiçisi barka, ulusyna ýapyşmaň – diýipdir. Saýlama oguz gözelini alyp giden ilçi has şum habar bilen gelýär.Ol ýer soraýar. Urşuň gutulgysyzdygyna düşünip, şunça wagtlap ýurdy urşa taýýarlap ýetişen Oguz han; -Ser bereris, ýer bermeris! – diýipdir. Urşupdyr, päli azan duşmany kül-peýekun hem edipdir. Tymsaldan görnüşi ýaly,Oguz han pähim-paýhasy, parasatlylygy, galyberse-de, ugurtapyjylygy bilen tapawutlanyp ata Watany duşmandan goramagy başarypdyr. Oguz han halkymyzyň milli däp-dessuryny, ata- baba ýol-ýörelgelerini, agzybirligini, ruhubelentligini, sadalygyny, geçirimliligini, ynsanperwerligini we beýleki ajaýyp sypatlarymyzy gorap saklamalydygyny wesýet edýär. Türkmeniň şol ajaýyp sypatlary Oguz han, onuň bagtyýar nesilleri tarapyndan goralyp gelnipdir we biziň şu günlerimize ýetirilipdir. Türkmen ýer ýüzünde Oguz hanyň galdyryp giden ýol-ýörelgeleri bilen tanalypdyr. Halallyk, halal zähmet bilen gün- güzeran görmek türkmen halkyny beýgeldýär. Halklar Oguz hanyň kowmuny halal kowumlar hökmünde tanaýar. Onuň halal zähmet hakdaky wesýeti nesilleriň ýaşaýşynyň baş şygaryna öwrülýär. Haramlyk Oguz han döwründen başlap nusgawy şahyrlarymyz tarapyndan we häzirki Beýik Galkynyş eýýamynda hem berk ýazgarylýar. Oguz hanyň halal zähmet we topragy söýmek baradaky aýdan gymmatly sözleriniň käbirini mysal getireliň: Ýer üstünde jepa çeken (zähmet çeken) goýnunda rahat 107 ýatar; Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr; Zer alma, ýer al; Suw atadyr, ýer-ene we ş.m. Ene dili goramak, söýmek we oňa buýsanmak türkmeniň Oguz handan gelýän taryhy-milli däbidir. Oguz hanyň dil hakdaky aýdan dana sözleri çeper edebiýata degişli bolsa, “Oguznamadaky”çeper beýan etme adam häsiýetini aňladýar.Iň gadymy teoriýalarda-da dile, söze, häsiýete Oguz hanyňky ýaly şeýle giňişleýin çemeleşilen ýeri ýokdur. Oguz hanyň dil barada aýdan parasatly sözleriniň käbirini mysal hökmünde getireliň: Ýürekde näme bolsa, dil şony diýer; Dil bolmasa, il bolmaz; Dil baýlygy – il baýlygy, Söz ýürekden çyksa, güýçli; Adamyň akyllysy dil öwrener; Köp dil bilen,köp biler; Dilim bar, dünýäm bar we ş.m. Oguzlaryň dünýä beren gymmatlygy Oguz hanyň öz düzen elipbiýidir. Emma gynansak-da, ol elipbiýi bize gelip ýetmändir. Bu barada XV111 asyr şahyry Şeýdaýy şeýle maglumat berýär: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling