Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet59/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Ertekiler 
Türkmen halk döredijiliginiň kyssa toparynyň iň köp ýaýran žanrlarynyň 
biri ertekilerdir. Kyssa toparynyň täji bolan ertekiler täsin wakalara baý we çuň 
mazmunly bolýarlar. 
Ertekiler türkmen halkynyň müň ýyllyklaryň dowamynda döreden baý 
edebi mirasydyr. Olar söz sungatynyň örän köp hem sagdyn nusgalaryny 
özünde jemleýär. 
Ertekiler tema hem mazmun baýlygy, çeperçilik kämilligi, kalba 
ýakynlygy, wakany beýan etmekdäki özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. 
Kyssa toparynyň bu žanrynda halkyň geljege bolan ynanjy, isleg–arzuwy 
gadym wagtda bolup geçen waka hökmünde şöhlelendirilýär. Şunyň bilen 
birlikde, ertekilerde halkymyza mahsus bolan watansöýüjilik, ynsanperwerlik, 
myhmanparazlyk, il-güne wepalylyk, halallyk, geçirimlilik, ruhubelentlik ýaly 
häsiýetler jemlenýär. 
Türkmen halk ertekileri özleriniň gözbaşyny geçmiş taryhymyzyň has irki 
döwürlerinden alyp gaýdýar. Olaryň gadymy nusgalarynda irki döwürdäki 
adamlaryň hyýaly oý-pikirleri, dünýägaraýyşlary suratlandyrylýar. Ilkidurmuş 
däp-dessury bilenem tanyşmak bolýar.”Akpamyk” ertekisinde çakmakdan ot 
almak, üme geçirmek,gyzyň bolsa gapyňdan gurjak, ogluň bolsa ok-ýaý asmak 


78 
ýaly irki döwrüň däpleri görkezilýär. Şeýlelikde, ertekileriň halk taryhyny, gün-
güzeranyny, dil baýlygyny, psihologiýasyny, umyt-arzuwlaryny öwrenmekde 
ähmiýeti uly. 
Ertekilerde şu aşakdakylar ýaly umumylyklar bar: 
1. 
Ertekileriň hemmesi diýen ýaly:”Bir bar eken, bir ýok eken…” 
diýen birmeňzeş sözler bilen başlanýar. Olarda “Az ýöräp, köp 
ýöräp,pylan ýere ýetdi…’diýlen ýaly birmeňzeş jümleler-de ulanylýar. 
2.Ertekilerde döw köplenç:”Adam, adam ysy bar” diýýär.Adamy görende 
bolsa:”Bu ýere gulan gelse, toýnakdan bolýar, guş gelse ganatdan. Sen neneň 
geldiň” diýip gorkuzýar.Adam döwe salam berende, döw oňa: “Munça salam 
bermedik bolsaň,iki üzüp bir ýalmardym” diýip herrelýär.Soňra döw:”Atyş 
gerekmi, tutuş” diýýär. Adam:”Atyş ataň başyna,tutuş gerek” diýýär. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling