Kiçisi ulalmaz,
Ulusy kiçelmez.
(Daş).
Bu matallarda halkyň maddy we ruhy ýaşaýşynyň dürli tarapy
görkezilýär.
Matallar halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň biri:
Garry mama sanajyny kakýar.
(Gögüň gürlemegi).
Bu matal has irki döwürde, gadymy düşünjä uýlup döredilipdir.Yslam
dininden ozal, otparazlyk döwründe asmana, ýere, oda ýalňyz hossar hökmün de
garalypdyr.Ýagny, garry mama – hudaý ýerde bolýan ýaramaz hadysalara,
agzalalyklara gaharlanyp sanajyny (palasyny) kakýar diýlen düşünjä eýerilipdir.
Matallaryň birnäçesi döwrüň üýtgemegi bilen ýitip gidipdir. Zamana
laýyklykda ykdysady, ýaşaýyş şertlere uýgunlaşan täze matallar döräpdir:
“Boldy-gitdi gümmürdi, uly ile habar berdi”(radio),”Jany aýakda, köňli elde,
kuwwaty howada”. (welosiped).
Emma döwrüň täsir edip bilmeýän, durnukly matallaram bar. Olar esasan
ynsanyň beden agzalary, tebigy hadysalardyr:
“Gel diýsem gelmez, gelme diýsem geler”(dodak),”Kyrk gysyrak bir
çeşmeden suw içer” (kirpik),”Mundan urdum gylyjy, arapda şaňlar
ujy”(ýyldyrym),” “Agyl doly akja guzy, ertir tursam ýokja guzy”(ýyldyz),”
‘Oýup aldym, ýeri ýok”(suw).Bu matallar synlamak arkaly döredilipdir.
Alym G.Gurbanow matallary şu aşakdaky ýaly görnüşlere bölüpdir:
1. Predmet matallary (ýa-da obýekt hakyndaky matallar). Olar
matallaryň gadymy hem giň ýaýran görnüşidir.Predmet mataly halkyň
zähmet tejribesi bilen tanyşdyrýar.Eger ol esasy bir obýekti
alsa,ýönekeý matala degişli bolýar:
Uly agzy bikär,
Kiçi agzy hyzmatkär,
Egrisi el oýkar
(Kündük).
Eger matal köp obýekti öz içine alsa, çylşyrymly matal hasaplanylýar:
Atasy aýry gara,
Enesi ýumry gara,
Gyzy gyzyl injik,
70
Do'stlaringiz bilan baham: |