Iki ýüpüň ujy dört,
Iki guşuň gözi gört,
Goýun ogly işşek,
68
Şuny bilmedik eşşek.
Emma şunuň ýaly ýönekeý, gönümel düzülen matallaram birbada
pikirlendirýär.
Matallar esasan zadyň (predmetiň) daş görnüşine hem-de ýerine ýetirýän
hyzmatyna baglylykda düzülýär:
Aňyrsy tiken,bärsi tiken,ortasy tiken.
(Ýüň darak).
ýa-da
Garaňky içerde bili bagly gul ýatyr.
(Sübse).
Bu matallar zadyň (predmetiň) daş görnüşine görä düzülendir.
Oýan geçer gyr atym,
Bu ýan geçer gyr atym,
Aýagynda gyl tanap,
Süýräp geçer gyr atym.
(Ikbaş)
Görnüşi ýaly,bu matalda zadyň (predmetiň) ýerine ýetirýän hyzmaty
görkezilýär.
Matallaryň temasy giň. Olaryň köpüsi daýhan durmuşy hakyndadyr.
Türkmen öýi, esbaplary (uk, tärim, tüýnük, gamyş bagy) hakynda düzülenleri-
de az däl:
Uzyn-uzyn uzanar,
Her wagtda bir bezener.
(Tärim)
Tagan, ýanlyk, tamdyr, çyra, ýorgan-düşek hakynda düzülen matallar:
Altyn-kümüş başynda,
Hyrydary daşynda.
(Çyra)
Ekerançylyk hem
maldarçylyk bilen baglanyşykly
matallaram
döredilipdir. Sebäbi geçmişde adamlaryň kesp-käri esasan ekerançylyk hem
maldarçylyk bolupdyr:
Ýere urdum paltany,
Agzy gyzyl haltany,
Ýerden bir oglan çykdy,
Uly iliň soltany.
(Bugdaý)
Tagam bildirýän matallar:
Düwdüm, guýa taşladym.
(Börek).
Tebigat, predmet, hadysalar hakyndaky matallar:
69
Daşy gan ýaly,
Içi un ýaly,
Oturşy Abdylla han ýaly.
(Igde).
ýa-da
Do'stlaringiz bilan baham: |