Mekdebiň usuly maslahatynda seredildi
Download 0.54 Mb. Pdf ko'rish
|
Eminowa G~Onkologiýa-2019`TDLU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ýumurtgalygyň çişleri
Diagnostikasy: keseliň irki derejelerini anyklamak öňüni
alyş gözegçiliklerinde sitologiýa barlaglaryny geçirmek arkaly amala aşyrylýar. Aýallar barlagdan geçrilende, jyns ýollarynyň patologik çykyndylary sitologiýa barlagyndan geçirilmelidir. Bejerilişi: Ýatgynyň boýunjygynyň ragy keseliniň bejerilişi örän çylşyrymly we köp görnüşlidir. Inwaziw rakda Ýatgynyň jynshananyň ýokarky üçden biri bilen ekstirpasiýasy we ýatgynyň giňeldilen ekstirpasiýasy. Bu operasiýalar keseliň ýaýraýyş derejesine görä ulanylýar. Şöhle bilen bejermeklik özbaşdak bejeriş usuly görnüşinde ýa-da hirurgiýa bejerilişi bilen kombinirlemek usuly görnüşinde ulanylyp bilner. Bejerşiň netijelerini oňatlaşdyrmak keseliň gaýtalanmalarynyň öňüni almak we metostazlaryň bolmazlygy üçin operasiýadan öň ýa-da soň distansiongamma terpiýa ulanylýar. Ýatgynyň boýunjygynyň ragy bejerilen dürli usullaryň bejerilişiniň dürli netijeleri berýänligi şol bir wagtyň özünde dürli awtorlaryň şol bir usuly ulanyp dürli netijeleri alýanlygy bellidir. Emma bu ragyň bejerilişiniň netijeleri esasan kesliň ýaýraýyş derejesine baglydyr. Mysal üçin, I derejeli rakda 5 ýyldan köp näsaglar 95% ýaşaýar, II derejede bu san 90% we II IÝ derejede bolsa 50% barabardyr. Häzirki döwürde Ýatgynyň 46 boýunjygynyň ragynyň bejeriş usullarynyň netijesini kanagatlanarly hasap etmek bolar. Ýumurtgalygyň çişleri Ýumurtgalygyň çişleri morfologiki gurluşy boýunça köpdürliligi bilen tapawutlanýarlar. Bu çişler patogenezi boýunça aýal önelge agzalarynyň gormonal çişleriniň zynjyrynyň ortaky halkasyna degişlidir. Bu halka ýatgydan başlanýar, ýumurtgalykda dowam edýär we göwüs bilen gutarýar. Ýumurtgalygyň çişleriniň patogenezi doly kesgitlenmedik emma bu çişleriň döremeginde esasy rol giperestogeniýa, ganodotropinleriň köpelmeginiň we gipofiziň ýerine ýetirýän işleriniň bozulmagynyň oýanýanlygy anyklandy. Ýumurtgalygyň çişlerini döremegine ýardan edýän faktorlar 3 bölege bölünýär. Olaryň 1-njisi Ýumurtgalygyň ýerine ýetirýän işleriniň bozulmagy, aýbaşynyň näsazlygy, menopauzda ýatgydan gan gelmegi, jyns gatnaşyklarynda bolmadyk, bolaýandada çaga dogrumdaky aýallar ýylda 2 gezek gözegçilikden geçirilmelidir. 2-njisi bolsa menopauzadan soňky gan akmalar we 3-nji topara bolsa alamatlary bolmadyk fibromiomalaryň, ýatgynyň, turbalaryň sowuklamalary degişlidir. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling