Molekulýar fizikany we termodinamikanyň taryhyna degişli gysgaça maglumatlar


Download 177.4 Kb.
bet6/8
Sana17.06.2023
Hajmi177.4 Kb.
#1540619
1   2   3   4   5   6   7   8
Bog'liq
mol

Basyşyñ ölçenilişi. Basyşy ölçeýän gurallara manometrler diýilýär. Häzirki wagtda tejribe derñew işlerinde -den çenli basyşlary ölçemek işleri geçirilýär. Başgaça aýdanyňda

bu ýerde - ýokary basyş, -pes basyş.
Hiç bir gural şeýle çäklerdäki basyşlary ölçäp bilýän däldir. Şonuň üçin hem dürli aralykdaky (diapazondaky) basyşlary ölçemek üçin dürli gurallar ulanylýandyr.
Manometler 2 kategoriýa bölünýärler. 1-nji kategoriýadaky manometrler basyşy meýdan birligine düşýän güýç hökümünde ( ) gös-göni ölçeýän gurallardyr. Muña birinji hilli manometrler diýip at berilýär. 2-nji kategoriýadaky manometrler basyşy gönüden-göni ölçemän, eýsem olar basyşyñ üýtgemegi bilen bagly bolan käbir fiziki ululyklaryñ üýtgeýşine esaslanandyr. Şeýle manometrlere bolsa ikinji hilli manometrler diýilýär. Mysal üçin, basyşyñ üýtgemegi bilen metallaryñ garşylygynyñ üýtgemegi.
Biz basyşy ölçeýän gurallaryñ işleýşi we ölçemekligiñ usullarynyñ üstünde
dump geçmekçi däldiris. Bu işler fiziki tejribelikde ýerine ýetirilmelidir. Dine
basyşy ölçemekligiñ dürli diapozonlary barada gysgaça maglumatlar bilen
tanyşalyñ.
Atmosfera basyşyny ölçeýän manometrlere barometrler diýilýär. Şeýle hem atmosfera basyşy içi suwuklykly U görnüşdäki turbaly manometrler bilen hem ölçenilýär.
Pes basyşlary (100 Pa-dan, ýagny 1 mm. sim. süt. kiçi basyşlary) ölçemek üçin ulanylýan gurallara wakummetrler diýilip at berilýär (Mak-Leodyñ manometry, termoelektrik we ionizasion manometrler).
Ýokary basyşlary (100-lerçe atmosfera basyşyny) ölçemek üçin porşenli manometrler ulanylýar. (Burdonanyñ manometri) . basyşlara aşa ýokary basyşlar diýip at berilýär.
Basyşyñ ölçelişine, geljekde wakuum tehnikasynyň elementleri barada gürrüñ edenimizde ýene-de dolanyp geleris.
Umumy fizikanyñ molekulýar fizika bölüminde IS ulgamy bilen birlikde, häzirki güne çenli gabat gelýän, SGS we ulgamdan daşary birlikler hem ulanylýarlar. Şol sebäpli olary ýatlap geçmek peýdaly bolardy.
SGS ulgamynda basyşyñ birligi deregine ulanylýar, ol
deñdir. Häzirki wagtda hem atmosfera basyşy fiziki atmosferalarda ölçenilýär - . Ol beýikligi 760 mm. simap ýa-da beýikligi 10,33 m. suw sütüniniñ edýän basyşyna deñdir.
Tehnikada basyşyñ ulgamdan daşary ölçeg birlikleriniñ birnäçesi ulanylýar, olar
1 bar = 105 N/m2 =105 Pa
1 bar -dan 2% tapawutlanýan tehniki atmosfera, ol
1 at = 1 kG/sm2 =
ölçenilýär (bu ýerde kgg -kilogram güýç diýip okalýar).
1 at = = 98066,5 Pa 0,98 bar
Pes basyşlarda bolsa tor diýlen ölçeg birligi ulanylýar.
1 tor = l mm. sim. süt.= 133,322 N/m2.


Download 177.4 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling