Molekulýar fizikany we termodinamikanyň taryhyna degişli gysgaça maglumatlar


III. Ideal gaz halynyň deňlemesi we


Download 177.4 Kb.
bet7/8
Sana17.06.2023
Hajmi177.4 Kb.
#1540619
1   2   3   4   5   6   7   8
Bog'liq
mol

III. Ideal gaz halynyň deňlemesi we Mendeleýewiñ-Klapeýronyñ deñlemesi we ondan gelip çykýan netijeler.
Gazlaryñ molekulýar-kinetik nazarýetiniñ esasy deñlemesini (Klauziusyñ deñlemesini) Bolsmanyñ deñlemesi (awstriýa fizigi) bilen birleşdirip, Klauziusyñ-Bolsmanyñ birleşdirilen deñlemesini alarys:
(3)
Bu ýerde: k - Bolsmanyñ hemişeligi; T - absolýut temperatura, n – bölejikleriñ sanyny gönüden-göni hasaplamak kyndyr. Şonuñ üçin hem praktikada mol düşünjesinden peýdalanmak amatlydyr, ýagny öñden bilşimiz ýaly
(4)
(4) deñligi (5) deñlikde ornuna goýup, Mendeleýewiñ-Klapeýronyñ deñlemesini islendik m massaly gaz üçin alarys, ýagny
(5)
Bu ýerde R = k NA = 8,31 - gazyñ molýar hemişeligi.
Bir mol ideal gaz üçin Mendeleýewiñ-Klapeýronyñ deñlemesi:
. (51)
Şeýlelikde, gazlaryñ molekulýar-kinetik nazarýetinden Mendeleýewiñ-Klapeýronyñ deñlemesini getirip çykaryp bolýan eken.
Şeýle hem bu deñlemeden başga birnäçe ideal gaz kanunlaryny almak mümkin, ýagny:
1) m = const, T = const bolan ýagdaýynda (5) deñleme
pV = const (6)
görnüşe eýe bolýar.
Bu bolsa, Boýluñ-Mariottyñ (Boýl - iñlis alymy 1669 ýylda, Mariott -fransuz alymy 1676-njy ýylda biri-birine baglanyşyksyzlykda) açylan kanundyr. Ýagny, belli mukdarda alynan m massaly gaz üçin hemişelik T temperaturada gazyñ basyşynyñ onuñ göwrümine köpeltmek hasyly hemişelik ululykdyr.
Gazyň iki haly üçin (6) deñligi şeýle ýazyp bolar

(6) deñligiñ giperbolanyñ deñlemesidigi düşniklidir. Dürli temperaturalarda basyşyñ göwrüme baglanşygynyñ grafigini 2-nji suratdaky ýaly şekillendirmek bolar. Bu ýerde T12< T3<... Boýluñ-Mariottyñ kanuny hemişelik temperatura degişli bolany üçin, grafigine izoterma diýilýär (izo - hemişelik, termo - gyzgynlyk (ýylylyk)).



2-nji surat. Izoterma
2) m = const, P = const bolan ýagdaýynda (5) deñleme
= const (7)
görnüşi alar.
Bu formula fransuz alymy Geý-Lýussagyñ kanunydyr. Bu kanuny 1802-nji ýylda tejribe üsti bilen açdy. Geý-Lýussagyñ kanunyna şeýle kesgitleme bermek bolar. Hemişelik basyşda alynan m massaly ideal gazyñ göwrümi absolýut temperätura göni proporsional üýtgeýändir.
Gazyñ iki haly üçin, (7) deñligi şeýle ýazmak bolar:
ýa-da
Geý-Lýussagyñ kanunynyñ grafigini 3-nji suratdaky ýaly şekillendirýärler. Bu ýerde p1 < p2
3 dürli basyşlardaky izobaralardyr.

3-nji surat. Izobara
3) m = const, V = const bolan ýagdaýynda (5) deñleme
= const (8)


görnüşi alar.
Bu bolsa fransuz alymy Şarlyñ kanunydyr. Şarl bu kanuny Geý-Lýussakdan 15 ýyl öñ 1787-nji ýylda çaklama görnüşinde aýdanlygy üçin, muña käwagtlar Geý-Lýussagyñ kanuny hem diýilýär. Bu kanunyñ kesgitlemesi: hemişelik göwrümi bolan m massaly gazyñ basyşy absolýut temperatura göni proporsional üýtgeýändir.
Gazyñ iki haly üçin, (8) deñligi şeýle ýazmak bolar:


Şarlyñ kanunynyñ grafigi 4-nji suratda şekillendirilendir. Bu ýerde: V1 2 < V3 <... dürli göwrümlerdäki izohoralardyr.

4-nji surat. Izohora


Download 177.4 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling