Molekulýar fizikany we termodinamikanyň taryhyna degişli gysgaça maglumatlar


Gazlaryň kinetik nazarýetiniň esasy deňlemesi. Basyş we ony ölçemek


Download 177.4 Kb.
bet4/8
Sana17.06.2023
Hajmi177.4 Kb.
#1540619
1   2   3   4   5   6   7   8
Bog'liq
mol

Gazlaryň kinetik nazarýetiniň esasy deňlemesi. Basyş we ony ölçemek

Jisimleriň esasy häsiýetleri, olaryň dürli agregat hallarda bolmaklarynyň sebäpleri jisimleri emele getirýän bölejiklere, ol bölejikleriň jisimlerde ýerleşiş ýagdaýlaryna, olaryň özara täsirleşişlerine, temperaturalaryna baglydyr. Fizikanyň jisimleriň gurluşyny öwrenýän bölümine molekulýar fizika diýilýär. Molekulýar fizikada maddanyň gaz, suwuk we gaty halyndaky makroskopik (grek sözi bolup, makros - uzyn, uly, uly ölçegli, skopiki - seredýärin, gözegçilik edýärin diýmekdir) häsiýetleri jisimleriň mikroskopik (grek sözi bolup, kiçi diýmekdir) häsiýetleri bilen baglaşdyrylyp öwrenilýär [7].
Molekulýar fizikada jisimleriň dürli agregat hallardaky fiziki häsiýetleri, ol häsiýetleriň kanunalaýyklyklary maddanyň molekulýar gurluşy esasynda öwrenilýär. Molekulýar fizikanyň esasy meselesi gaz, suwuk we gaty halyndaky maddalaryň häsiýetlerini, olaryň biri-birine geçiş çäklerindäki bolýan hadysalary molekulýar-kinetik düşünjeler esasynda düşündirmekden ybaratdyr. Jisimleriň häsiýetlerini, olary düzýän bölejikler bolan molekulalaryň we atomlaryň özara täsiri we hereketi bilen düşündirilýän nazaryýete molekulýar-kinetik nazaryýet diýilýär.
Molekulýar-kinetik nazaryýet, makroskopik jisimlerdäki ýylylyk hadysalaryny we bu jisimleriň häsiýetlerini ähli jisim haotik hereket edýän aýry-aýry bölejiklerden ybaratdyr diýen düşünjäniň esasynda düşündirýär [9].
Makroskopik jisimler. Örän köp sanly molekulalardan we atomlardan ybarat bolan islendik jisime fizikada makroskopik jisim diýilýär. Hat ýazýan syýagalamymyz (ruçkamyz), çyzgyç, pozguç, suw, howa, tokga gant bölegi, käse, çäýnek, iňňe, daş bölegi, demir bölegi, Ýer şary, Aý, planetalar we ş.m.-ler makroskopik jisimleriň mysallarydyr. Molekulýar-kinetik nazaryýet aşakdaky düşünjelere esaslanýar.

  1. Madda köp sanly mikrobölejiklerden - molekulalardan we atomlardan ybaratdyr. Islendik jisimiň massasy, şol jisimi düzýän molekulalaryň massalarynyň jemine deň. Jisimiň massasy ony düzýän mikrobölejikleriň massasynyň bitin sanyça üýtgäp biler. Başgaça aýtsak, jisimiň massasy bölekleýin, aýdylyşy ýaly diskret üýtgeýär.

  2. Jisimi düzýän molekulalar bitertip hereketdedirler. Molekulalaryň bu hereketine ýylylyk hereketi diýilýär.

  3. Jisimi düzýän molekulalar elmydama biri-birleri bilen özara täsirdedirler. Bu özara täsir olaryň aralaryndaky aradaşlyga baglydyr. Olar biri-birinden daşda bolsalar dartyşýarlar, ýakynda bolsalar hem itekleşýärler.

  4. Her bir molekulanyň aýratynlykdaky hereketi mehanikanyň kanunlaryna boýun egýär. Bu dört düzgüniň dördüsi hem tejribeler arkaly tassyklanyldy. Maddanyň gurluşynyň molekulýar-kinetik nazaryýetine esaslanýan esasy düzgünler baryp gadym wagtlarda hem aýdylypdyr. Meşhur grek akyldary Demokrit: «Hemme maddalar ownujak bölejiklerden – atomlardan (grek sözi bolup, bölünmeýär diýmekdir) düzülendir we bu atomlar dürli görnüşlerde bolup bilerler» diýip öwredipdir [8].

Orta asyrlarda hatda käbir ýurtlarda maddanyň gurluşynyň atomçylyk nazaryýeti dini sebäplere görä gadagan hem edilipdir. Diňe XVII asyrda I. Nýuton gazlaryň giňelmesini: «Boş giňişlikleri gaz molekulalary doldurmaga ymtylýarlar» diýip düşündirmäge synanyşypdyr. XVIII asyrda beýik rus alymy M. W. Lomonosow molekulýar-kinetik nazaryýetiň tarapdary bolup çykyş edipdir we onuň ösmegi üçin köp işleri edipdir.
M. W. Lomonosow aýratyn hem ýylylygyň molekulýar-kinetik nazaryýetiniň ösmegine uly goşant goşýar. Lomonosow ýylylyga maddanyň bölejikleriniň aýlanma hereketi hökmünde garapdyr. Ol öz nazaryýetiniň kömegi bilen ereme, bugarma we ýylylyk geçirijilik hadysalaryna doly düşündiriş beripdir. Ol maddanyň bölejikleriniň hereketi kesilende «Sowugyň iň uly ýa-da soňky derejesiniň» bolýandygy barada netije çykarypdyr. XIX asyryň başlarynda iňlis himigi Jon Daltonyň işlerinde maddanyň molekulýar-atom gurluşy has hem ösdürildi.
XIX asyryň ikinji ýarymynda nemes fizigi R. Klauzius, iňlis fizigi J. Makswell we awstriýa fizigi L. Bolsman tarapyndan maddanyň molekulýar gurluşynyň nazaryýeti ylmy tarapdan ösdürildi. XX asyryň başynda maddanyň atom-molekulýar nazaryýetini beýik fizik Albert Eýnşteýn, fransuz fizigi Žan Botist Perren, nemes fizigi O. Ştern we beýlekiler ylmy taýdan işläp düşündirdiler hem-de tejribeler arkaly subut etdiler. Molekulalaryň bardygyna hiç hili şübhe galmady [10].

Download 177.4 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling