Özbegistan Respublikasy ýokary we ýörite orta bilim ministirligi


Magtymgulynyň eseriniň dilinde atlar we atlaryň üýtgeýşleri


Download 126.84 Kb.
bet5/7
Sana27.10.2023
Hajmi126.84 Kb.
#1727937
1   2   3   4   5   6   7
Bog'liq
shirin kurs jj

1.1. Magtymgulynyň eseriniň dilinde atlar we atlaryň üýtgeýşleri.

Atlaryň üýtgeşleri hem häzirki zaman türkmen dilimde boluşy ýaly, Magtymgulynyň dilinde hem olar san, ýöňkeme we düşüm bilen üýtkeýärler.


Atlaryň san bilen üýtgeýişleri
Atlaryň köplük sanynyň görkezmek üçin, häzirki zaman türkmen dilinde boluşy ýaly, şahyr Magtymgulynyň dilinde hem ‘’-lar,-ler’’ goşulmasy ulanylypdyr.
Meselem:
Soran bolsa, synam içre sözler bar,
Ýüz tümenden, egdir, niçe ýüzler bar,
Neýsanasyz, nebatsyz, niçe ýazlar bar,
Hoşluk bilen geçen gyşyna degmez.
Goç ýigitler myhmanynda bellidir.
Magtymgulynyň dilinde hem jyns atlar häzirki zaman türkmen dilinde boluşy ýaly, sözlemde nähili ýagdaýda gelmeklerine garap, şol duruşlaryna “-lar,-ler” goşulmasyz hem köplük düşünjäni aňladyp gelipdirler.
Muňa:
Adam bar müň tümen iýdirseň azdyr,
Adam bardyr iýen aşyna degmez.
Ýa-da: Bedew diýgeç hemme bedew deň bolmaz,
Çyn bedewler meýdanynda bellidir.
Her saçyn östüren seýit bolarmy.
----diýen setirlerindäki adam, bedew, saç sözleri açyk mysal bolup bilerler.
Bu sözleriň soňlaryna köplük sanyň goşulmalary bolan “-lar,-ler” goşulmadyk bolsa-da, olar ýokarda getirilen setirlerde köplük düşünjäni aňladyp geldiler.
Şu hili sözleriň soňlaryna, häzirki zaman türkmen dilinde boluşy ýaly, “-lar,-ler” goşulyp hem ulanylypdyr. Meselem, Her saçlary bir sunbil diýen setirde saç sözünde ol goşulma goşulyp getirilipdir.
Häzirki zaman türkmen dilinde boluşy ýaly, Magtymgulynyň dilinde hem “-lar,-ler” goşulmasyny kabul eden sözüň köplügi görkezmän, goşulmasyz ýagdaýyndaky düşünjesini aňladyp gelen ýerlerine hem diş gelmek bolýar.
Meselem:
Ýürekleri at başy dek batyrlar,
Hatynda ýok, at-ýaragy bolmasa.
Ýokarda aýdyşymyz ýaly, bu setirdäki ýürek sözüniň soňuna “-ler” goşulmasy goşulan hem bolsa, adamda diñe bir ýürek bolmagyna görä, şol ýürek sözi mysal getirilen setirde öňki birlik düşünjesini aňladyp geldi.
Şu hili sözleriň soňuna “-lar,-ler” goşulanda hem, ol sözleriň oňki düşünjesine gelýän ýerlerine halk gepleşiginde-de, köne edebiýatyň dilinde-de duş gelmek bolýar. Oňa köne türkmen edebiýatynda ulanylan Ýüzleri on dördi aýy diýen setirdäki ýüzleri sözi mysal bolup biler.
Magtymgulynyň dilinde atlaryň ýönkeme bilen üýtgeýişleri.
Beýik şahyrymyzyň dilinde hem atlaryň ýöňkeme bilen üýtgeýişleri häzirki zaman türkmen dilindäki yaly bolup, şu aşakdaky görnuşlerde gelipdirler:

  1. Soňy çekimsiz sesler bilen gutaran atlaryň ýonkeme bilen üýtgeýşine mysallar.

Birlik san.
Başym çykmaz, ne gowgaýa sataşdym.
Guwanar duşmanyň, dostuň ýat bolar.
Ýigidiň bolmasa, ýaragy aty,
Şony belli biliň, ýokdyr gaýraty.
Köplük san.
Ömrümiz zaýa döndi.
Az galandyr, aý-günüňiz batmaga.
Magtymgulynyň dilinde hem, häzirki zaman türkmen dilinde boluşy ýaly, deňdeş agzalar goşalandyrylyp ulanylanlarynda, olaryň ilkisi hiç hili goşulmasyz we soňkusy san we ýönkeme goşulmalaryny kabul edip hem gelipdirler.
Muňa ýokarda mysal getirilen setirlerdäki aý-güniňiz diýen sözler mysal bolup biler.

  1. Soňy çekimli sesler bilen gutaran atlaryň ýönkeme bilen üýtgeýişleri.

Birlik san:
Tutdy synam, çapraz-çapraz daglar heý.
Gaçar agaň, iniň, bolmaz hatyraň.
Pişesi jepadyr, işi zulumdyr.
Nadanyň peýdasy özüne degmez.


Download 126.84 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling