Özbegistan Respublikasy ýokary we ýörite orta bilim ministirligi


Download 126.84 Kb.
bet6/7
Sana27.10.2023
Hajmi126.84 Kb.
#1727937
1   2   3   4   5   6   7
Bog'liq
shirin kurs jj

1.2.Atlaryň döşüm bilen üýtgeýşi

1) Şahyryň dilinde baş düşümde bolan atlar, häzirki zaman türkmen dilinde boluşy ýaly, öz soňlaryna hiç hili düşüm goşulmalaryny kabul etmän, şol durşuna getirilipdir.


2) Eýelik düşümi hem şahyryň dilinde häzirki zaman türkmen dilinde boluşy ýaly, goşulmaly we goşulmasyz – iki hili görnüşde getirilipdir.
Goşulmaly görnüşi atlaryň soňuna “-yň,-iň,-nyň,-niň” goşulmalarynyň goşulmagy bilen berilipdir.
Meselem:
Ýigidiň hyýaly bolsa serinde,
Çykar bir gün, çöküp galmaz garynda.
Binanynyň sözi janyňdan öter,
Nadanyň peýdasy özüne degmez.

Ýamanyň zyýany iline ýeter,


Güýjinden kuwwatyndan,
Bir kişi yzzatyndan,
Bet asyl özin beg saýar.
Eýelik düşüminiň goşulmasyz formada getirilişine mysallar:
Ýigitlik paslyny gyşa ýetirdim,
Kämillik keştesin derýa batyrdym,
Beýik pikire galdym, aklym ýitirdim.
Tirik eken, öli bolup galyp men.
Gam dumany basyp, garyp köňlimi,
Göz ýaşyn saklaman, döküp baradyr.
Dünýä malyn berseň eýesi satmaz.

Magtymgulynyň dilinde hem, häzirki zaman türkmen dilinde boluşy ýaly, eýelik düşüm bilen ýöňkeme arasynda örän berk baglanyşygyň bolmagyna görä, eýelik düşüminde gelmeli söz baş düşüm şeklinde gelen hem bolsa, şol eýelik düşümi tarapyndan aýyklanýan sözüň ýönkeme goşulmasynyň bolmagy, öňündäki sözüň eýelik düşümindendigini açyk suratda görkezýär.


Muňa ýokarda mysal getirilen setirlerdäki:
Dünýä malyn, gam Dumanyň, ýigitlik paslyny ýaly sözlerini mysal görkezmek bolar.

  1. Ýöneliş düşümi Magtymgulynyň dilinde aşakdaky ýaly goşulmalar bilen görkezilipdir.

    1. -ga,- ge --- Zamanaga sen girdän,

Zaman senden bihabar.
Mekgeden çykdy bir gözl,
Medinege rowan boldy.
Ýaş elliden gidende,
Bolar garry adynda we ş.m.
2). Käbir şiwelerde eşidilişi ýaly, şahyryň dilinde hem ýöneliş düşümini aňlatmak üçin “-ýa,-ýe” goşulmalary-da ulanylypdyr.
Meselem:
Başymny gowgaýa salma,
Guwanma, kesekden bolam binaýa.
Kişi bilmez, ne söwdada sataşdym.
Başymy çykmaz, nä gowgaýa sataşdym.

“-a, - e” ---- Zynhar kast etmegin, iýdigiň nana,



Download 126.84 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling