Özbegistan Respublikasy ýokary we ýörite orta bilim ministirligi
Download 126.84 Kb.
|
shirin kurs jj
- Bu sahifa navigatsiya:
- Kurs işiniň gurluşy
- TEMA:Eserleriň dilini öwrenmek boýunça edilen işler. Meýilnama: Giriş: I.bap. Klassyk edebiýatyň diliniň morfologiýasy.
- II.bap. Klassyk edebiýatda işlikleriň ýasalyşy.
- Maslahatynyň Prezidumynyň Hormat haty bilen sylaglanýar.
Komissiýa jogaby:
1.Talyp Dawletowa Jeren kurs işini orunlan hem ____ ball goran diýip hasaplansyn. Komissiýa başlygy: f.i.d.Gaýlyýewa O. Agzalary: Hatker : Temanyň aktuallygy : Temanyň maksaty : Temanyň wezipeleri : Kurs işimizde öňümize goýýan wezipelerimiz türkmen dili taryhy dersinde edebiýatçy alymlar şahyrlar tarapyndan öwrenilişini deňeşdirme metod arkaly öwrenmekden ybaratdyr. Kurs işiniň gurluşy: Kurs işimiz 27 sahypadan ybarat bolup 2 baba bölünýär,soňra temanyň aktuallygy,maksat wezipesi barada maglumat berilýär,hem-de giriş we netijäni öz içine alýar.Tema boýunça slaýtlar we peýdalanylan edebiýatlar kurs işimizi jemleýär. TEMA:Eserleriň dilini öwrenmek boýunça edilen işler. Meýilnama: Giriş: I.bap. Klassyk edebiýatyň diliniň morfologiýasy. 1.1.Magtymgulynyň eseriniň dilinde atlar we atlaryň. 1.2.Atlaryň döşüm bilen üýtgeýşi II.bap. Klassyk edebiýatda işlikleriň ýasalyşy. 2.1.Işliklerden işlikleriň ýasalyşy. 2.2.Magtymgulynyň dilinde işlikleriň üýtgeýşleri. Netije: Peýdalanylan edebiýatlar: GIRIŞ Türkmen dilini ösdürmek, öwrenmek ugrunda birnäçe türkmen dilçileri tarapyndan birnäçe ylmy dissertatsiýala, ylmy işler, monografiýalar we makalalar ýazylandyrlar. Dilçiler özleriniň ýazan makalalarynda we dsertasiýalarynda türkmen dilini ösdürmek we geljekki nesillere ýetirip bermeklikleri özleriniň öňünde ullakan maksad edip goýandyrlar.Eserleriň dilini öwrenen dilçi Baýlyýew Sapar- dil bilimini öwreniji, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. Ol 1930-njy ýylda Aşgabat raýonynyň Aşgabat obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ýedi ýyllyk bilimi şol raýondaky 1-nji ýediýyllyk mekdepde, orta bilimi Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdepde alýar. njy ýylda M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Unwersitetiň türkmen filologiýasy gakyltetiniň agşamky bölüminde okamak bilen bir hatarda, Aşgabat raýonyndaky 1-nji ýediýyllyk mekdep mugallymy bolup işleýär. 1954-njy ýylda uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetiniň doly kursy tamamlap, orta mekdebiň ýokarky klaslarynda ene dili hem-de edebiýat predmetlerinden sapak berip başlapdyr. Şol ýyllardan ylmy ylmy metodiki işler bilen gyzyklanýar. Onuň “At çalyşmalarynyň düşüm bilen üýtgeýişi”, “Bşlangyç klaslarda atlar” temasyny okutmak”, “Okuwçylaryň ýokary ýetişginini nähili gazanmaly”, “3-nji klasda ene dilini okutmagyň tejribesinden” diýen ýaly ençeme makalalary gazet-jurnallaryň sahypasynda yzgiderli çap edilýär. 1966-njy ýylda “Saýatly-Hemra” dessnynyň dil aýratynlygy” diýen temadan jemagat öňünde dissertatsiýa gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidatly diýen derejesini alýar. 1966-njy ýyldan ol A. M. Gorkiý adyndaky döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynda starşy mugallym bolup işe başlaýar. Häzir ol türkmen diliniň taryhy boýunça lektsion hem-de praktiki sapaklary alyp barýar. Dotsent Sapar Baýlyew “Türkmen diliniň ýazuw ýadygärliklerinde düşüm kategoriýasy” diýen temanyň üstünde işleýär. Yslamy Mämmedaman Orazhajy ogly-dil bilimini öwreniji pedogog, filologiýa ylymlaryň kandidaty. Ol 1921-nji ýylda Eýranyň Kümüşdepe diýen ýerinde dogulýar. 1947-nji ýylda A. M. Gorkiý adyndaky Aşgabat döwlet pedegogik institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär we ony 1950-nji ýylda tamamlaýar. nji ýylda A. M. Gorkiý adyndaky Aşgabat döwlet pedegogik institutynyň bazasynda A. M. Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti döredilýär we Yslamy Mämmedaman şol uniwersitetiň umumy dil bilimi kafedrasynda pars dili mugallymy wezipesine bellenilýär. 1963-1964-nji okuw ýylynda uniwersitetde pars dili kafedrasy döredilýär. Şol wagtdan hem ol kafedranyň mudiri wezipesinde işleýär. njy ýylda ol filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk Derejesini almak üçin “Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseriniň sözlügi” diýen temada jemagat öňünde dissertatsiýa goraýar. Pars dili boýunça ýokary hünärli pedagogik kadrlary taýyarlamakda köp işleri bitirýär. Şu babatda ol respublikamyzda ilkinji gezek pars dili boýunça we köne türkmen ýazuwyndan yokary okuw jaýlarynyň filologiýa fakultetleriniň studentleri üçin okuw programmasyny düzýär. Şeýle hem ol respublikamyzda ilkinji gezek “Parsça-Türkmençe we türkmençe-parsça sözlügi” çapa taýýarlaýar, respublikaň gazet-jurnallarynda ylmy makalalar bilen yzygiderli çykyş edib durýar. Resbublikanyň mekdepleri üçin ökde hünärli spetsialistleri taýýarlamak işinde bitiren hyzmatlary üçin ol Türkmenistan Yokary Maslahatynyň Prezidumynyň Hormat haty bilen sylaglanýar. Download 126.84 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling