Özbek filologiýasy fakulteti türkmen dili we edebiýaty kafedrasy


Işde ulanan metod we metodologiýa


Download 88.38 Kb.
bet5/8
Sana18.06.2023
Hajmi88.38 Kb.
#1590203
1   2   3   4   5   6   7   8
Bog'liq
Mämetjanow D.

Işde ulanan metod we metodologiýa. Biz bu işde deňeşdirme, deňeşdirme-tipologiýaly analiz metodlaryndan peýdalandyk.
Kesiplik işiň gurluşy. Bu iş giriş, netijeden başga esasy üç bapdan ybarat.
I Bap. Türkmen we garagalpak edebi gatnaşyklarynyň taryhy
kökleri

Ar-namys, wyjdany şärik,


Maly bilen jany şärik,
Damarynda gany şärik –
Bu – doganlyk, bu doganlyk.
diýip belli garagalpak şahyry I.Ýusupowyň belleýşi ýaly, türkmen-garagalpak halklary ozal-ozaldan dost-doganlykda goňşy il bolup ýaşap gelýärler. Olaryň dost-doganlygynyň kökleri uzak döwrürleri öz içine alýar. Şu iki halkyň edebi gatnaşyklarynyň taryhy hakynda pikir ýöredýän bolsak, ilki bilen beýik şahyr hezreti Magtymgulynyň eserlerinden başlasak maksada laýyk bolar. Çünki onsuz mümkin däl. Beýik şahyryň gumanistik ideýalar bilen ýugurylan setirleri, öwüt-nesihat motiwleri bilen dolup-daşyp duran şygyrlary, döwrüň sotsial meselelerini mertlik bilen göterip çykan poetik mirasy indi köp asyrlardan bäri garagalpak şahyrlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Berdah, Günhoja, Ajiniýaz, Öteş ýaly garagalpak klassyk şahyrlary Magtymgulyny özlerine halypa hasaplap, onuň döredijiligine uly hormat goýap, şahyryň eserlerindäki progressiw ideýalaryny öz zamanalaryna laýyklykda ösdüripdirler.
Magtymgulynyň döredijiligine aýratyn yhlas goýap, onuň däplerini dowam etdirip gelen şahyrlaryň biri-de Berdahdyr. Berdahyň uly şahyr bolup etişmeginde Gündogar klassykleri bilen bir hatarda Magtymgulynyň hem döredijiliginiň täsiriniň uly bolandygyny görýäris. Muny Berdah şahyryň özi-de şygyrlarynda belläp geçipdir. Ol özüniň «Yzlardym men» atly şygyrynda Magtymgula bolan çäksiz hormatyny aşakdaky ýaly aýdyp geçýär:
Magtymgulyny okanda,
Aýdardym men her zamanda,
«Ýalan barmy begler onda?»
Sözün togap ederdim men.18
Berdagyň döredijiligine Magtymgulynyň şygyrlarynyň täsiri örän uludyr. Munuň esasy sebäbi Magtymgulynyň şygyrlarynyň halkylygy, ýönekeý hem halka düşnükliligi bolmagydyr. Şeýle-de şahyryň döredijiliginiň Berdahyň döredijilik printsiplerine ýakynlygyndadyr. Şonuň üçin hem Berdak köplenç Magtymgulynyň edebi mekdebine eýerip şygyrlar döredipdir.
Berdagyň poetiki mirasynda Magtymgulynyň edebi däpleri özbaşdak bir usulda dowam etdirildi. Ilki bilen Berdahyň şygyrlary dili boýunça Magtymgulynyň barmak usulynda ýazan dörtlemelerine ýakyndyr. Ikinjiden bu iki şahyryň arasyndaky meňzeşligi olaryň şygyrlarynyň tematikasynyň birligi bilen düşündirmek bolar. Bu şahyrlaryň döredijiliklerindäki şeýle meňzeşlikleri mysallar arkaly deňeşdirip bersek maksada laýyk bolar
Magtymgulynyň edebi mirasynda «Görüner» redifli bir şygyr bar. Bu şygyrda şahyr zamanasynyň begleri tarapyndan jebir-jepa çeken halkyň derdini kagyza düşürýär:
Jebir görüp, ýanan janlar,
Çäre tapmaýan dermanlar,
Dünýäde çohdur ummanlar,
Dört sany umman görüner.

Serine duman bürenen,


Gözýaşy erde sürenen,
Mähirli daşdan görünen,
Daglarda duman görüner.19
Berdahyň hem jemgyetden närazy bolup ýazan şygyrlarynyň arasynda Magtymgulynyň şygry bilen meňzeş gelýän «Göründi» sözi redif edilip alynan uly bir şygyr bar. Bu erde gürrüň redifleriň meňzeşliginde däl-de, eýsem, iň ähimietlisi şygyrlaryň mazmun boýança bir-birlerine meňzeşligi ünsüňi tartýar. Ine, şu şygryň käbir bentlerini Magtymgulynyňky bilen deňeşdirip göreliň:
Adamғa miýrimsiz jälladlar, jaўlar,
Halykty jylatkan atalyk-hanlar,
Baska aўyr kaýgy salғan zalymlar,
Közlerime şaýan-jylan körindi…

Ädalat jok begi, patşa, hanlarda,


Keўilli bolmaýdy ғärip-ynsanda.
Bizler şykkan bu ўapasyz zamanda,
Här biri közime jalғan körindi.20
Bu şygyrda şahyryň ýaşan zamanasynyň ýüzi öz şöhlelenişini tapypdyr. Onuň Magtymgulynyň şygryndan tapawutly tarapy, Berdahyň satirasynyň ýiti ujy konkret adamlara garadylan bolup, şol döwrüň han-beglerini jemgyeti bozyjylar diýip açyk aýdýar. Egerde, Magtymgulynyň «Görüner» redifli şygrynda zamanasyna bolan närazylyk meýilleri umumy planda aýdylan bolsa, tersine Berdah bu tema konkret gatnaşyk ýasap, belli bir ýagdaýlar bilen beripdir. Diýmek, Berdah Magtymgulynyň temasyny özüçe işläp, täze ýol tapypdyr.
Türkmen we garagalpak edebi gatnaşyklarynyň taryhynyň mazmunly sahypalarynyň birini XIX asyrda ömür süren şahyr Ajiniýazyň şygyrlary doldurýar. Bu şahyry türkmen edebiýatynyň ägirtleri bilen baglanyşdyrýan edebi dostluk sapaklary örän köp we dürli-dürlidir. Ajiniýazyň Hywa we Buhara medreselerinde bilim almagy, ol erdäki halklaryň durmuşy bilen ýakyndan tanyş bolmagy, şeýle hem gören-eşidenlerin kagyza geçirip şygyrlar ýazmagy, türkmen şahyrlarynyň şygyrlaryny öz ene diline terjime etmegi, iň esasysy, türkmen edebiýatynyň Andalyp, Magtymguly ýaly ägirtleriniň däplerini öz döredijiliginde ulanmagy Ajiniýazy türkmen edebiýaty bilen ýakynlaşdyran esasy faktorlar bolup hasaplanýar.
Ajiniýazyň şahyr sypatynda galyplaşmagynda gündogar edebiýatynyň, birinji nobatda Magtymgulynyň şygyrlarynyň täsiriniň güýçli bolandygyny
türkmen hem garagalpak alymlary bir agyzdan makullaýarlar. Ajiniýazyň döredijiligini öwrenen alymlaryň maglumatyna garanda, şahyr arap, pars, özbek, türkmen dillerini gowy bilipdir we bu dillerdäki şygyrlary erkin terjime edip bilýän derejede sowatly adam bolupdyr.
Ajiniýazyň poetik mirasynda Magtymguly hakyndaky şygyrlar ýek-tük. Diňe «Nesihat» atly şygrynyň birinji bendinde Magtymguly biwepa dünýäden armanly giden şahyr sypatynda dile alynýar:
Söýlese şiýrindur jahanda tili,
Kelse şady kurram boladur eli,
Arman bilän ötti ol Mahtymkuly,
Ol-häm näme kördi, äý dün`ýa sendin21
Magtymgulynyň ady Ajiniýazyň başga şygyrlarynda dile alynmasa-da onuň bir topar goşgularynyň ýazylmagynda Magtymgulynyň täsiri anyk duýalýar. Ajiniýazyň käbir şygyrlaryny forma taýdan-da, mazmun taýyndan-da Magtymgulynyň goşgularyndan aýyrmak kyn. Biziň pikirimizçe, Ajiniýazyň aýrym şygyrlaryny Magtymgulydan terjime diýip hasaplaýan alymlaryň pikirleri dogrydyr. Bir şahyr ikinji bir şahyryň şygyrlaryny öz diline terjime edende originalyň formasyny bolşy ýaly edip saklamak şert däl. Iň ähimietlisi, esasy nusganyň mazmunynyň saklanmagy şert. Egerde, Ajiniýazyň Magtymgulydan terjime hasaplanyp ýörilen şygyrlarynda türkmençe originaldan kesgin tapawutlanýan setirler, bentler duş gelse geň galyp oturasy iş ýok. Sebäbi, Ajiniýaz Magtymgulynyň şygyrlaryny öz diline terjime edende, şahyrdan ylhamlanyp özünden täze setirler we bentler goşupdyr dien çaklama hakykata ýakyndyr. Pikirimizi bir şygryň terjimesiniň mysalynda görkezmegi makul bildik. Magtymgulynyň döredijiliginde «Ýagşy» sözi redif formasynda gelýän birnäçe şygyrlary bar. Ajiniýaz ine şu şygyrlaryň birnäçesinden käbir bentleri alyp terjime edipdir, netijede şahyryň mirasynda «jaksy» redifli terjime-şygyr ýüze çykypdyr. Esasy üns berilmeli eri Ajiniýaz käbir bentleri esasy nusgadaky ýaly edip terjime edipdir:
Magtymguly:
Adam bolup, adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ki bir sözläp bilmez lal ýagşy.
Ajiniýazyň warianty:
Adam uly adam kädirin bilmese,
Onnan düzde otlap jürgen mal jaksy,
Aýtkan sözdiň manasyn bilmese,
Ol adamnan tilsiz ösken lal jaksy.
Görşümiz ýaly bu bendiň esasy nusganyň edil özidigi, mazmunynyň dolulygyna saklanandygyny, hatda formasynyň hem original bilen bir hilidigini görmek bolýar. Şeýlede bolsa Ajiniýaz käbir bentleri esasy nusgadan uzaklaşdyryp terjime edendigine hem duş gelmek bolýar. Mysal üçin Magtymgulynyň «Mal ýagşy» dien şygrynda şeýle bent bar:
Bir biwepa ýara gülüp bakandan,
Şirin jany yşk oduna ýakandan,
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.22
Indi aşakda Ajiniýazyň terjimesi bilen tanşyp göreliň.
Kisiniň ýaryna külip bakkannan,
Şybyn janyň yşky otyna jakkannan,
Öz boýyňa türli nasak takkannan,
Öz ýaryňnyň tärbiýasyn ber jaksy.

Giýne kylyp jurtty taslap ketkennen,


Қädirin bilmes jerde hyzmet etkennen,
Žat ellerde müsapirlik şekkennen,
Uryp-sögip korlasada el jaksy.23
Egerde üns beren bolsaňyz Magtymgulydaky üçünji we dördinji setirleri Ajiniýaz goşgynyň soňky bendine geçirip, olaryň ýerine özünden setirler goşupdyr. Bu goşulan setirler Magtymgulynyň şygrynyň ruhyna, iň esasysy mazmunyna goşulyp gidipdir.
Magtymgulynyň şygyrlaryny köp okamagy, olary terjime etmegi Ajiniýazy halypanyň stiline ýakynlaşdyryp goýýar. Emma bu stil meňzeşligi Ajiniýazyň döredijiligini açyp bermäge päsgel bermändir. Ajiniýazyň şeýle bir şygyrlary bar olar forma taýdan Magtymgulynyňka meňzeseler-de, beýan edýän temasy taýdan bir-birlerinden düýpgöter tapawutlanýarlar. Bu iki şahyryň «Görüň» redifli şygyrlaryny deňeşdirip göreliň:
Magtymguly:
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turyşyn görüň!
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,
Owal ykrarynda duryşyn görüň!

Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar,


Köňli gyş bolmaýyn, daýym ýaz bolar,
Ýagşynyň köňlünde kine az bolar,
Ýamanyň her günde uruşyn görüň!24

Magtymguly bu şygrynda zamanasyny suratlandyrýar. Şahyr goç ýigidiň wezipesi, il-ýardyň gamy ekenligini nygtaýar. Şeýle pikirleri Magtymguly on bir bentde beýan edýär. Ajiniýaz bu şygyryň formasyny alyp, başga bir mazmunly şygyr döretýär. Ajiniýazyň «Görüň» atly şygry ilki bilen bent sany bilen tapawutlanýar. Bu şygyr ýigrimi bentden ybarat. Mazmuny hem halypanyňkydan düýpli tapawutlanýar. Şygyr aşakdaky bentler bilen başlanýar.


Molla Ziýýar toý-tamaşa kylaý dep,
Särenjem şaýysyn tutyşyn köriň,
Murat etip, jurt jäbdisin ýyғaý dep,
Oýynşy sazanda ýyғyşyn köriň.

Bir küni bäzim etip, Қoňyratka baryp,


Қantyў-nabat jäne tahta çaý alyp,
Қoňyrat ýaranyny toýғa şakyryp,
Tirekiў-kaşkaşny alyşyn köriň.25
Şygyrda şahyryň durmuşyna degişli käbir epizodlar göz öňüne gelýär. A.Murtazaew hem «Şahyryň muhabbeti» atly kitabynda-da bu şygryň döreýiş taryhyny Ajiniýazyň ömür ýoly bilen baglanyşdyrýar.
Magtymgulynyň poeziýasynda «Meňzär» sözi redif bolup gelen iki sany şygyr bar. Birinjisi «Güle meňzär» diýilip atlandyrylyp, ol on bentden ybarat. «Ata meňzär» dien ikinji şygyr edi bentlidir. Esasy üns berilmeli zat Ajiniýaz hem «Meňzär» redifli üç sany goşgy ýazypdyr. Ajiniýazyň şygyrlarynyň biri otuz üç bent bolsa, ýene-de biri ýigirmi bentlidir. Bu ýerde esasy mesele olaryň bent sanynda, ýa-da bir hili atlandyrylyşynda däl-de, eýsem, Ajiniýazyň şygyrlarynyň esasynda Magtymgulynyň poeziýasynyň täsiriniň saklanmagyndadyr. Ajiniýazyň goşgylarynyň formasy Magtymgulynyň ýokarda aýdylyp geçilen şygyrlarynyň formasyna örän ýakyndyr. Hatda olary bir-birlerinden tapawutlandyrmak hem kyn düşýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly deňeşdirip göreliň.
Magtymgulyda:
Eý ýaranlar, ýagşy ýaryň,
Goýny jennet, güle meňzär,
Sözlese, dürler saçylar,
Dilleri bilbile meňzär.

Zülplerine urup şana,


Meni ol kyldy diwana.
Göýä ol- şem, men-perwana,
Ýandym, tenim küle meňzär.26

Indi bolsa Ajiniýazyň şygyryndan mysal getireliň:


Қyz bala kemala kelse,
Almadek pişgänä megzer,
Mäўjirip akkan där`ýadaý,
Tolysyp taşkana megzer.

Şar tärepke közin salyp,


Ýar därtinen küýip-janyp,
Bir söýlesken esten tanyp,
Şarapatly jazga megzer.27
Magtymgulynyň bu şygry yşky liriki temada bolup, onda şahyr öz söýen ýaryna etip bilmän, aýralyk oduna ýanýan liriki gahrymany suratlandyrýar. Ýaryny näçe taryp etsede, onuň didaryna etmäge hiç hili mümkinçiligiň ýokdygyny nygtaýar:
Magtymguly bolduň harap,
Istäp tapman ýary sorap,
Oturyşyň ýola garap,
Ýol tapmadyk köre meňzär.28
diýmekden başga çäresi galmaýar.
Ajiniýazyň otuz bentli ýokardaky şygrynda-da magşuk şol görnüşde taryp edilýär. Emma Ajiniýazyň şygyrlarynyň ikinji bölüminde akym özgerýär, ýakymly liriki taryplaryň ornyny jemgyetiň problemalary eeleýär. Şahyr durmuş kynçylyklary sebäpli öz oýlan magsadyna etip bilmän ýüzleri zagpyrandek saralan adamlaryň aýançly tagdyrlary hakynda sözleýär:
Baýagylar habar almaý,
Oýnap-külip miýri kanbaý.
Oýlaғan makseti bolmaý,
Baýlaўly bir kuska megzer.

Delbe ýaňly tasyp-tolyp,


Ul-kyzynyň anasy bolyp,
Kyzyl jüzi güldeý solyp,
Қazan urғan gülge megzer.29
Ajaýyp liriki taryplar bilen başlanan bu şygyryň soňy umytsyzlyk bilen gutarýar:
Қyýalym gezer här jakka,
Bir gezlespeý däўlet bakka,
Sakal-murtym toldy akka,
Äjiniýaz ärmana megzer30
dien setirlerini okanymyzda şahyra hiç zat, hatda şygryň başynda taryp eden magşugynyň hem teselli bermeýändigini görýäris.
Ine şu mysalardan görnüşi ýaly, Ajiniýaz Magtymgulynyň edebi mekdebine eýerip, original eserler döredip bilen ajaýyp şahyrdyr. Onuň bu derejä etmeginde Magtymgulynyň edebi mekdebi ruhy medet berdi.
XIX asyr garagalpak şahyry Günhojanyň poeziýasynda hem beýleki garagalpak klassyklerinde bolşy ýaly garagalpak halk döredijiliginiň we gündogar edebiýatynyň döredijilik däpleri giň orun alýar. Bu pikiri N.Dawkaraew, K.Mambetow, A.Karimow, B.Ismailow, K.Sultanow we başga-da alymlarymyz Günhojanyň döredijiligine bagyşlan ylmy işlerinde we makalalarynda tassyklaýarlar.
Hakykatdan hem Günhojanyň liriki mirasynda Magtymgulynyň ady getirilýän şygyrlar köp. Mysal üçin «Il bilen» atly şygrynda şahyryň ady iki ýerde hormat bilen tutulýar:
Mahtymkuly mährip ötti dün`ýadan,
Ärman menen jollar salyp kyýadan,
Öte almaý bögetsiz teňiz därýadan,
Ömirinşe küni ötti zar bilen.31
Şygryň ahyrky bendini Günhoja aşakdaky ýaly edip jemleýär:
Mahtymkuly, magripteý aldyňdy bolja,
Ölgensoň alarsaň tiliňden olja,
Kyskart sözdi sorkaýnagan Künhoja,
Ölgeniňşe hoşlasyp ket el menen.32
Günhoja köp goşgularynyň ahyrky bendinde halypanyň adyny getiripdir. Mysal üçin «Görünmez» atly şygyry hem ýokardaky şygyr ýaly gutarypdyr:
Sakalym aғardy, tüspedi olja,
Mahtymkuly mägripteý aldyňdy bolja,
Žasy jetip äўere bolgan Künhoja,
Köziň jumylganşa eliň körinbes.33
Günhojanyň döredijilik älemine nazar taşlanymyzda oňa Magtymgulynyň edebi döredijliginiň täsiriniň uly bolandygyny görmek bolýar.
Ine, klassik edebiýatdan gözbaş alyp gaýdýan edebi täsir iki halkyň edebiýatynyň arabaglanyşygyny has öňräki döwürlere baryp direýändiginiň şaýadydyr. Şonün üçinem biz türkmen we garagalpak edebiýatynyň köp asyrlyk arabaglanyşygynyň nusgasyny görýäris.

Download 88.38 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling