Özbek filologiýasy fakulteti türkmen dili we edebiýaty kafedrasy
Kesplik işi temasynyň derwaýyslygy
Download 88.38 Kb.
|
Mämetjanow D.
Kesplik işi temasynyň derwaýyslygy. Häzirki zaman dünýä edebiýatşynaslygynda ýazuwly edebiýat žanrlarynyň kämilleşmegi we ewolýusiýa ösüşini liropoetiki pikirleniş derejesinde ӧwrenmek ýörelgesiniň agdyklyk etmegi, edebi prosesiň milli çeper pikirleniş kontekstinde tutýan roluny anyklamaga esas boldy. Etnomedeni taýdan ýakyn halklaryň edebiýatynyň arabaglanyşyklaryny we tipologik meňzeşliklerini öwrenmek netijesinde alnan netijeler edebi žanrlaryň funksional-semantik häsiýetleri we şahyrana tebigaty baradaky nazaryýet pikirlerini düýpgöter täzeledi.
Şol bir wagtyň özünde, etniki gelip çykyşy, sosial-medeni ösüşi, çeperçilik däpleri, ýaşaýyş durmuşy, dili we milli gymmatlyklarynda umumylyk bolan halklaryň edebiýatynyň žanrlar ulgamynyň taryhy we genetiki taýdan umumlyga eýedigi esaslandyryldy. Bu bolsa, Merkezi Aziýanyň Aralboýy etniki medeni sebitinde irki dӧwürlerden bäri goňşy bolup gelen özbek, garagalpak we türkmen halklarynyň edebiýatynda şygyr şekilleriniň, edebi žanrlar we görnüşleriň dürlüligini edebi däpleriň milli ӧzüne mahsus ekenligi, dӧredijiniň şahyrana ussatlygy, edebi özara gatnaşyklar we çeper täsir prosesi konteksinde gözleg üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Dünýä edebiýatşynaslygynda edebi žanrlar nazaryýetini barlagmaga aýratyn üns berilýändigi üçin bu günde edebi žanrlaryň poetikasy we tipologiýasy, şygyr düzülişiniň genezisi we semiotik tebigaty, poezidaky şekli gӧzlegleriň mazmunyny şӧhlelendirmekdäki roly er semantik hyzamty, şygyr şekilleriniň kӧpdürliligini üpjün etmekde dӧredijiniň indiwidual stiliniň ornuny giňişleýin ӧwrenmek ýörelgeleri peýda boldy. Sebäbi awtoryň çeper maksadyny we niýetini aňlatmakda dürli şekil we görnüşleriň ulanylyşy baradaky gözlegler, bir tarapdan, edebiýatyň häzirki ösüşini üpjün etmäge hyzmat etse, beýleki tarapdan edebi žanrlaryň dessury mazmunyny has çuňlaşdyrýär. Türki halklarynyň liriki poeziýasynda şonuň içinde özbek, garagalpak, türkmen lirikasynda çeper gözlegler we edebiýatlaryň arasyndaky tipologiýa, edebi täsir, şahyrana görnüş, olaryň ӧzüne mahsus çeper we estetiki häziýetleriniň ӧzara tipologiýasy ýaly meseleleri häzirki dünýä edebiýatşynaslygyndaky ӧňdäki tejribeler, täze ylmy-nazary düşünjeleriň esasynda derňew etmegiň zerurlygynyň barlygy äşgärdir. Şeýlelik bilen, türki halklaryň liriki poeziýasynda edebi žanrlar we gӧrnüşler, olaryň poetikasy, şekil gӧzlegleri, olaryň arasyndakytipologiki meňzeşlikler we tapawutlar, edebi täsiriň we sazlaşygyň kesgitlemesi häzirki zaman edebiýşynaslygy üçin täze ylmy we teoretiki netijeleri berýär. Garaşsyzlygyň netijesinde medeni durmuşymyzda bolup geçen täzeleniş prosesi çeper edebiýatda hem öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda ylym-bilime, edebiýata we sungata uly üns berilýändigi sebäpli çeper edebiýat ӧzüniň ideýa ugry, tematikasy we şahyrana tebigaty taýdan täze ädime gadam basdy. Sebäbi hemmämize mälim çeper edebiýatda durmuş wakalarynyň aýdyň beýan edilýär we okyja estetiki lezzet berýär. Şonuň üçin hem çeper edebiýaty häzirki döwrüň talaplary derejesinde öwrenmekde, edebiýatyň, liriki poeziýanyň ӧzüne mahsus häsiýetlerini, ondaky ideýa-mazmun, žanr, şekil täzeliklerini türki halklar we dünýä edebiýatynyň kontekstinde öwrenmek, aýratyn hem etnomedeni çäginde goňşy halk bolup ýasaýan türk halklaryň edebiýatynyň däplerini deňeşdirme-tipologik taýdan barlag etmek ylmy-nazary ähmiýetine eýe. Elbetde, Her bir halkyň edebiýaty şol halkyň milliligine esaslanýar, durmuş şertlerinden, içki kanunlaryn-dan garaşly bolýar. Şonuň üçinem, edebiýat bir halkyň ady bilen atlandyrylyp, özüne mahsus çeper däpleri dowam edýär. Hakykatynda-da, bir dörediji ikinji bir döredijide uly täsirjeňligi emele getirýändigini çeper eserleri okanymyzda göz öňümize gelýär. Şonuň üçinem, häzirki garaşsyzlyk döwründe doganlyk halklarynyň arasyndaky aragatnaşygy ýene-de has berkitmek we ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu gatnaşyk diňe bir syýasy-ykdysady gatnaşyklar bilen çäklenmän, eýsem, şol bir wagtyň özünde medeni hem edebi baglanyşyklary üznüksiz dowam etdirmegiň zerurlygyny durmuşyň özi getirip çykarýar. Bu bolsa öz nobatynda köpmilletli doganlyk halklarynyň edebiýatlarnyň baýlaşmagynda möhüm rol oýnaýar. Hakykatynda-da iki halkyň edebi gatnaşyklaryny bügünki edebiýatşynaslygyň nukdaýnazaryndan öwrenmek derwaýys meseleleriň biridir. Biziň bu kesplik işiň mowzugy hökmünde türkmen we garagalpak halklarynyň edebi gatnaşygy, şonuň içinde XX asyr türkmen we garagalpak halklarynyň poeziýasynda janr we çeper forma babatyndaky baglanyşyk hem-de ownuk janrlar meselesini giňişleýin öwrenmekdäki esasy wezipeler hem ine, şu derwaýys mesele bilen berk baglanyşyklydyr. Download 88.38 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling