Özbek filologiýasy fakulteti türkmen dili we edebiýaty kafedrasy
II BAP. TÜRKMEN LIRIKASYNDA GÜNDOGAR WE GÜNBATAR ÇEPER ŞEKILLERINIŇ GÖRNÜŞLERI
Download 88.38 Kb.
|
Mämetjanow D.
II BAP. TÜRKMEN LIRIKASYNDA GÜNDOGAR WE GÜNBATAR ÇEPER ŞEKILLERINIŇ GÖRNÜŞLERI
Hemmänize mälim bolşy ýaly türki halklarynyň edebiýaty uzak taryhy dӧwürlerden bäri bar ӧzara ýakyn edebi baglanyşyklar sebäpli biri-biriniň edebiýat mekdebinde ýüze çykan edebi hadysalary, saldamly edebi dürdäneleriň many-mazmunynda habarlydygyny bilýäris. Elbetde, Alişer Nowaýynyň şahyrana dӧredijilik äleminden Magtymguly we Berdak ýaly şahyrlaryň ylham alandygyny we iki şahyr hem türki edebiýatynyň zehinli şahyrlarynyň dӧredijiliginden täsirlenendigini düşündirip oturmanyň zerurlygy ýokmyka diýip pikir edýäris. Özbek we garagalpak halkynyň hatda, ӧz milli şahyrlaryna ӧwrülen, şygyrlary birnäçe gezek şu milletleriň diline çeper terjime edilen Magtymguly Pyragynyň Hywanyň Şergazyhan medresesinde okandyklary kӧpçülige mälimdir. Gündogar klassykleriniň edebi täsiriniň türkmen lirikasynda-da bardygy derňewlerden mälim. Mysal üçin, edebi aragatnaşyk meseleleriniň taryhyna üns bersek, Nowaýynyň edebi däpleriniň Magtymgulynyň dӧredijiliginde dowam etdirilendigini we ösendigini görüp bileris. Mysal üçin, "San bolsam" atly şygrynda: Damganyda ýörgen ussat Nowaýy, «Çar diwany», «Perhat-Şirin» zybany, Zahreddin Babur, «Mizan-owzany, Gaşlaryna baryp men Mejnun bolsam34 – Gündogar klassikleri Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany, Ferdӧwsi, Nyzamy, Hafyz, Jelalatdin Rumy, Alyşer Nowaýy, Zahriddin Muhammet Babur we başga-da akyldarlaryň atlaryny agzap geçýär, olara "Ussat" diýip ýüzlenýär we "Onuň ýanynda Mejnun" bolmak isleýär. Liriki baş gahryman özüni folklor gahrymany - Mejnun keşbi bilen deňeşdirýär. Bu ýerde metafora, simwoliki şekillendiriş usulynda, şahyr niýetlerini, maksatlaryny, pikirlerini beýan edýär. Ýagny, ol şygyrda ady agzalan şahyrlaryň eserlerini höwes bilen okaýandygyny, edebi däp-dessurlaryna eýerýändigini we oňa reň-bereňlik berýändigini aňladýar. Ӧzi hem şol beýik zehinleriň hatarynda durýan Magtymguly olardan nusgawy poeziýanyň şahyrana mazmunyny, rifma ylymyny, (ylmy kapyýa) ylmy aruzyň amaly tejribesini öwrendi. Şonuň üçin uzak taryhda täsir faktorlarynda, görnüş nukdaýnazaryndan däp-dessurlyk goze düşýär. Magtymgulynyň edebi mekdebiniň täsiri XIX asyryň Garagalpak şahyrlary Ajiniýaz we Berdak dӧredijiliginde möhüm ähmiýete eýe bolmagy edebiýatşynaslykda subut edilen hakykatdyr. Şol bir wagtyň özünde, Magtymgulynyň ulanan edebi janrlary, edebi we çeper görnüşleri Ajiniýaz tarapyndan dowam etdirildi we ösdürildi. Mysal üçin, Magtymguly, Ajiniýaz, Berdak we Ӧteş şahyrlaryň aýdyşyk şygyrlaryny nygtap geçmek bolar. Aýdyşyk şygyrlary nusgawy edebiýatymyzyň tanymal wekilleriniň ylym we dӧredijilik başarnyklary boýunça özara tagallalaryny synamak üçin döredildi we köplenç soraglar we jogaplar görnüşinde berilýär. Aýdyşyk şygyrlarynda nakyllarda bolşy ýaly, aýdyljak bolunýan manysynyň käbir häsiýetleri gӧrkezilýär. Mysal üçin, Magtymgulynyň ӧz zamandaş türkmen şahyrlary Durdy şahyr bilen aýdyşygy "Habar ber şeýledir", "Donun kim biçdi" ýaly şygyrlarynda Zunuby şahyr bilen aýdyşygy “Bize mundane habar ber!” atly şygyrlarynda, Orazmeňli şahyr bilen aýdyşygy “Ýaşy nädendir!” atly şygyrlarynda goşgynyň ýarysy metafora manylarynyň syrly tapgyryndan, galan ýarysy bolsa manylaryny beýan edýän jogaplardan durýar. Aýdyşyk görnüşindäki şeýle şygyrlar Ajiniýazyň "Ajiniýaz bilen gyzyň aýdyşygy", “Ajiniýaz bilen Gyzmeňeşiň aýdyşygy", "Nuralyýa" atly eserlerinde öz beýanyny tapdy. Şeýle-de bolsa, Ajiniýaz şahyryň aýdyşygynda Gyzmeňeş bilen ýüzbe-ýüz aýdyşmak, improwizasiýa görnüşi bar. Şol sebäpden, iki şahyryň aýdyşygynda şyhyr gurluşygynda (bentler, kapyýa, bogunlar) meňzeşlik göze ilýär, ýöne olaryň pikir-mazmun ugry başga. Magtymgulynyň aýdyşylarynda has syrly mazmun bar, Ajiniýazyň aýdyşyklarynda degişme we realistik suratlandyrmalar agdyklyk edýär.Magtymgulynyň aýdyşyklary ýazuw edebiýaty görnüşinde, Ajiniýazda bolsa halk döredijiliginiň däp-dessurlary güýçlidir. Özbek nusgawy edebiýaty bilen özbek jedit edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy, şekil üýtgeşmeleri, däp-dessurlary we täzelikleri, nusgawy liriki poeziýanyň ӧzara tipologiýa meselelerini öwrenen edebýatçy Mukaddes Täjibaýewa "Jedit edebiýatçylarynyň dӧredijiliginde nusgawy edebiýatyň däpleri we ussatlyk meseleleri" atly kitabynda: "Jedit edebiýatynyň wekilleri nusgawy edebiýatyň taryhyny, ideýa we çeperçilik däpleriniň we poeziýa görnüşleriniň XX asyryň başlarynda täze şertlerde, dowam etdirdiler, nusgawy edebiýatymyzyň janr häsiýetlerini ӧzüniň dӧredijiliginde siňdirip, nusgawy däpleri täzeçillik ýola goýmaga hereket etdiler, edebi ösüş prosesiniň dowamlylygyny üpjün etdi we milli galkynyş döwrüniň edebiýatynyň prinsipinde däpleşen edebi janrlar, simwoloki hem-de şahyrana elementleri bolan adaty edebi janrlardan netijeli peýdalandy”35 , – diýip nygtaýar. Şeýle-de bolsa, şahyrana şekillerde däpleşen "gül", "bilbil", "aşyk", "magşuk", "duşman" ýaly birnäçe nusgawy edebiýatdaky obrazlar milli galkynyş dӧwri türkmen edebiýaty şahyrlarynyň dӧredijiliginde adatydan täzeçillige tarap öwrüldi. Häzirki zaman özbek poeziýasyny barlag eden filologiýa ylymlarynyň doktory Ulugbek Hamdam ӧzüniň “Täze özbek şygryýeti” atly kitabynda jedit şahyrlarynyň dӧredijiliginden bäri üýtgän XX asyr özbek poeziýasynda "täzeçillik" adalgasyny ulanýar. Şeýle hem, H.H.Nyýazy, Çulpon, G.Gulam, Aýbek, E.Wahidow, A.Aripow, Ş.Rahman ýaly birnäçe şahyrlaryň dӧredijiligi mysalynda üýtgeşmeleriň mazmuny, poeziýanyň ölçegindäki üýtgeşmeler, olaryň esaslary, liriki poeziýanyň şahyrana häsiýetleri öwrenilýär36. Türki poeziýada T.Jumamuratow, I.Yusupow, K.Karimow, A.Aripow, M.Yusup, B.Kerbabaýew, K.Gurbannepesow, A.Mammedow, N.Meredow we beýleki sӧz ussatlary umumylyk jähtden çeper sӧz sungatyna mehr-muhabbet-sӧýgi duýgusy bilen halkyna hyzmat etmek ýaly esasy wezipäni ýerine ýetirmekde umumy sazlaşygy, ýagny, tipologiki meňzeşlik – bir bütinligi döretdi. Esasanda, edebi we nazaryýet nukdaýnazaryndan dürli sungat eserleriniň mazmunynyň täzelenmegi çeper gözleglere alyp barýar. Genetiki taýdan biri-birine ýakyn bolan halklaryň edebiýatlarynyň arasyndaky şahyrana yzygiderliligini öwrenmekde aýratyn indiwidual milli aýratynlyga, sӧz uassatlarynyň ýaşan sebitine we olaryň gelip çykyşyna üns bermeli. Ӧňki dӧwürde bir sebitlerde ýasan edebi mirasda-da däp-dessurlaryň we üýtgeşmeleriň ӧzara ýakynlygy göze ilýär. Çeper edebiýatda temany, şekillendiriş usullaryny, çeper görnüşi, mazmuny we täze düzgünleri döredýän, gaýtalanmaýan edebi hadysalary täze nesiller tarapyndan bar bolan däp-dessurlaryň täzelenmegi görnüşinde durmuşa geçirilýändigini bellemelidiris. Türkmen lirikasyndaky gurşaw meýdany pafosyndan Milli duýgulary düşünmek, duýgular, watançylyk, gözellik ýaly düşünjeleriň derňewi ýigriminji asyryň 60-70-nji ýyllarynda, esasanam ýigriminji asyryň soňky çärýeginde edebiýat meýdanyna girip gelen edebiýat nesilleriniň dӧredijiiginde düýpgöter täzelenip başlady. Mysal üçin, türkmen şahyry Aman Kekilowyň: «Ençe agyr günleri geçirdiň başdan, Watan, Gezeldi ganly penje içden hem daşdan, Watan, Aýra düşdüň ah çekip, dogan-gardaşdan, Watan, Açylmandy hiç wagt gözüň talaşdan, watan, Ganly köreşde ösdüň düşmediň güýçden, Watan», – (A.Kekilow. «Watan») diýen şekili boýunça bäş setirli, mazmuny kasyda (öwgi) gӧrnüşinde ýazylan şygyr setirlerinde liriki gahrymanyň Watan baradaky içki duýgulary mazmuny we şekil jähtden täze ugry ýüze çykarandygyny görmek bolýar. Munuň sebäbi, şahyr ӧzüniň şygryny nusgawy edebiýatda Magtymgulynyň, Mollanepesiň poeziýalarynda duş gelýän muhalles, kasyda (öwgi) şekillerinde täze görnüş döredýän bäş setirli şygryny ýazmagydyr. Özbegistanyň halk şahyry Aman Matjan, meşhur ýazyjy Numan Rahimjanow bilen geçirilen söhbetdeşlikde: «şekil, meniň nazarymda, sӧz ussadynyň pikirlerini döretmegiň usulydyr»37 – diýýär. Hakykatynda-da, şahyr belli bir mazmuny - dӧredijilik niýetini aňlatmak üçin bir şekili, görnüşi saýlaýar. Bu saýlaw, şahyrlaryň şahyrana pikirlenişinde düýbünden aňly we kä halatda adatdan daşary görnüşinde bolup biler. Ýaş şahyrlarda bu ruhy psihologiki proses ӧzüne çenli bolan sӧz ussatlaryna öýkünmek we käbir wagtda olaryň däp-dessurlaryny goldamak görnüşinde belli bolar. Adaty şekiller mazmunyň täzelenmegi bilen özleriniň täze edebi önümlerini getirýär. Aslynda, edebiýat ylymlary nukdaýnazaryndan syn edilende edebi görnüşiň kem-kemden, mazmun bolsa wagtyň geçmegi bilen zamana baglylykda çalt üýtgeýän filosofiki we estetiki kategoriýalardyr. Şonuň üçin edebiýat taryhynda bar bolan şygyr görnüşleriniň wagtyň geçmegi bilen esasan mazmunyň hasabyna täzelenendigini görmek bolýar. Türkmen edebiýatçysy K.Jumaýew geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda türkmen poeziýasynyň täzelenmegi barada: «Çeper eser, täze pikirleriň, wakalaryň nukdaýnazaryndan bolup geçen üýtgeşmeleri aýdyň beýan etmek, jemgyýetde täze gatnaşyklar, täze gahrymanlar döretmek, geçmiş edebiýatymyzyň progressiw däplerini ulanmak, däp-dessurlary ösdürmek we üýtgetmek üçin çeper gurallary, stilleri saýlaýar. Häzirki zaman türkmen poeziýasynyň ilkinji ädimleri hem şeýle başlandy»38 – diýip ýazdy. Aslynda şeýle öwrüm edebi prosesde bolup geçdi.Türkmen liriki poeziýasynda iň ilki adaty görnüş hasaplanan murabba şygyr şekili dowam edilip, şahyrlar täze zamana laýyk usullar bilen onuň mazmunyny giňeltdi we çuňlaşdyryldy. Türkmen şahyry K.Gurbannepesowyň "Ӧmürime pent" atly şygrynda: Hem akyl ber, hem iliňden akyl al, Kitapdan däl, gara erden nakyl al, Alan zadyň demiň bilen ýakyp al, Soň ene-de eriň süýdün emip git. Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol, Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol, Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol, Teşne görseň, dodagyna damyp git39. – diýen şygyr setirlerinde liriki gahryman, adamyň bu dünýäde ӧzüniň gara zähmeti bilen ýetişen ähli gazananlarynyň süýjüligini “gara ýer” epiteti arkaly obrazly aýdyň suratlandyrýar, şygryň üçünji setirinde gizlin mazmun pikir edip bolmajak zady, ýagny "alýan zadyňy demiň bilen ýakyp almak" suratlandyrmaklyga esaslanýar. Soňky bentde hemme zada düşünseň, şonda seniň işlän işleriň oňat bolýandygyny çeper detal "polat" bilen deňeşdirip suratlandyrýar. Elbetde, şahyr bu ýerde öz pikirini nusgawy poeziýada köpden bäri bar bolan "Zähmetiň bilen hemme zada ýetersiň" görnüşinde beýan etmedi. Şeýle hem, soňky bendiň dördünji setirinde teşne adama suw beriň, oňa kömek ediň, sag bolsun alyň, şonda adyňyz dünýäde baky galar diýip pikiri jemleýär. Şahyr öz şygrynda ruhy derňewler üçin tebigy hadysalary suratlandyrmaga synanyşypdyr. Şonuň üçin şahyr ýokardaky şygrynda dag, çöl, bulut ýaly tebigy hadysalaryň analoglaryna ýüzlenýär we ony özüne laýyk usulda suratlandyrýar. Şygyr şekili adaty görnüşde bolup, à-à-à-b, w-w-w-b gӧrnüşinde kapyýalaşýar. Setirleriniň bogun sany 11 bogundan ybarat.Şeýle-de bolsa, şahyr şygryny ýazanda çeper şekile täzelik girizdi.Şahyr şygryň soňky bentlerini erkin ӧlcegde ýazýar. Bu şahyryň barmak ӧlçegi bilen erkin ӧlçegiň sintezinden emele getiren täze şygry: Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň, Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň. Söýgüňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň – Bir oguldan Ýeňlip hem eňip git. Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen, Seňkä görä has ýitiräk huş bilen. Aýak däl-de, parasatly baş bilen Ýeňse ogul – gözüň rahat ýumup git40. Şahyr erkin ӧlçegde ýazylan şygryny däpleşen şekilden nusga alyp, ony täze görnüşe girizdi. Emma şygryň basgançaklara bӧlünen setirlerini bir ýere birleşdirseň 11 bogunly bir setir peýda bolýar. Şeýlelikde, murabba şekili gӧze düşýär. Şonuň bilen birlikde, şahyr bu bentde antitezaly usuly ulanyp, adam ӧmrüni pasyllar bilen deňeşdirýär hem-de adam ӧmünde hemişe ýeňise ýetişmek gerekdigini, şonuň üçin zähmet çekmeli diýen mazmuny düşündirmekde "ýeňip ýaşa" sözüne üns berýär. Şygryň täzeliklerinden ýene-de biri "Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip ӧt" söz utgaşmasy şygyr setirlerinde çylşyrmly düşünje döredýär. Şygryň soňunda seniň terbiýelän perzendiň akylly, halka, ene-atasyna mähirli bolsa we zähmet bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçse, "gözüňi rahat ýumup git" – sen ondan razy bol, diýen pikirler jemlenýär. Nusgawy poeziýada, adaty däpleşen murabba şekilinde esasan, didaktiki şygyrlaryň ýazylandygyny bilýäris. Edebiýat taryhyndan belli bolşy ýaly, sopuçylyk taglymatlarynyň görnükli wekili Türküstanda Hoja Ahmet Yassawy, XVIII asyrda türkmen edebiýatynda Magtymguly, XIX asyrda garagalpak edebiýatynda Ajiniýaz, Berdak şahyrlar didaktiki şygyrlary ösdürip, soňky nesillere miras galdyrypdyr. Türkmen edebiýatynda nusgawy edebiýatda peýda bolan murabba şygyrlaryna "goşuk" diýilýärdi. Şeýle-de bolsa, A.Bekmuratow "Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp we täzeçillik" monografiýasynda "goşuk" we murabbanyň bir zat däldigini nygtaýar we edebiýatçy I.W.Steblewanyň Mahmyt Kaşgarynyň diwanynda getirilen şygyrlaryny arap poeziýasynyň murabba şekili diýen pikirlerine garşy çykýar. A.Baýmyradowyň pikiriçe, Mahmud Kaşgarynyň şygyrlary "Goşuk" sekilinde ýazylypdyr41. Türkmen teoretigi Ӧde Abdyllaýew "Edebiýat teoriýasy" atly kitabynda goşuk we murabbanyň bir şekildigini we adaty şekildigini aýdýar42. Filologiýa ylymlarynyň doktory A.Mammedow43hem bu pikiri goldaýar. Bu pursatda, Ӧde Abdyllaýewiň pikirlerini hem goldaýarys. Türkmen alymy Ӧde Abdyllaýew XX asyryň türkmen poeziýasynda peýda bolan dört setirli birnäçe bentlerden ybarat şygyrlary bentlerdäki kapyýasy jähtden biri-birine baglanyşykly bolmadyk, murabba seredende has uly sýujetli eserleri ýazmagyna we mazmuny erkin beýan etmegine mümkinçilik berýändigini belläp geçdi.44 Filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Haýtow Gündogar çeper şekilleriniň täsiri barada şeýle ýazýar: «90-njy ýyllaryň poeziýasynda çiston, rubagy, fard we gazal ýaly nusgawy poeziýa janrlary bilen birlikde şahyrlar nezirede (tatabbu) öz eserlerini döretmegi başardylar. Bular "falonçiona" ýa-da "... tatabbu" görnüşinde ýüze çykýar. Mysal üçin, B.Ruzimuhammadyň dӧredijiliginde "Gurhana tatabbu", "Franz Kafka tatabbu" görnüşinde berilýär, G.Mirzoda "mashrabona" görnüşinde berilýär, Fahriýarda "Rumiýana" diýilýär45. "Tatabbu" "arap sözi bolup," bir zada eýermek, bir zadyň yzyndan gitmek, bir zat gözlemek" manysyny berýär. Edebiýat ylymynda "tatabbu 'baglaýjy", "baglaýjy nezire", ýagny başga bir soz ussadyna eýerip şygyr ýa-da başga bir janrdaky eseri dӧretmek manysyny aňladýar. Şeýlelikde, ýigriminji asyryň türkmen edebiýatynda gazal, rubagy, tuýuk, muhammes ýaly birnäçe janryň nusgawy görnüşlerinden dowam edýändigi we bu ugurda dӧredijilik eserleriniň okyjylara hӧdürlenýänligi hakykat. Türkmen poeziýasynyň ӧsüşinde Günbatar çeper şekilleriniň-de uly täsiri boldy. Bu ugurda K. Gurbannepesow, G. Ezizow we başgalar çeper gözlegde boldular, milletiniň poeziýasyna täze görnüşleri getirdi we bu görnüşler soňky nesliň sӧz ussatlary tarapyndan dowam etdirildi. Olaryň lirikasynda kapyýa, ritm, bogun erkin boldy. Türkmen lirikasyndaky bu gӧrnüşdäki "tekjeme-tekje" şygyr şekillerine, esasan, W.Maýakowskiniň şygyrlary täsir edipdir. «… Erkin şygyr, köplenç adaty şygyr görnüşinde beýan edilip bilinmeýän pikir-duýgyny berip biler. Çünki, formanyň erkinligi, kapyýanyň sazlaşygy we ritmiň erkinligi şahyra şeýle giň mümkinçilikleri dӧredýär. Emma bu diňe bir mümkinçilik. Ony nädip ulanmalydygy her şahyryň ӧzüne baglydyr»46. Şonuň üçin şahyrlar ӧzleriniň aýratyn başarnyklaryna baglylykda erkin ölçeg görnüşini ulandylar. Mysal üçin, türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň: Günlerimiz Ömürlerimiz ötinçä. Merjen dänesi deý düzülmelidir. Söýgüde duýgular bolmaly inçe, Çala galplyk etseñ, üzülmelidir. Söýginiñ derdine hormat goýmaly, Şo dert bilen önýär tämiz duýgymyz. Biz, elmydam, hesret çekip söýmeli, Degýän bolsa şol hesrete söýgimiz!47– Diýen goşgy setirlerinde teswirler gysga setirlere bölünýär we tekjeme-tekje beýan edilýär. Şahyryň ussatlygy, söýgi temasyny filosofiki nukdaýnazardan baglanyşdyrýar we paralel ýagdaýda durmuş we ölüm, söýgi we hyýanatçylyk, kynçylyk we hasrat meselelerini suratlandyrýar, soň bolsa parahatçylykda ӧmür sürmek, söýgi bilen ýaşamak pikirini öňe sürýär. Bu ýerde, erkin ӧlçegde ýazylan şygyrda beýan edilen pikirleriň we duýgularyň tebigatyny tekiz ritmiki tolkunda däl-de, eýsem, şygryň birinji, ikinji we dördünji, bäşinji setirlerinde piker-duýgyny güýçli ritmde aýatyň bellemek üçin setiri iki setire bölýär. Soňky bentde bir setir üç gysga setire bölünýär. Bu usul arkaly şol bir setiriň sözleri aýdyň, kesgitli ritmde aýdylýar, pikiriň manysy açylýar we emosional häsiýeti güýçlenýär. Ýagny, şygryň ahyrynda kynçylyklar bilen söýgi gazanylsa we gaýgy söýgi bilen deň bolsa, onda bu hasrata çydamaly diýen pikir ӧňe çykarylýar. Garaşsyzlyk dӧwründe türkmen poeziýasynda şahyrlar şygyr bilen dessan görnüşini hem döretdi. Türkmen şahyry N.Rejepowyň "Dal bedew" eseri muňa mysal bolup biler. Dogry, şular ýaly görnüşleriň ýüze çykmagy nusgawy poeziýada-da bar. Şeýle-de bolsa, şahyrlar bu adaty görnüşleri häzirki zaman poeziýasynda täze usulda ulanyp, ӧzleri täze şygyr görnüşlerini döredendigi bellärliklidir. Bu nukdaýnazardan häzirki türkmen şahyrlarynyň liriki poeziýasynda Gündogar nusgawy edebiýatynyň şahyrana görnüşleri mazmun taýdan täzelendi. Download 88.38 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
ma'muriyatiga murojaat qiling