Özbek filologiýasy fakulteti türkmen dili we edebiýaty kafedrasy


Download 88.38 Kb.
bet2/8
Sana18.06.2023
Hajmi88.38 Kb.
#1590203
1   2   3   4   5   6   7   8
Bog'liq
Mämetjanow D.

ANNOTASIÝA
«Soraşanda asly bir, sözleşende dili bir, dini bir» türki halklarynyň agzeki we ýazuwly poeziýasynyň baý we reňme-reň żanrlar sistemasy köptaraplary bilen özara ýakyn hem-de birmeňzeş häsiýetlere eýe. Sebäbi, türki halklar owal-owaldan biri-birleri bilen sotsial-ykdysady, medeni gatnaşykda bolupdyr we ol gatnaşyklar häzir Garaşsyzlyk zamanada hem dowam edýär. Olaryň şeýle dostlukly gatnaşyklary bu halklaryň edebiýatlarynyň-da biri-birine ýakynlaşmagyna, edebi gatnaşyklaryň giňden rowaçlanmagyna alyp geldi. Edebi aragatnaşyk bolsa, milli edebiýatyň pajarlap ösmeginde uly roly ýerine ýetirýär.
Garaşsyzlygyň netijesinde medeni durmuşymyzda bolup geçen täzeleniş prosesi çeper edebiýatda hem öz beýanyny tapdy.Ýurdumyzda ylym-bilime, edebiýata we sungata uly üns berilýändigi sebäpli çeper edebiýat ӧzüniň ideýa ugry, tematikasy we şahyrana tebigaty taýdan täze ädime gadam basdy.
Hususan-da, ýurdumyzda kitaplary çap etmek we giňden ýaýmak ulgamyny ösdürmek, kitaby okamagy we kitaby söýmek medeniýetini ýokarlandyrmak üçin giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegi, çeper edebiýatyň gözlegini we wagyz edilmegini çaltlaşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Ş.Mirziýoýewiň: "Edebiýata we sungata, medeniýete üns, ilkinji nobatda halkymyza üns, geljegimize üns"1 – diýen sӧzlerinde halkymyzyň näçe asyrlyk altyn hazynasy hasaplanýan medeni we edebi mirasymyzyň bu günki ähmiýeti, ýaşlarymyza geçmiş we bu gününden sabak berýän terbiýe mektebi bolýandygy hakyndaky pikirler jemlenen.
Elbetde, her bir halkyň edebiýaty şol halkyň milliligine esaslanýar, durmuş şertlerinden, içki kanunlaryna garaşly bolýar. Şonuň üçinem, edebiýat bir halkyň ady bilen atlandyrylyp, özüne mahsus çeper däpleri dowam edýär. Şeýle bolsa-da, «Her bir milli edebiýat beýleki edebiýatlardan böleklenip, ýeke halynda ösmeýär.


Giriş.
«Soraşanda asly bir, sözleşende dili bir, dini bir» türki halklarynyň agzeki we ýazuwly poeziýasynyň baý we reňme-reň żanrlar sistemasy köptaraplary bilen özara ýakyn hem-de birmeňzeş häsiýetlere eýe. Sebäbi, türki halklar owal-owaldan biri-birleri bilen sotsial-ykdysady, medeni gatnaşykda bolupdyr we ol gatnaşyklar häzir Garaşsyzlyk zamanada hem dowam edýär. Olaryň şeýle dostlukly gatnaşyklary bu halklaryň edebiýatlarynyň-da biri-birine ýakynlaşmagyna, edebi gatnaşyklaryň giňden rowaçlanmagyna alyp geldi. Edebi aragatnaşyk bolsa, milli edebiýatyň pajarlap ösmeginde uly roly ýerine ýetirýär.
Garaşsyzlygyň netijesinde medeni durmuşymyzda bolup geçen täzeleniş prosesi çeper edebiýatda hem öz beýanyny tapdy.
Ýurdumyzda ylym-bilime, edebiýata we sungata uly üns berilýändigi sebäpli çeper edebiýat ӧzüniň ideýa ugry, tematikasy we şahyrana tebigaty taýdan täze ädime gadam basdy.
Hususan-da, ýurdumyzda kitaplary çap etmek we giňden ýaýmak ulgamyny ösdürmek, kitaby okamagy we kitaby söýmek medeniýetini ýokarlandyrmak üçin giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegi, çeper edebiýatyň gözlegini we wagyz edilmegini çaltlaşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Ş.Mirziýoýewiň: "Edebiýata we sungata, medeniýete üns, ilkinji nobatda halkymyza üns, geljegimize üns"1 – diýen sӧzlerinde halkymyzyň näçe asyrlyk altyn hazynasy hasaplanýan medeni we edebi mirasymyzyň bu günki ähmiýeti, ýaşlarymyza geçmiş we bu gününden sabak berýän terbiýe mektebi bolýandygy hakyndaky pikirler jemlenen.
Elbetde, her bir halkyň edebiýaty şol halkyň milliligine esaslanýar, durmuş şertlerinden, içki kanunlaryna garaşly bolýar. Şonuň üçinem, edebiýat bir halkyň ady bilen atlandyrylyp, özüne mahsus çeper däpleri dowam edýär. Şeýle bolsa-da, «Her bir milli edebiýat beýleki edebiýatlardan böleklenip, ýeke halynda ösmeýär. Olar biri-birinden edebi täsirlenýär»2. Şonuň üçin hem belli türkmen şahyry Ahmet Mämmedow edebi baglanyşyk hakynda şeýle oňat pikiri öňe goýýar. «Her bir dörediżi özüniň eserleriniň çeperçiligi, ideýa-mazmuny, dereżesi we başga-da birnäçe çeperçilik taraplary bilen ikinżi bir dörediżide höwes döretmese, onda edebi täsir hakynda söz etmek asla mümkin däldir»3 – diýip belleýär. Hakykatynda-da, bir dörediżi ikinżi bir dörediżide uly täsirżeňligi emele getirýändigini çeper eserleri okanymyzda göz öňümize gelýär. Şonuň üçinem, häzirki garaşsyzlyk döwründe doganlyk halklarynyň arasyndaky aragatnaşygy ýene-de has berkitmek we ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu gatnaşyk diňe bir syýasy-ykdysady gatnaşyklar bilen çäklenmän, eýsem, şol bir wagtyň özünde medeni hem edebi baglanyşyklary üznüksiz dowam etdirmegiň zerurlygyny durmuşyň özi getirip çykarýar. Bu bolsa öz nobatynda köpmilletli doganlyk halklarynyň edebiýatlarnyň baýlaşmagynda möhüm rol oýnaýar. Diýmek, milli edebiýatlaryň özara baglanyşygyny hem-de bir-birlerini doldurmak protseslerini öwrenmek hem-de bu ýagdaýy giňden analiz etmek, hemme taraplaýyn örän ähimiýetli meseledir.
Hakykatynda-da iki halkyň edebi gatnaşyklaryny bügünki edebiýatşynaslygyň nukdaýnazaryndan öwrenmek derwaýys meseleleriň biridir. Biziň bu kesplik işiň mowzugy hökmünde türkmen we garagalpak halklarynyň edebi gatnaşygy, türkmen we garagalpak halklarynyň poeziýasynda żanr we çeper forma babatyndaky baglanyşyk meselesini giňişleýin öwrenmekdäki esasy wezipeler hem ine, şu derwaýys mesele bilen berk baglanyşyklydyr.

Download 88.38 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling