Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet40/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

§ 20. AÝYRGYÇLAR


▲ Sözlemde atlara at hyzmatynda gelen sözlere bag- lanyp, olary aýyklap gelen sözler aýyrgyçlardyr.
Aýyrgyçlar baglanýan sözlerini aýyklap, olaryň manysyny anyklaşdyrmaga hyzmat edýärler.
Meselem:
Diýaryň enesi agtygynyň okaýşyna guwanýar.
Bu sözlemdäki Diýaryň, agtygynyň sözleri aýyrgyç bolmak bilen, olaryň birinjisi ady enesi, ikinjisi bolsa okaýşyny diýen atlaşan sözi aýyklap, bularyň manylaryny anyklaşdyryp geldi.
Aýyrgyçlar dürli sös toparlaryndan bolup biler. Meselem:
Zähmetiň nany süýji, ýaltanyň jany süýji. Hünärli ýigit hor bolmaz.
Mysallardaky zähmetiň, ýaltanyň, hünärli aýyrgyçlary atdan we sypatdan ýasalypdyr.
Aýyrgyçlar aýyklaýan sözlerine ylalaşma, ýanaşma we eýerme ýollary arkaly baglanýarlar.
Meselem:

  1. Siziň okuw kitabyňyz ýerbe-ýermi?

  2. Artygyň çuňňur pikirini dor alaşanyň kişňäp dyza- masy bozdy.

(B. Kerbabaýew «A. ä.»).

  1. Ol Özbegistan ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolup işledi.

Alnan sözlemleriň birinjisinde aýyrgyçlar ylalaşma, ikinjisinde ýanaşma, üçünjisinde hem eýerme ýoly arkaly baglanyşýarlar.
Aýyrgyçlar aňladýan manylaryna, jogap bolýan sorag- laryna we baglanyş ýollaryna garap üç topara bölünýärler: degişlilik aýyrgyjy, sypat aýyrgyjy, meňzetme aýyrgyjy.


Aýyrgyçlar
Degişlilik Meňzetme Sypat



  1. nji gönükme. Aýyrgyçlary tapyň.

Ýaşulular hem öz gezeginde ösüp gelýän ýaş nesle terbiýe bermekde tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Ýaşlary zähmet çekmäge, maşgala agzybirligini döretmäge olar uly hemaýat edýärler. Ene-ata hormat goýmak hem ulyny sylamak bilen baglanyşykly däpler ahlak kadalarynyň gowusydyr. Türkmen halkynda bu däp örän ýörgünli terbiýelemekde uly rol oýnaýan däpleriň biri.
«Ene-atam – şirin dilli ussadym», «Irden turup, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy», «Kümüş – gyzylyň könesi bol- maz, ene-atanyň bahasy bolmaz» diýen nakyllar ata-enä bolan söýgini, hormat-sylagy aňlatmaýarmy eýsem?!
Biziň halkymyzda enä hormat goýmak has hem güýçlüdir. Şonuň üçinem ene hakda gürrüň edenlerinde, ony musulmanlaryň iň hormat goýýan Käbe metjidi bilen deňeşdirýärler, enelere «Käbäm enem», «Käbäm» diýip ýüz tutýarlar. (Gazetden).



  1. - Türkmen dılı, 7-nji synp.


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling