Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet48/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Çykyş Sebäp hem maksat Hal-ýagdaý Meňzetme

§ 25. WAGT DOLDURGYJY


▲ Wagt doldurgyjy aýyklanýan sözüniň, aňladýan gymyldy hereketiniň wagtyny bildirýär we haçan? näwagt? näçe wagt? diýen saraglara jogap bolýar.
Wagt doldurgyjy aşakdaky ýaly sözlerden bolup biler:

  1. Wagt aňladýan ir, giç, ertir, agşam, daňdan, gyşyna

… ýaly sözlerden:
Meselem: 1. Biz çöle ertir (haçan?) gidýäris. Ekinler hasyla ir (näwagt?) durdy.

  1. Wagt-orun düşümdäki käbir sözlerden:

Meselem: Özbegistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (haçan?) abul edildi.

  1. Öň-soň, owal, (ozal), bäri ýaly sözleriň kömegi bilen:

Meselem; Suwa girmezden öň (haçan?) çykmagyň ba- rada alada et.

  1. Bäri sözi öňündäki söz bilen birlikde hereketiň başla- nan wagtyny aňladýar.

Meselem: Köpden bäri (haçandan bäri?) edip ýören arzuwymyz hasyl boldy:

  1. Çenli sözüniň kömegi bilen. Bu söz öz öňünden ge- len ýöneliş düşümdäki wagt aňladýan söz bilen birlikde wagt doldurgyjy bolup bilýär.

Meselem: Biz bu işi ertire çenli (haçan?) gutarýarys.

  1. Çykyş düşümde gelen käbir sözlerden:

Meselem: Ýene bäş günden (haçan?) goňşy mekdebiň sportçylary bilen duşuşyk boljak.

  1. Wagt doldurgyjy işiň dowamlylygyny hem aňladyp biler:

Meselem: Agam on bäş ýyl (näçe ýyl?) bagbançylyk etdi. Dursun telim günläp (näçe wagt?) okalga gatnady.



  1. njy gönükme. Wagt doldurgyjyny we olaryň baglanýan sözlerini tapyň. Wagt doldurgyçlarynyň aşagyny çyzyň.




  1. Ir turan işden dynar. (Nakyl).

  2. Giç ýat, ir tur, alty pişegi artyk ur.

  3. Biziň eramyzyň VI–VII asyrlarynda feodalçylyk gur(?)luşy ýüze çykyp başlaýar.

  4. Owwal adamdan gaçma, gaçsaň, asla el berme.

«Jan aga, özüň bil!» diýip, her näkese ýalbarma, Kyrk ýyl maýa gezýänçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

  1. Döwletimiziň baýdagy 1991-nji ýylyň noýabrynda tassyklandy. Döwlet gerbimiz bolsa 1992-nji ýylyň 2-nji iýulunda tassyklandy. Respublikamyzyň döwlet senasy 1992-nji ýylyň 10-njy dekabrynda tassyklandy.

  2. Biziň eramyzdan öňki VIII asyrda gul eýeçilik gur(?) luşy berkarar bolýar.

  3. Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar. (Nakyl).

  4. Men ýigrimi ýyldan bäri mugallymçylyk kärinde işläp gelýärin.


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling