Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
nji gönükme. Aşakdaky böleklerden meňzetme aýyr- gyçlaryny tapyň, olaryň baglanýan sözlerini, sözlemdäki hyzmatyny düşündiriň.
1. Ol perişde deý enesiniň gül ýaly ýüzünden sypa- lap otyr. Onuň çagadeý kalby lerzana geldi. (Gazet- den). 2. Erän gurşun ýaly ürgün çäge onuň dabanynyň astynda myzzaryp, yzyndan hatara çukanak galdyrdy. (B.Kerbabaýew «Nebitdag»). 3. Dünýäde garaşsyzlyk ýaly belent zat ýokdur. Garaşsyzlygyň saýasynda halkymyz dünýäniň ösen döwletleri ýaly berkarar döwleti gurmagy maksat edinýär. 4. Ýapynyň bir çeti gara öýler ýaly to- galak depelere direýär, aşak tarapyndaky peslikde bolsa düýbi garalyp ýatan howuz ýaly bäş-alty çukur bar. (Ga- zetden). 5. Şonda atasynyň ýüzünden togarlanyp gaýdan monjuk ýaly goşa gözýaş oglanyň gözüniň öňüne geldi. (S.Annasähedow «Göroglynyň gözleginde). 6. Onuň bal ýaly süýji sözi çagalaryň göwnüni göterdi. (Gazetden). Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz. (G.Seýitliýew). njy gönükme. Içinde meňzetme doldurgyjy bar bolan 6 sany sözlem düzüň. Aýyrgyçlaryň sintaktik derňew edilişi:Aýyrgyçlary sözlemden tapmak, olaryň aýyklaýan sözlerini görkezmek. Aýyrgyçlaryň görnüşleri: sypat aýyrgyjy; degişlilik aýyrgyjy; meňzetme ayyrgyjy. Aýyrgyçlaryň sözlemdäki hyzmaty. nji gönükme. Okaň aýyrgyçlary tapyň. Olary sintaktik taýdan derňäň. Gözel bardyr ak kagyz dek bilegi, Jan içinde bile bolar ýüregi. (Magtymguly). Atam ýaly müňläp-müňläp atalar, Özün dogratdyrdy bu döwür üçin (K.Gurbannepesow). Artygy özi ýaly bir topar aýagy gandally adamlar bilen köçä alyp çykdylar (B.K «A.ä»). Asylgy dur tutdan çekiza halta, Damyp dur gözýaş deý turşy damjalar. (A.Anna- berdiýew). Şonuň ýaly çynlakaý işe baş goşmakçy bolsa, hök- man maslahatlaşar hasap edýärdi. (B.Kerbabaýew «Aýgytly ädim») Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling