Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet49/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Aýyrgyçlary we wagt doldurgyjy bolup gelen sözleri tapyň. Olaryň öz baglanýan sözlerini aýyklýyşlaryny düşündiriň. Wagt doldurgyçlaryny depderiňize göçüriň.

Hytaýyň paýtagty Pekin şäheriniň ýakynynda, Ýanszy derýasynyň kenarynda sany onlarça müňe ýetýän türkmen ili ýaşaýar. Olar özlerine salyrlar diýip at berýärler. Bu- lar baryp XI asyrda türkmen taýpasynyň salgu, salyr ýaly at bilen ýatlanýan uly taýpanyň bir bölegi bolmaly. Bu salyrlar Samarkandyň töwereklerindäki Nurata daglaryn- dan 1370-nji ýyllar çemesinde Hytaýa göçüripdirler. Geň ýeri Türkmenistandaky we Özbegistandaky ildeşlerinden aýrylanlaryna ençeme asyr geçse-de, bu türkmenler özle- rine mahsus bolan däp-dessurlaryny, egin-eşigini we dilini unutmandylar. (Gazetden).

  1. nji gönükme. Göçüriň. Wagt doldurgyjyny anyklaň.

Ölümiňden öň diriligiňi, näsaglygyňdan öň sala- matlygyňy, bentligiňden öň boş wagtyňy, garrylygyňdan owal ýaşlygyňy, garyplygyňdan burun baýlygyňy gany- mat bil.
(Hadys).
S. 112-nji gönükme. «Edep başy-salam» diýen tema boýunça düzme ýazyň. Şu düzmede ýaşulularyň gürrüňlerinden, gönükmeleriň tekstlerinden peýdalanyň.


§ 26. ORUN DOLDURGYJY


Orun doldurgyjy kimde?, nämede?, nirede? diýen soraglara jogap bolup sözlemde aňladylýan pikiriň or- nuny, bolýan ýerini görkezýär. Orun doldurgyjy wagt-orun düşümdäki sözlerden bolýar.
Meselem:
Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz, Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz. Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz, Garşy bakar, peýkam-ýaýa seretmez.
(Magtymguly «S.E»)
Gyzlargülde (kimde?) edebi kitaplar köp. Bu olim- piadada (nirede?) Özbegistanyň sportçylary köp çykyş edýärler. Ol makalada (nirede?) seniň adyň bar.
Görkezme çalyşmalary käbir ýagdaýlarda yzlaryndaky söz bilen bilelikde orun doldurgyjy bolup biler.
Meselem:
Bu ýerde (nirede?) ýadygärlik guruljak.
Wagt-orun düşümindäki tarap, ýan, gapdal sözleri öz- lerini aýyklaýan sözler bilen bile orun doldurgyjy bolup biler.
Meselem:
Biz münberiň bäri tarapynda (nirede?) ýerleşdik. Siziň aňry ýanyňyzda (nirede?) boş orun barmy?
Daşynda, içinde, aňyrsynda, bärisinde, üstünde aşagyn- da ýaly sözler öňlerinden eýelik düşümdäki söz gelen ýagdaýynda orun doldurgyjy bolýarlar.
Meselem:
Stadionyň içinde (nirede?) basketbol oýny dowam edýär.




  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling