Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
nji gönükme. Göçüriň. Sypat aýyrgyçlary bolup ge- len sözleri tapyň. Olaryň haýsy söz toparlaryndan hasyl bo- landygyny anyklaň we sypat aýyrgyçlarynyň aşagyny çyzyň.
Dostsuz nahara duz kär etmez. Azapsyz ýeriň ady ýok. Ýigidiň güler ýüzi bolsun. Arkaly köpek gurt alar. Aç towuk düýşünde dary görer. Başa bela iki barmak dilden geler. Bijeli oglan aglamaz. Geňeşli don gysga bolmaz. Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin. Müň gaýgy bir iş bitirmez. (Nakyllar). nji gönükme. Sypat aýyrgyçlary bolup gelen sözle- ri tapyň. Olaryň haýsy söz toparlaryndan hasyl bolandygyny anyklaň. Watanyňy, il günüňi goramak, haýsy döwürligine ga- ramazdan, iň zerur zatlaryň biridir. Ýurduňy gorap, iliňi aman saklamak üçin bolsa her bir ynsanyň harby tälimden baş çykaryp bilmegi gerek. «Gorkut ata» eposynda şu meselä uly üns berlipdir. Diňe bir erkek adamlar däl, hat- da zenan maşgalalar hem muny öz mukaddes borçlary hasaplapdyrlar. Şonuň üçin bolsa gerek, eposdaky zenan maşgalalaryň her biri öý-hojalyk, çaga terbiýelemek ýaly aladalardan daşary harby tälimi ele alypdyr. At üstünde jaýdar oturup, ýarag işletmegi, duşman bilen başa-baş sö- weşmegi başarypdyrlar. (Žurnaldan). § 23. MEŇZETME AÝYRGYJY▲ Meňzetme aýyrgyjy kim ýaly?, näme ýaly?, nire ýaly? diýen soraglara jogap bolup, bir zadyň, bir adamyň başga bir zady ýa-da adama görnüş, häsiýet taýyndan meňzedilýändigini görkezýär we yzyndan ýaly, kimin, dek kömekçileri getirilen atlardan bolýar. Meselem: Keşt edip älem-jahany, Görmedim sen deý (kim deý?) gözel. (Mollanepes). Sadap eje çagajygyň nar ýaly (näme ýaly?) ýaňagyn- dan taýly gezek ogşady. Daşkent kimin (nire kimin?) owadan şäheri görme- dim. Bu sözlemlerdäki sen deý, nar ýaly, Daşkent kimin meňzetme aýyrgyçlary öz aýyklaýan sözleriniň gözel, ýaňagyndan, şäheri öňlerinden geldiler. -ça, -çe goşulmalary ýaly, kimin, dek kömekçileriniň hyzmatynda gelip, meňzetme aýyrgyçlaryny hasyl edip bi- lerler. Beýle halatda olary biri-birleri bilen çalşyrmak-da mümkin. Meselem: Göwnüm ýaly göwün görmedim. (Nakyl). Göwnümçe göwün görmedim. Sen ýaly adam dünýäde bolmaz. Sençe adam dünýäde bolmaz. (Gazetden). Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling