Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet11/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KANUN [kanu:n] II, at, kön.s. Al-Faraby 
tarapyndan IX asyrda oýlanyp tapylan kirişli saz 
guraly. Ýanynda mutrup çalyp, tambur, kanun birle 
naý (Andalyp). 
KANUNALAÝYK 
[ka:nu:nola:ýyk], 
syp. 
Kanuna bap gelýän, kanuna dogry bolan. 
Kanunalaýyk hereket. 
KANUNALAÝYKLYK [ka:nu:nola:ýyklyk], at. 
Kanuna bap gelmeklik, kanuna dogry, laýyk 
gelmeklik. Kanunalaýyk hereket. 
KANUNÇY [ka:nu:nçy], at. 1. Kanuny dogry 
ýöredýän, kanundan çykmaýan, kanunlary gowy 
bilýän adam. 2. göç.m. Hakykatçy, kanuna 
ýüzlenegen, bir zady subut etjek bolanda kanuna 
ýapyşýan, kanuny tutaryk edinýän adam. Ol gaty 
kanunçydyr, bikanun hereket edeniniň üstünden 
barmarsyň. 
KANUNÇYLYK [ka:nu:nçuluk], at. 1. Kanun 
çykaryjylyk. 2. Döwlet tarapyndan kabul edilen, 
çykarylan kanunlar. Düzgün-nyzamlylygy, tertip-
düzgüni we kanunçylygy örän dogry berjaý etmelidir 
(

Türkmenistan

). 
KANUNLAŞDYRMAK [ka:nu:nloşdurmok], işl
Belli bir kanuna salmak, kanun güýjüni bermek, 
kada-kanuna laýyk etmek. Toýjan öz bahanasyny 
kanunlaşdyrmaga näçe çalyşsa-da, ussa oňa 
ynanmady (B. Kerbabaýew).
KANUNLAŞMAK [ka:nu:nloşmok], işl. 1
Kanun esasynda çözülişmek, kanun esasynda
açylyşmak. Özüňiz hem kanunlaşyp aýrylyşdyňyz 
(

Edebiýat we sungat

). 2. Ýöredilýän belli bir kada-
kanuna 
eýerip 
başlamak, 
kanun 
esasynda 
düzgünleşmek.
KANUNLYLYK [ka:nu:nluluk], at. Kanuna 
eýermeklik, kanuna esaslanmaklyk . 
KANUNSYZ [ka:nu:nsuz], syp. Kanuny ýok; 
kanuna eýermeýän, kanuna ters gelýän, kanuna 
sygmaýan, bikanun, kada-kanuna laýyk däl. Men 
onuň kanunsyz hereketlerine sowukganlylyk bilen 
seredip bilmeýärin (B. Pürliýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling