Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet19/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEBŞIRLÄBERMEK [kevşi:rlä:vermek], işl. 
Kebşirlemäge girişmek, başlamak; kebşirlemek işini 
dowam etdirmek.  
KEBŞIRLI [kevşi:rli], syp. 1. Kebşir bilen 
seplenen, tutdurylan. Kebşirli saçlyk. 2. göç.m.Söze 
çeper, ýerbe-ýer aýdylan, syntgylanan, öz ýerinde 
aýdylan manyly söz. Ol ýene: – Bä, her ýerde kebşirli 
söze çeper adamlar bar-ow – diýip, kellesini yralap 
tassyklady (A. Durdyýew). 
KEBZE [kevze], at. Goluň arka tarapda gutarýan 
ýerindäki kepjä meňzeş ýasy süňki, pilçe. Kebzäňde 
göterip her gyşyň garyn, Agyr ýüki dokuz aýlap 
saklaýaň (M. Seýidow). 
KEÇ, syp. 1. Öz diýenini edýän, kesir, keçjal. 2
Ugruna bolmadyk, ters gelýän, ters. Işim kejine 
boldy-ow (

Görogly

). Kaýan çekdi keç ykbalyň, 
Nirelerden düşdi ýoluň (Ç. Aşyrow). 3. gepl.d. 
Ýaramaz, biderek. 
Ýer ýüzünde beýle-de bir 
keç ýer bolar ekeni (Ş. Borjakow). 

Kejine gaýtmak (gitmek) biriniň tersine 
gitmek, diýenini makul tapman, garşylyk görkezmek. 
Kejine tutmak. 1) öz diýeniňi tutup durmak. 2


17 
beterine tutmak (howa ýagdaýy hakynda). Harasat 
barha kejine tutýardy. 
KEÇAMMYRat. Gyzgyn demri gapjap tutmak 
üçin ulanylýan uzyn saply gural, ammyr. 
KEÇE, at. Gül basylyp ýa-da gül basylman, 
goýnuň ýüňünden ýörite usul bilen taýýarlanýan öý 
düşegi. Gülli keçe.


Keçe basmak gamşa dolanan, suwy gidýänçä 
garşylyklaýyn çekilen, keçe halyna geleňkirlän, 
keçeligi bilekläp basmak. Gollaryny çyzgap, dokma 
dokardy, keçe basardy (N. Pomma). Keçe bişirmek 
täze, köp düşelmedik ýa-da könelişip güýe düşen 
keçäniň süňňüni täzelemek we hilini gowulandyrmak 
üçin üstünden ýüň kirini guýup, bilekläp basmak. 
Keçe çekmek gamşa salnyp düýrlenen keçäniň iki 
ýerinden uzyn ýüp salyp, iki ýana çekip togalamak 
(şeýle edilende ýüň baslygyp, keçe halyna öwrülýär. 
Çekilýän keçäniň üstünden suw guýlup durulýar). 
Keçe düýrmek gamşyň üstünde gül basylyp 
taýýarlanan keçäni gamyş bilen birlikde düýrlemek, 
dolamak (gamşa düýrlenen keçe daşyna ýüp oralyp, 
az-azdan suw guýlup çekilýär). Keçe salmak 
saýylyp, daralyp taýýarlanan goýun ýüňüni gamşyň 
ýüzüne ýazyp, gül basyp, keçe etmek üçin 
taýýarlamak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling