Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Kejebäň darykmak (garyşmak)


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet21/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kejebäň darykmak (garyşmak) pursatlyk 
gaharyň gelmek, bir zat üçin dünýäň darykmak. 
KEJEBEGÖL [kejeveğö:l], at. Hala salynýan 
kejebä meňzeş owadan gölüň ady. 
KEJEBELEME 
[kejeveleme], 
iş 
ady. 
Kejebelemek ýagdaýy. 
KEJEBELEMEK [kejevelemek], işl. kön. s. 1
Düýäň üstünde kejebe gurnamak. 2. ösüml. d. 
Güllemek, gül çykarmak (tohumlyk sogan hakynda).
KEJEBELEMEKLIK [kejevelemeklik], iş ady. 
Kejebelemek ýagdaýy. 
KEJEBELEÝIŞ 
[kejeveleýiş], 
iş 
ady. 
Kejebelemek ýagdaýy. 
KEJELEŞMEK [kejeleşmek], işl. Biriniň kejine 
gaýtmak, tersine gitmek, biri bilen jedelleşmek, 
dawalaşmak. 
KEJEŇEKsyp. ser. Kesir 1. 
KEJEŇEKLIK, at, ser. Kesirlik. Kejeňekligi 
üçin, kakam oňa pent bermegi ýüregine düwýär (H. 
Garabaýew).
KEJEŞMEKişl., ser. Kejeleşmek. 
KEJI, at. Pile çekilip, ýüpek alnandan soň galan 
galyndy, ýüpegiň pes hili.  
KEJIGIBERMEK [kejiğivermek], işl. Kejigip 
ugramak, kejikmäge başlamak, öjeşibermek. 
KEJIGIŞMEK [kejiğişmek], işl. Her tarap öz 
diýenini gögertmek üçin, ýaňkalaşmak, öjügişmek, 
keçjallyk edişip durmak. 
KEJIKME, iş ady. Kejikmek ýagdaýy. 
KEJIKMEK, işl. Kesirlik etmek, öz diýeniňi 
tutup durmak, keçjallyk etmek. Annatuwagyň çendan 
ýersiz-ýere kejigýäni ony geňirgendirýärdi (B. 
Kerbabaýew).  
KEJIKMEKLIK, iş ady. Kejikmek ýagdaýy. 
KEJIKMEZLIK, iş ady. Kesirlik etmezlik, öz 
eňeňiňe tutmazlyk, keçjallyk etmezlik. 
KEJIR, syp., ser. Kesir I. Ol diýseň ynanmazak 
hem kejir adam eken (A. Nazarow). 
KEJIRLIK, at, ser. KesirlikDurdymyrat kejirlik 
bilen doganynyň diýenini etmezdi (B. Seýtäkow).  
KEKEÇ I, at. Horazyň, towugyň we ş.m. 
guşlaryň depesindäki üsti kert-kert ýasyja gyzyl 
ösüntgi, täç. Gyzyl kekeç horazlar harmandadyr ýar-
ýar.(“Monjugatdy”) 
KEKEÇ II, syp., gepl. d. Geplände sakynýan, 
sakaw. Kekeç çaga. 
KEKEÇLEK [kekeşlek], syp. Kekeji uly bolan. 
Kekeçlek horaz. 
KEKEÇLEME [kekeşleme], iş ady. Kekeçlemek 
ýagdaýy. 
KEKEÇLEMEK [kekeşlemek], işl., gepl. d. 
Sakynyp geplemek, sakawlamak. Emma kekeçläp 
geplemegi Nurberdi aganyň gaty gaharynyň 


18 
gelenliginiň alamaty bolandygyny oba adamlarynyň 
hemmesi bilýärdi (A. Gowşudow).
KEKEÇLEMEKLIK [kekeşlemeklik], iş ady. 
Kekeçlemek ýagdaýy.  
KEKEÇLEÝIŞ [kekeşleýiş], iş ady. Kekeçlemek 
ýagdaýy. 
KEKENE,at.haýwanat d.Hyýar, gawun ýaly 
ekinleriň pazylyny iýýän arkasy ýaşylymtyl ýa-da 
gyzyl meneklije möjejik. 
KEKILat1serKäkil2. Adam ady. 
KEKIRDEK, at. Kekirdewügiň bogazda gutaran 
ýeri, emenjek çukuryň ýokary başy; bokurdak, bogaz. 
Azat sen-men ýok, onuň kekirdeginden ýapyşdy (A. 
Nazarow).
KEKIRDEKLEMEK, işl., gepl.d. Kekirdege 
ýetmek, kekirdege çenli bolmak. Eger suw mes bolsa, 
onda meni kekirdeklärdi, mes bolmasa, meniň 
egnimden bolardy (

Edebiýat we sungat

). 
KEKIRDEWÜK [kekirdöwük], at. Öýkenden 
kekirdege çenli aralygy birleşdirýän bogun-bogun 
dem alyş ýoly.  
KEKRE [kekre], at. Ownuk çalymtyk ýaprakly, 
güli gotaz ýaly, tagamy ajy ot. Ajysy kekre bilen burç-
a beýlede dursun, zakgundanam ajydy (N. Pomma). 
Käte dilim bala degýär, Käte degýär ajy kekrä (K. 
Gurbannepesow). 


Kekre ýaly 1) örän ajy.. Agzymyň içi edil kekre 
ýaly. 2) yzgytsyz, hyrsyz. 
KEL1at. Adamyň kellesinde döreýän kesmekli 
ýokanç kesel. 2. syp. Şol kesel ýokuşan (adam). 3
syp. Saçy doly düşen, saçy bitmeýän (adam). 4syp., 
göç.m. Selçeň däneli (mekgejöweniň golçury 
hakynda). Ol ýetişendir diýip, bir mekgejöweni 
gaňyrdy weli, ol kel ekeni.


Keliň saçy ýaly örän seýrek, selçeň, gür däl. 
Kel tokly zordan sürä eýerýän, horja, zordan sana 
goşulýan tokly. 
KELAM [kela:m], at, k.d. 1. Söz, gürrüň, söhbet. 
Güneşli ülkämden salamly geldim, Kalbym doly 
alkyş, kelamly geldim (K. Gurbannepesow). 2. ser. 
Kelamylla. Hojam aga, siz taňrynyň kelamyny köp 
okaýan adamsyňyz (B. Kerbabaýew).


 Kelam agyzsöz bir-iki agyz söz. Ol kelam agyz 
söz aýtmady. 
KELAMYLLA [kela:mylla:], at. Gurhan. 
Kelamylla açyp, ykbal garanlar, Tapmady derdine 
derman, Çowdur han (Magtymguly). 
KELÇERMEK,işl., ser. Kilçermek. Sözle sözüň 
seljerip, 
Her 
zat 
diýme 
kelçerip 
(Halk 
döredijiliginden). 
KELÇIK, syp., gepl.d., ser. Kilçik. Eger bolsun 
diýseň ýeňil agyrlar, Kelçik sözläp agyrtmagyl 
bagyrlar (Magtymguly). 
KELÇIKLEMEK, 
işl., 
gepl. 
d., 
ser. 
Kilçiklemek. Kilçiklik etmek. Ýeri, ulyny-kiçini 
sylaman, kelçikläp durmasana! 
KELÇIKLIK,at, ser. Kilçiklik. Bular ýaly 
zatlary onuň kelçiklik hasaplaýandygy ýadyna 
düşdi. 
KELÇ-KÜLÇ, syp. Kilçige mahsus bolan 
ýuwan hereket. Onuň hem sebäbi kakamyň kelç-külç 
edip ýörmän, işine jür bolmagy bolsa gerek (H. 
Garabaýew).
KELEBAGAJY [kelevağajy], at. Ýüpegi, 
ýüplügi keleplemek üçin ýörite taýýarlanýan
agaç gural,enjam. 
KELEGAÝ [keleğa:ý], at, ýerli g., ser.
Ýelýyrtan
KELEK, syp. Şahy ýok, şahy bolmadyk, şahy 
döwlen. Kelek geçi. Kelek sygyr. 

Kelek baş bugdaý başy gylçyksyz ýa-da dänesiz 
bugdaý. 
KELEKBAZ 
[kelekba:z], 
syp. 
Oýunçy, 
pyrryldakçy, aldawçy. 
KELEKBAZLYK 
[kelekba:zlyk], 
at. 
Oýunçylyk, pyrryldakçylyk, aldawçylyk. 
KELEM, at. 1. Özeniniň daşyna ýapraklary 
dolanyp, kelleläp hasyl getirýän birýyllyk gök ekin. 
Atyzlaryň, joýalaryň gyralaryna kelem, käşir ekildi. 
2. Şol ekiniň hasyly. Onuň bir elinde kartoşkadan, 
düýp sogandan, almadyr pomidordan, kelemden 
hyryn-dykyn bolan tory bardy (B. Annageldiýew). 
KELEME I, at, taryh. On iki sagatlyk suw 
nobaty, dört suw. Bir keleme suwuň bolsa, Iki ýylda 
baý bolarsyň (Ç. Aşyrow). 
KELEME II, at. 1. ser. Kelam söz. Jygalybeg 
agtygynyň katdy-kamatyna guwanyp, şat bolup, bäş 
keleme söz aýdýar (

Görogly

). 2. Gurhanyň 
musulmanlyk şertini kesgitleýän bir süresi we onuň 
ady.  

 Kelemäňi çöwürmek, gaýtarmak (öwürmek) 
musulmanlygyňy ykrar etmek üçin Gurhan süresini 
sesli aýtmak. 
KELEMENLEME, iş ady. Kelemenlemek 
ýagdaýy.
KELEMENLEMEKişl. 1. Eliňi aşak-ýokaryk, 
eýläk-beýläk galgatmak. Gepläňde eliňi kelemenläp 
durmanda bolmaýarmy? 2. Ýokardan aşaklygyna 
galgap gaýtmak. 
KELEMENLEMEKLIKiş ady. Kelemenlemek 
ýagdaýy. 
KELEMENLEMEZLIK, iş ady. Kelemenläp 
hereket etmezlik.  
KELEMENLETDIRMEK, işl. 1. Elini aşak-
ýokaryk, eýläk-beýläk galgatdyrmak. 2. Ýokardan 
aşaklygyna galgatdyryp gaýtdyrmak. 
KELEMENLETMEK, işl. Eliňi aşak-ýokaryk, 
eýläk-beýläk galgatmak.  
KELEMENLEÝIŞ, iş ady. Kelemenlemek 
ýagdaýy.  
KELEP, at. Kelebagaja ýa-da leklekä saralyp 
alnan belli mukdardaky ýüpek sapak ýa-da ýüplük. 
Ak köýnekli ýüpekçi gyz, Kelebini sarap gelýär (M. 
Seýidow). 

Kelebiň ujuny ýitirmek ugruňy ýitirmek, 
näme edip, näme goýýanyňy, näme etjegiňi bilmän 
durmak, gaty aljyramak. 
KELEPÇE, at. ösümlik d. Ýasy ýaprakly, 
ýapragynyň ujy tikenli, ýylmanajyk däneli ot. Olar 


19 
göýül, kelepçe, dälijemäş, sersepil ýaly meýdan 
otlaryny-da şu güne çenli bilmeýär ekenler (N. 
Esenmyradow). 
KELEPLEME, iş ady. Keleplemek ýagdaýy. 
KELEPLEMEK, işl. Ýüplügi, ýüpegi kelep 
görnüşine getirmek, kelep agajyndan geçirmek, 
leklekä sarap, kelep etmek. Ýüpek keleplemegi ol 
derrew öwrendi, özi ýalylar bilen deňleşdi (K. 
Berdiýew). 
KELEPLEMEKLIK, iş ady. Keleplemek 
ýagdaýy. 
KELEPLEMEZLIK, iş ady. Leklekä,
kelebagaja ýüplügi, ýüpegi saramazlyk, kelep 
görnüşine getirmezlik. 
KELEPLENMEK, işl. Kelebagajy, lekleki 
arkaly kelepledilmek. 
KELEPLEŞMEKişl. 1. Birine ýüplügi, ýüpegi 
we ş.m. keleplemäge kömek etmek. Ýüpek 
kelepleşmek. 2. Bilelikde keleplemek. Iki gelin gerlen 
gat-gat ýüpden uj alyp, elleri kelebagajyly iki-baka 
gatnap, ýüplük kelepleşip ýördüler.  
KELEPLETMEKişl. Ýüpegi, ýüplügi we ş.m. 
başga birine kelep etdirmek. Ýüpek kelepletmek. 
KELEPLEÝIŞiş ady. Keleplemek ýagdaýy. 
KELEPLEÝJI, at. Ýüpegi, ýüplügi kelepleýän, 
keleplemek hünäriniň eýesi bolan aýal-gyz. Pile 
kelepleýji 
KELEPLEÝJILIK, at. Kelepleýjiniň hünäri, 
käri, ýagdaýy. Ol ýüpek kelepleýjilik hünärini ele 
aldy (

Edebiýat we sungat

). 
KELEPLÄBERMEK [keleplä:vermek], işl. 
Kelepläp başlamak; keleplemek işini dowam 
etdirmek. 
KELESAŇsyp.Ugursyz hereket edýän, saňsar. 
KELESAŇLYK, at. Kelesaňa mahsus bolan 
häsiýet, saňsaryň özüni alyp barşy, kemakyllylyk. 
KELETEN, at. Ýelkenli gämide ýelkeniň içine 
ýel düşer ýaly ýokary galdyryp, aşak goýberip durar 
ýaly ortasy demir halkaly uzyn togalak agaç. Keleteni 
çekip, galdyryp durar ýaly onuň uzyn ýüpi bolýar. 
Keletenimiz bolsa suwa gaçypdyr, Tamynyň gapdaly 
jaýryk açypdyr (A. Kowusow).



Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling