Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet29/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEMPERMEKLIK, 
iş ady. 
Kempermek 
ýagdaýy.
KEMPERTMEK, işl. Kempik hala getirmek. Ol 
agzyny kemperdip, bir zat çeýneýän ýaly bolup 
otyrdy. 
KEMPIK syp. Dişleriň dökülmegi sebäpli, agzyň 
töweregi içine ýykylan, eňegi öňe giden. 
KEMPIR, at. 1. Garry aýal, ýaşy bir çene ýeten 
aýal. Ol ilki bilen ýarty bedre suwy zordan göterip 
barýan altmyş ýaşlaryndaky bir kempire gabat geldi 
(Ö. Abdyllaýew). 2. gepl.d. Aýal, keýwany. Onuň 
öýündäki kempirinden gaýry hiç ýerde, hiç hili 
hossary ýok (N. Pomma).  
KEMPIRLIK, at. Öte garrylyk; kempiriň 
ýagdaýy. Ol kempirlik ýaşyna ýetipdi. 
KEMPUT [kempu:t], at. Daşy owadan kagyzly 
we kagyzsyz dürli görnüşdäki süýji tagamly konditer 
önüminiň ady. Soňra Sabyr eje kagyzyň üstüne 
kemput we köke döküp, oglanjygyň öňünde goýdy (H. 
Ysmaýylow).
KEMRYSGAL [kemyrysğal], syp.Rysgaly kem, 
güni-güzerany pes, bolaýmaly zatlardan hem nesibesi 
bolmadyk, nesip etmedik. 
KEMRYSGALLYK 
[kemyrysğallyk], 
at.Rysgaly kemlik, rysgalsyzlyk, nesibesizlik, 
nesibesi ýokluk. 
KEMSIDILME, iş ady. Kemsidilmek ýagdaýy.
KEMSIDILMEK, işl. Biriniň göwnüne, 
mertebesine degilmek, raýy ýykylmak, göwni ýetmän 
äsgerilmezlik, sanda görülmezlik.  
KEMSINDIRMEK [kemsinnirmek], işl. Bir 
zatdan nägile etdirmek, göwni çökgünlik halyna 
salmak. 
KEMSINIŞ, iş ady. Kemsinmek ýagdaýy. 
KEMSINME, iş ady. Kemsinmek ýagdaýy. 
KEMSINMEK, işl. Haýsydyr bir zadyň özünde 
ýokdugyna, şol zada ýetip bilmeýändigine we ş.m. 
zat üçin öz ýanyndan gynanmak. Olaryň şeýle 
üýşmekde ýokdugyna kemsindim (R. Gelenow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling