Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KEREPLEME, iş ady. Kereplemek ýagdaýy. KEREPLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet37/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEREPLEME, iş ady. Kereplemek ýagdaýy.
KEREPLEMEK, işl. 1. Kerep baglamak, kerep 
tutmak, kerep bilen örtülmek. Ol jaýyň burçunyň 
kereplän ýerlerini sübseledi.  2. Kerebe meňzeş sary 
çyrmaşýan zyýanly ösümlik düşüp kesellemek, kerep
bilen örtülmek, kerep düşmek. Kereplän üzümi 
saplamak üçin dürli dermanlar sepdiler. 3. Ýata 
suwuň, suwuklygyň ýüzi zeň pisint gyrpak bilen 
örtülmek, gyrpak emele gelmek. Kakyň suwy 
kerepläpdir. 
KEREPLEMEKLIK, iş ady. Kereplemek 
ýagdaýy.
KEREPLEÝIŞ, iş ady. Kereplemek ýagdaýy.
KEREPLI, syp. Kerebi bar bolan, kerep bilen 
örtülen, kerep tutan. Kerepli suw. Kerepli üzüm. 

Kerepli sakyrtga ekinlere zyýan beriji 
sakyrtga.
KEREPLILIK, at. Kerebi barlyk.
KEREŞME, at. Näz, näzirgeme, göz süzüp 
ýylgyryş. Kereşmedir aşyklaryň hünäri, Golaýyma 
sen gelmeseň, kim geler (Mätäji). 
KERGEDEN [kerğeden], at, ser. Kerk. Pilden 
kergedenden, döwden, periden, Taýpar çekip ýan 
bermer sen, Orazym! (Kemine). 
KERK, at. Afrikada we Günorta-Gündogar 
Aziýada ýaşaýan maňlaýy bir şahly uly haýwan, 
kergeden. Pil pişige döner, kerk sesin aňsa 
(Mollanepes). 
KERKAW [kerka:w], at. 1. Dagda gögerýän 
berk, gaty agaç. 2. Oglana dakylýan at. 
KERKI, at. 1. ser. Külüň. Gural ady. Dagyň 
göwsün kerki bilen gazanok, Gyzyl ýüzli, sary murtly 
ussalar (B. Hudaýnazarow). 2. Oglana dakylýan at. 
KERKILEME, iş ady. Kerkilemek ýagdaýy. 
KERKILEMEK, işl., ser. Külüňlemek
KERKILEMEKLIK, 
iş 
ady. 
Kerkilemek 
ýagdaýy. 
KERKILEŞMEK, işl., ser. Külüňleşmek
KERKILETDIRMEK, 
işl., 
ser. 
Külüňletdirmek
KERKILETMEKişl., ser. Külüňletmek
KERKILEÝIŞ, iş ady. Kerkilemek ýagdaýy. 
KERLEÇ, syp. Çala ker, kerräk. Ol garry 
kümäniň çykalgasynyň iň soňky basgançagynda 
hasasyna söýenip durup, töweregine gözi ýetdiginden 
seretdi hem-de kerleç diň saldy (N. Saryhanow). 
KERLEW [kerlöw] syp., ser. Kerrew. Bagşy 
däldi, sazandady, kerlewdi, Zordan eşiderdi çalýan 
sazyny (B. Hudaýnazarow).
KERLIK, at. Gulagy agyrlyk, gowy eşitmezlik. 
Ol kerliginden kösenýärdi. 
KERMEN, syp., ser. Kerleç
KERNAÝ [kerna:ý], at. 1. Üflenip çalynýan saz 
guralynyň bir görnüşi. Otuz iki sazy gurupdyrlar: 
kernaý, surnaý, balaman, gyjak, dutar, çiňňerebap we 
nagara (

Görogly

). 2gepl.d. Semawaryň ot çykýan 
turbasy. Semawaryň kernaýynyň erňegi içine 
ýemrilipdir. 
KERPIÇ, at.1. Toýun palçykdan ýa-da garylan 
sementden galyplanyp guýulýan, ini gysga, boýy 
uzynrak gurluşyk materialy. Her biri bir gujak 
inedördül kerpiçler heniz hem bütinleýin dagamadyk 
Gäwürgalada 
asmanda 
seleňleýärdi 
(B. 
Kerbabaýew). 2dokm. Hala, tahýa we ş.m. salynýan 
on iki burç nagyş.
KERPIÇÇI [kerpişşi], at. Kerpiç guýýan işçi. 
Kerpiççiler jaý gurmak üçin kerpiç guýýardylar. 
KERPIÇLI [kerpişli]: kerpiçli ildirgiç zergärç. 
aşagy şelpeli, ýokarsy kerpiç-kerpiç şekilli, börüge 
dakylýan alyn şaý. – Aýu, kakasy, saňa diýýän, 
maňa-da bir kerpiçli ildirgiç alyp bersene! (B. 
Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling