Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KERTIKLI, at. Ýeriň ýüzüne ýazylyp ösýän  ysmanaga meňzeş ot.  KERTILIŞMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet39/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KERTIKLI, at. Ýeriň ýüzüne ýazylyp ösýän 
ysmanaga meňzeş ot. 
KERTILIŞMEK, işl. 1. Dura-bara iýilmek, az-
owlak kertilip başlamak, üzülere gelmek. Öten ýyl 
bükdürilen sallançak ýüpüniň agaja saralan ýeri 
kertilişipdir. 2. Uzak durmagy sebäpli epininden 
gidip ugramak, gyralary kertilip gitmek. Durdy 
epinleri kertilişen, hatlary biraz öçüşen, kagyzy 
saralan gazet bölegini gozgalaň bilen okady (B. 
Kerbabaýew). 
KERTILMEK, işl. 1. Kertik, bellik etmek üçin 
taýagyň we ş.m. zadyň ýüzi ýiti zat bilen çalaja 
oýulmak. 2. Alyn dişleri bilen ýolnup alynmak; 
üzülmek. Kendirigiň gyrasyny nämäň kertenini-hä 
bilemok, özi-hä kertilipdir. 3. Bir zadyň yzygiderli 
degmegi, sürtülmegi netijesinde iýlip (serIýilmek 2 
) ýolunmak; eplenen epininden bölünmek. Keteni 
köýnegiň epinleri kertilipdir. 
KERTIM, iş ady, at. Kertilende galýan yz, 
kertik. 
KERTIM-KERTIM, syp. Köp sanly kertim
kertik-kertik. Iki ýa üç arka aýlanýan palasyň 
erňekleri gemrilen bolsa, göwresi çapgy ýassygy ýaly 
kertim-kertimdi (B. Kerbabaýew).
KERTIŞiş ady. Kertmek ýagdaýy. 
KERTIŞDIRMEK, at. Kertik-kertik edip 
çykmak. 
KERTIŞMEK, işl. Kertik etmäge kömekleşmek . 
KERTME, iş ady. Kertmek ýagdaýy. 
KERTMEK, işl 1. Kertik, bellik etmek üçin 
taýagyň we ş.m. zadyň ýüzünden ýiti zat bilen çalaja 
oýmak. 2. Alyn dişleri bilen ýolup almak, üzmek. Ol 
agzyna salan sapagynyň ujuny dişi bilen kertdi.3. Bir 
zat ikinji bir zadyň ýüzünde yz galdyrmak. Onuň 
şypyrmasynyň tüýi düşen erňegi maňlaýyny kertýärdi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling