Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet41/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KESAPAT [kesa:pat], at. Zyýan, zelel. Ýaman 
hatyn başa bir ýaman goňşy, Kesapaty ýeter, mähneti 
artar (Aşyky). 
KESATYM, Sap ýüpekden ýa-da nah gatyşykly 
ýüpekden tarada dokalýan we aýal köýnekligi üçin 
ulanylýan matanyň bir görnüşi. Kesatym matasy erşi 
gyzyl, argajy gara we gyzyl sapagyň iki gezek 
çalşyrylyp geçirilmegi bilen dokalýar. 
KESDIRMEK [kessirmek], işl. 1. Bitin, bitewi 
zady ýiti ýarag we ş.m. zat bilen bölmek, 


27 
bölekletmek. Ol gawundan bir dilim kesdirdi-de
dadyp gördi. 2. Bir ýaraga teniň bir ýerini dildirmek,
ýaralatmak, gyýdyrmak. Aýna döwügine elimi 
kesdirdim. Eliňi pyçaga kesdirmek. 3.gepl.d. Mal 
öldürtmek, soýdurmak. Ol inisini çagyryp, goýun 
kesdirdi. 4. Tene, bedene ýarag urduryp, operasiýa 
etdirmek. Köriçegäni kesdirmeli boldy. 5. Gepläp 
durany sözüni bölmäge mejbur etmek. Oturanlar 
onuň sözüni kesdirdi. 6. Akyp duran zadyň (suwuň, 
çägäniň) hereketini saklamak, duruzmak . Gulakdaky 
suwy kesdirmek. 
KESE, syp. 1. Dik däl, göni, ýanyn. Ondan soň ol 
žurnalyň okuwdan galanlary bellige alynýan ýerine 
galamyny pugta basyp durdy-da, kese çyzyk çyzdy 
(N. Saryhanow). 2. Başga, özge, ýat, del. Keseden 
gelen bir maşgala, biz bilen sulhy alyşjakmy-ýokmy, 
belli däl (B. Kerbabaýew). 3. Bir ýeriň gyrasy, çeti, 
daşy. Olar Bäherden ili bilen hoşlaşyp, olara 
hoşwagt günleri arzuw edip, ýoldaşlary bilen bir 
topar atly bolup, şol tükenmez çölüň kesesinden 
giripdiler (N. Pomma).


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling