KESME, 1. iş ady. Kesmek ýagdaýy. 2. at.
Inçeden uzyn ýaprakly, süle görnüşli däneleýän
ösümlik.
KESMEK I, işl. 1. Bitewi zady ýiti ýarag bilen
bölüp almak, böleklemek. Çorek kesmek. 2.
Gerekmejek çybyklary we ş.m. çyrpyp, çapyp
aýyrmak, pudamak. Diňe düýn, ol tut kesip duran
wagty gapdalyndaky ýol bilen geçip gidipdirler (A.
Gowşudow). Üzüm kesmek. 3. gepl.d. Janly soýmak
(goýun-guzy we ş.m. hakynda). 4. Tene ýarag urup
bejermek, operasiýa etmek. Köriçegäni kesmek. 5.
Bir zady gyýmak, dilmek, ýaralamak. Onuň elini
aýna kesipdir. 6. Zaýalamak, çüýretmek. Hapa degen
tabak süýdi kesipdir. 7. Haýsydyr bir hereketi
(gatnawy, gatnaşygy, baryş-gelşi, salamlaşmagy we
ş.m.) bes etmek. Şondan soň Baba aga köp wagtlap
Berdilere gelmesini kesdi (N. Esenmyradow). Ol biz
bilen baryş-gelşini bireýýäm kesdi. Soňky döwürde ol
menden salamyny kesdi. 8. Haýsydyr bir zatdan
mahrum etmek. Mallary otdan kesmek. Çörekden
kesmek. 9. Dokap gutardym edip aýyrmak. Dokmany
kesmek. 10. Bölmek, çäk goýmak, serhet çekmek. 11.
Kesmek kömekçi işliginden öň baha, nyrh ýaly sözler
gelip, düzümli işlikler ýasalýar: Baha kesmek
bahasyny aýtmak, bahalamak; bahasyny bellemek.
Nyrh kesmek
nyrhyny bellemek, nyrhyny
kesgitlemek.
KESMEK II, at. 1. Süýt, palaw we ş.m.
bişirilende, gazanyň düýbünde galýan gatlak, ýanyk.
Palawyň kesmegi. 2. Ýaranyň ýüzünde emele gelýän
gaty gatlak. Ýaranyň kesmegini sypjyrmak.
KESMEKLEMEK, işl. 1. Süýt, palaw we ş.m.
bişirilende gazanyň düýbünde kesmek emele gelmek.
Palaw bişirilen gazanyň düýbi kesmekläpdir. 2.
Ýaranyň we ş.m. ýüzünde gaty gatlak, kesmek emele
gelmek. Ýaraň basym gutulsa gerek, ýüzi
kesmekläpdir.
Do'stlaringiz bilan baham: |