Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KEÝPIÇAG [keýpiça:ğ], syp. Keýpi kök, keýpi  ýerinde. KEÝPIÇAGLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet57/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEÝPIÇAG [keýpiça:ğ], syp. Keýpi kök, keýpi 
ýerinde.
KEÝPIÇAGLYK [keýpiça:ğlyk], at. Keýpi kök 
ýagdaýda bolmaklyk.  
KEÝPIHON [keýpiho:n], hal. Öz islegine görä, 
meýletin, öz islegi bilen, özi keýp edip. 
KEÝPIHONLYK [keýpiho:nluk], at. Öz islegine 
görälik, meýletinlik, öz islegine baglylyk. Ol 
keýpihonlyk bilen kakasynyň ýanyna çoluk bolup 
gitdi. 
KEÝPINE, hal. Ýöne ýere, işsizlikden. Aý, şu 
gün keýpine bazarlap gelsem diýýärin – diýip, jogap 
berdi (H. Ysmaýylow).
KEÝPI-SAPA [keýpi-sapa:], at. Lezzetli 
ýagdaý, aýşy-eşret, şatlyk, hezil durmuş. Ol galan 
ömrüni keýpi-sapada geçirmekçidi (B. Seýtäkow). 
KEÝPI-SAPALYK 
[keýpi-sapa:lyk], 
at. 
Lezzetlilik, aýşy-eşretlik, şatlyk, hezillik. Ýagdaýym, 
durmuşym gowy, günüm keýpi-sapalykda geçýär. 
KEÝPLENDIRMEK [keýiplennirmek], işl. 
Biriniň 
keýpini 
götermek, 
ruhy 
taýdan 
galkyndyrmak, şatlandyrmak. Ol habar ertirden bäri 
gamlanyp oturan gojany keýplendirdi. 
KEÝPLENMEK [keýiplenmek], işl. 1. Keýpiň 
göterilmek, ruhy taýdan galkynmak. Ol keýplenip 
işläp başlapdy. 2. göç.m. Serhoş bolmak, iýip-içip
keýpiňi götermek. Ol sähelçe keýplenmäni endik 
edinipdi. 
KEÝPLI [keýipli], syp. 1. Şat, begençli, gam-
gussasyz, keýpi kök, höwesli. Bu gün ol has-da 
keýpli görünýärdi. 2. Lezzetli, sapaly. Zyňyldy dykysy 
ilki çüýşäniň, Başlanýar şowhuny keýpli gijäniň (A. 
Kekilow). 3. göç.m. Serhoş, azrak içgili. 
Oturylyşykdan soň birneme keýpli öýe gaýtdy. 
KEÝPLILIK [keýiplilik], at. 1. Keýpi barlyk, 
keýpli ýagdaýda bolmaklyk. 
KEÝPSIZ [keýipsiz], syp. 1. Keýpi bolmadyk
keýpi ýok, keýpi bozuk. Ol bu gün ylaýta-da ýadaw, 
ylaýta-da keýpsizdi (B. Kerbabaýew). 2. Lezzetsiz, 
gyzyksyz. Agşam keýpsiz geçdi. 
KEÝPSIZLENDIRMEK [keýipsizlennirmek], 
işl. Biriniň keýpini gaçyrmak, halyny teň etmek. Ol 
habar adamlary keýpsizlendirdi. 
KEÝPSIZLENMEK [keýipsizlenmek],işl. Bir 
zat sebäpli keýpiň gaçmak, halyň teň bolmak. Ol 
sähel zada keýpsizlenip oturmagy özüne uslyp 
bilmedi. 
KEÝPSIZLIK [keýipsizlik]at. 1. Keýpi ýokluk, 
keýpsiz bolmaklyk, keýpi bozuklyk. Okuwyň ertir 
irden birinji sagadyny ol özüniň şol bir keýpsizligi 
bilen geçirdi (N. Saryhanow). 2. Lezzetsizlik, 
gyzyksyzlyk. 
KEÝTIK, syp. Aýagynda ýetmezi bolan, sähelçe 
agsaýan, bir aýagyna ýempeýän. Oňa keýtik ady ýöne 
ýerden berilmändi. 
KEÝTIK-KEÝTIK, s. ş. aňl. söz. Keýtikläp 
ýörelende döreýän şekil. Ol keýtik-keýtik edip, 
obadan arany açdy. 
KEÝTIKLEME, iş ady. Keýtiklemek ýagdaýy. 
KEÝTIKLEMEK, işl. Bir aýagyňy ýempedip 
ýöremek, agsamak. Kä ogryn, kä dogryn keýtikläp 
ýöräp barşyna öz-özi bilen gürleşýärdi (B. 
Seýtäkow).
KEÝTIKLEMEKLIK
iş 
ady.Keýtiklemek 
ýagdaýy. 
KEÝTIKLEŞMEK, işl. Birnäçe bolup agsaklap 
ýöremek. 
KEÝTIKLEÝIŞ, iş ady. Keýtiklemek ýagdaýy. 
KEÝWANY [keýwa:ny], at, gepl.d. Erkek 
adamyň öz aýalyna ýüzlenip aýdýan sözi. 
KEZZAP [kezza:p], syp. Ýalançy, aldawçy, 
ygrarsyz, mekir, hilegär. Bir ykrarsyz kezzap adam
Guýruksyz gylýala meňzär (Zelili). Belli kezzap 
nyrhda durmaz (Misgingylyç). 
KEZZAPÇYLYK [kezza:pçylyk], at, ser. 
Kezzaplyk
KEZZAPLYK [kezza:plyk], at. Ýalançylyk, 
aldawçylyk, 
ygrarsyzlyk. 
Ýusup 
agalarynyň 
kezzaplygyny ýüzlerine aýdýar (

Ýusup – Züleýha

). 
Kezzaplygy ynsana galdyran kimkä? (B. Pürliýew).  
[kä:] I, Gezekleşigi görkezýän baglaýjy 
kömekçi. Käkilik kä onda, kä munda gonup, tilkiniň 
ýanyna golaý baranda, tazylar tilkini görüp 
kowmaga başlanlar (Halk ertekisinden). 
[kä:] II. 1. Wagt, bir ýaly sözleriň öňünden 
gelip, ýasalýan goşma sözüň manysyna nämälimlik 
ýokundysyny berýän söz ýasaýjy goşulma. Meselem: 
käwagt, käbir, kähalat. 2. Haýsydyr bir, käbir, anyk 
belli bolmadyk. Kä kişi geplemsek bolýar. Kä ýeriň 
adamlary myhmansöýer bolýar. 
 [kä:] III, ser. Käte 1. 


33 
KÄBE [kä:ve], at. 1. Musulmanlaryň Mekgedäki 
keramatly jaýy. Alty aýlyk ýola  Käbä gidenler, Hajy 
bolup geldi, bular gelmedi (Magtymguly). Käbä 
zyýarat etmegiňiz hem şol tarapa zyýarat etmäge 
mümkinçilik döredip bermegiňiz, o dünýe-bu dünýe 
ýalkanjagyňyzyň alamatydyr (

Watan

). 2. Soňuna 
degişlilik goşulmasy goşulyp, 

käbäm

görnüşinde 
çagalaryň öz enesine, şonuň ýaly-da gowy görlüp 

janym, jigerim

manysynda enäniň çagalaryna 
ýüzlenip aýdýan sözi.Ak süýdüň emdiren käbäm, 
Menden hoş indi, hoş indi (Hatam şahyr). 3. Adam 
ady. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling