Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet53/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KETEK, at. 1. Guş, towşan we ş.m. jandarlar 
üçin ýörite salnan kiçijik jaý. 2. gepl. d. Çalamydar 
salnan jaý, kiçiräk sümelge, küme, jaýjagaz. Duşman 
bolsa indi ketegine sümüldi (

Görogly

). 
KETEN, at. Yzgar geçirmeýän galyň, syk 
dokalan mata. Keten ädik. 
KETENI, at. Aýal köýnekligi üçin tarada 
dokalýan gyrasaryly ýüpek mata. Keteni köýnek onuň 
ýüzüni öňküsinden bir hili agrak, peşeneliräk edip 
görkezdi (B. Pürliýew).
KETEW [ketöw], at. Ýabynyň, eşegiň bogaz we 
burun boşlugynda emele gelýän kesel.
KETEWLEME 
[ketöwlömö], 
iş 
ady. 
Ketewlemek ýagdaýy. 
KETEWLEMEK [ketöwlömök], işl. Ketew 
keseli degmek, ketew keseli bilen kesellemek. 
Demini iki temeginden goýberip, ketewlän at kimin 
horguryp, iki burnuny arçaýardy (

Edebiýat we 
sungat

). 
KETEWLEMEKLIK [ketöwlömöklük], iş ady. 
Ketewlemek ýagdaýy. 
KETEWLEMEZLIK [ketöwlömözlük], iş ady.  
Ketew keseli degmezlik. 
KETEWLEÝIŞ 
[ketöwlöýüş], 
iş 
ady. 
Ketewlemek ýagdaýy. 
KETGEN, at, ser. Ketigen. Oglanlar ketgeniň 
köp biten ýerine düýelerini sürdüler. 
KETHUDA [kethuda:], at. Baştutan, ýaşuly, 
geňeş-maslahat beriji, birnäçe adamyň aksakaly.
KETHUDALYK [kethuda:lyk], at. Baştutanlyk, 
ýaşululyk, aksakgallyk. Kethudalyk endişesin, 
Kylaýyn diýseň, öýlengin (Magtymguly). 


31 
KETIGEN [ketiğen]at. Topbak ösýän, ýapragy 
kiçijik, ownuk tikenli, baldaklary ýumşak ot. Ol 
ýerde gyrtyç, ketigen ýaly otlar bardy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling