Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet55/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEÝIKBÖWREK [keýikböwrök], at, ösüml.d. 
Dag eteklerinde, baýyrlyklarda ösýän kösükliler 
maşgalasyna degişli baldaksyz, köpýyllyk ot. 
KEÝIKBÖREK [keýikbörök], at, ösüml.d., ser. 
Keýigalma. 
KEÝIKBURÇA [keýikburço], at, ösüml.d. Dag 
eteklerinde, gumda bitýän 20-25 

sm çenli 
ösgünlikdäki insiz ýaprakly ot. 
KEÝKERILMEK, işl. Howsalaly gulak üşerdip 
ýa-da dikgerilip görünmek. 
KEÝKERIŞ, iş ady. Keýkermek ýagdaýy. 
KEÝKERIŞMEK, 
işl. 
Howatyr 
edişip 
üşerilişmek, bilelikde keýkermek. 
KEÝKERME, iş ady. Keýkermek ýagdaýy. 
KEÝKERMEK, işl. Howatyrly üşermek, 
howsalaly gulak üşertmek ýa-da dikgerip durmak. 
Keýkerip duran at. 
KEÝKERMEKLIK, 
iş 
ady. 
Keýkermek 
ýagdaýy. 
KEÝKERTMEK, 
işl. 
Howatyrly 
gulak 
üşertdirmek ýa-da dikgerilip durmak. Bir zat gören 
ýaly, gulagyny keýkertdi (B. Seýtäkow).
KEÝP [keýip], at. 1. Adamyň içki ruhy 
ýagdaýynyň derejesi. Keýpler nähili? Keýp niçik? 2
göç.m. Isleg, bir zada bolan meýil, küýseg, 
howeseklik. Onuň çaý-nahar bilen keýpi ýokdy. 3
Keýp sözüniň soňundan etmek kömekçi işligi gelip, 
düzümli işlik ýasalýar: Keýp etmek keýipli halda 
bolmak, höwes etmek, hezil etmek. Goja bu sapar 
keýp edip güldi-de, ýanyndaky çaganyň başyny 
sypady (B. Kerbabaýew). 

Keýp çekmek oturylyşyk, gezelenç we ş.m. 
edip, wagtyňy hoş geçirmek, lezzet alyp, keýpi-
sapada bolmak. Keýpden çykmak bir zatdan doly 
kanagatlanmak, bir zadyň hezilini görmek, 
gönenmek. Keýpi atlanmak has keýpli bolmak, 
keýpi has-da kökelmek. Iki adamyň urşup duranyny 
görse ýa-da biriniň gybaty edilse, onuň keýpi 
atlanardy. Keýpi bozuk şat däl, tukat.Keýpimiň 
bozuk wagtynda sen meni güldürdiň (G. Muhtarow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling