Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet54/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KETIGENLIK [ketiğenlik], at. Ketigeniň köp 
biten ýeri. 
KEÝE, at. Arabanyň tigriniň daşky aýlawy bilen 
topuny-güpjegini birleşdirýän agaçlar. 

 Keýe derek deregiň töweregine şaha ýaýradyp 
ösýän görnüşi. 
KEÝERILMEK, işl. Üşerilip töwerek-daşyňa 
garamak. Owlak keýerildi-de, bir gapdala towsup 
gitdi. 
KEÝERIŞMEK, işl. Birnäçe bolup töwerek-
daşyňa seretmek, üşermek. Geçidir owlaklar 
keýerişip durdular. 
KEÝERJEKLEME, iş ady. Keýerjeklemek 
ýagdaýy. 
KEÝERJEKLEMEK, işl. Bir zatdan howatyr 
edip ýa-da geň galyp garanjaklamak, gulaklaryňy 
gerip üşerilmek (adam we mal hakynda). Ol edil 
maral owlagy ýaly keýerjekläp durdy (B. Seýtäkow).
Yzy owlakly boz jereniň kenarda keýerjekläp 
duranyny görende kim guwanmajak?! (

Edebiýat we 
sungat

). 
KEÝERJEKLEMEKLIK, 
iş 
ady. 
Keýerjeklemek ýagdaýy. 
KEÝERJEKLEŞMEK, 
işl. 
Köpçülikleýin 
keýerjeklemek, birnäçe bolup keýerjeklemek. Olar 
keýerjekleşip diň salanlarynda, şonuň ýaly şytyrdy 
günbatardan hem eşidildi (B. Kerbabaýew). Olar 
esgerleri gören batlaryna bolsa bir ýere üýşüp 
keýerjekleşdi (A. Nazarow).
KEÝERJEKLETDIRMEK, işl. Keýerjeklemek 
derejesine ýetirtmek. 
KEÝERJEKLETMEK, işl. Keýerjekläp duran 
ýagdaýda bolmak. At gulagyny keýerjekletdi. 
KEÝERJEKLEÝIŞ,iş 
ady. 
Keýerjeklemek 
ýagdaýy. 
KEÝERJEKLÄBERMEK [keýerjeklä:vermek], 
işl. Keýerjekläp ugramak. 
KEÝERIŞ, iş ady. Keýermek ýagdaýy. 
KEÝERME, iş ady. Keýermek ýagdaýy. 
KEÝERMEK, işl. Üşerilip garanjaklamak, 
haýran galyp üşerilmek (adam we keýik, owlak we 
ş.m. haýwan hakynda). Ol keýerip, töweregine 
garanjaklady (

Edebiýat we sungat

). 
KEÝERMEKLIK, iş ady. Keýermek ýagdaýy. 
KEÝERTMEK, işl. Gulagyňy üşertmek, bir 
sebäbe görä gulagyňy gabartmak. Şol tarapa bakan 
gulaklaryny keýerdip seretdi.Gara ýylan kellesini 
keýerdip, uzyn dilini ýalmandyryp barýar (B. 
Kerbabaýew).
KEÝFUT [keýfu:t], at. Nawda ýaşalýan otag. 
Keýfutda ukym tutmaýar (Balgyzyl). Ýolagçylar 
keýfutda ýerleşdiler. 
KEÝGIM [keýğim], giriş s., gepl. d. Ulular 
tarapyndan ýaşy kiçi aýal-gyzlara ýüzlenilip 
aýdylýan söz. Wah, keýgim, men hem siziň ýaly işli 
adam (A. Durdyýew). Maral, keýgim, käýinme! 
(

Edebiýat we sungat

). 
KEÝIGALMA [keýiğalma], at, ösüml.d.
 
Daglyk 
ýerlerde bitýän inçe ýaprakly, ownuk alma getirýän 
agaç. 
KEÝIGOKARA [keýiğokoro], at, ösüml.d. 
Baldaklarynyň bognundan okara görnüşinde ýaprak 
çykarýan uzyn boýly dag, çöl ösümligi. 
KEÝIGOTY [keýiğoty], at, ösüml.d. Ýere 
ýazylyp ösýän owunjak ýaprakly dermanlyk ot. 
KEÝIK, at. 1. Çölde we dagda ýaşaýan 
süýdemdiriji haýwan, jeren, maral. Keýikler boz başly 
belent daglaryň düýbündäki çeşmä gelip, eňeklerini 
basyp, suw içipdirler (

Edebiýat we sungat

). 2. Gyza 
dakylýan at. 

Keýik syrtyna gurt düşdi howlukmaçlyk, 
gyssanmaçlyk; eýläk-beýläk elewreme. Men-ä oýlap 
görýän weli, indi keýik syrtyna gurt düşdi bolarmyka 
diýip gorkýan (B. Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling