Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet56/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Keýpi kök şat, ruhy ýagdaýy galgyn; ünji-aladasyz, 
gaýgysyz-gamsyz.Keýpiniň kök mahallary ol käte 
aýdyma hem hiňlenerdi (A. Gowşudow). Keýpine 
düşmek bir zadyň höwesine kowalaşmak, yşkyna 


32 
düşmek. Keýpine sogan dogramak ser. Keýpini 
bozmak. Şowsuzlyklar olaryň keýpine sogan 
dograýardy. Keýpine şärik geçirilýän çärä, işe 
özüniň dahyly bolman, diňe daşyndan tomaşaçy 
hökmünde gatnaşýan (adam hakynda). Onuň beýle 
zatlar bilen işi bolmaz, ýöne bir keýpine şärik 
adamdyr. Keýpini bozmak ruhy dünýäsine 
galagoplyk 
aralaşdyrmak, 
gamlandyrmak, 
tukatlandyrmak. Şol söz onuň keýpini beter 
bozjagyny aňlany üçin göwünlik berdi (B. 
Kerbabaýew). Keýpini gaçyrmak ser. Keýpini 
bozmak. Bu nämälim howsalaly ýagdaý adamlaryň 
keýpini bozdy (B. Seýtäkow). Keýpini uçurmak ser. 
Keýpini bozmak. Abadanyň çaý başynda beren 
gürrüňleri çopanyň keýpini uçurdy (

Edebiýat we 
sungat

). Keýpini görmek bir zadyň lezzetinden 
hezil etmek. Keýpiňi köklemek (sazlamak) bir 
zatdan doly kanagatlanmak, göwün solpusyndan 
çykmak, göwnüňi hoşlamak. Ýolagçylar çaý-suwdan 
keýplerini köklediler. Keýpiň kelläňde öz meýliňe 
görä, öz eliň, öz ýakaň, ygtyýar özüňde. Haýsy 
okuwa gitseň, şoňa git, keýpiň kelläňde. 
KEÝP-AHWAL [keýip-ahwa:l], at. Hal-ýagdaý, 
keýp we ahwalat. Olar keýp-ahwal soraşyp, esli 
salym durdular. 
KEÝPÇIL [keýipçil], syp. Keýp çekmegi, 
oturyşmagy gowy görýän, keýpe gyzygýan. Ol 
keýpçil adamdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling