Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet50/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KESMEKLETMEK, işl. 1. Gazanyň düýbünde 
kesmek emele getirmek. 

Emelsiz gelin gazanynyň 
düýbüni 
kesmekleder

 
diýip, 
gaýyn 
enesi 
hüňürdeýärdi. 2. Ýaranyň we ş.m. ýüzünde gaty 
gatlak emele getirtmek. Sen ýaraňy kesmekledipsiň! 
KESMEKLIK, iş ady. Kesmek ýagdaýy. 
KESMIK, at. Gaçak malyň boýnundan öň 
aýaklarynyň arasyna girip, ony saklamak üçin 
asylýan agaç. Kesmikden boşadylan mähnet sary 
sygryň gaba ýelni satanynyň arasyna sygmaýşy ýaly, 
öýkeli ýaly göwünsiz gadam urup barýardy (B. 
Kerbabaýew). 
KESP, at. Adamyň käri, hünäri, kesp-kär. Ata 
kesbi ogla halal (Nakyl). 
KESP-KÄR [kesip-kä:r], at. 1. Meşgullanylýan 
iş, kär, hünär. Ana, onuňam kesbi-käri çopançylykdy 
(A. Nazarow). 2. göç. m. Edähet, ýörelge; gylyk-
häsiýet. Ömürboýy bu garryň kesbi-käri şeýledi, 
Gyzy bolan ýaş enä nazaryny aýlady (M. Seýidow). 
KEST [kes(s)]: kestiň ýetmek zyýanyň, zeleliň 
ýetmek. Çagalara bir kestim ýetmesin! (N. 
Hojageldiýew). 
KEŞ I, at. Hatar ekilen gowaça we ş.m. ekinleriň 
arasyndaky joýa; ýer sürlende azalyň geçip giden yzy.
KEŞ II, Käbir sözüň soňuna goşulyp, goşulan 
sözüniň manysy bilen baglylykda kär aňladýan söz 
ýasaýjy goşulma. Meselem: arabakeş, düýekeş, 
çilimkeş, peýdakeş we ş.m. 
KEŞARA [keşa:ra], at. Iki keşiň arasy, keşleriň 
aralygy. Gowaça meýdanlaryny keşme-keş däl-de, 
diňe keşara suwarmagy dowam etdirýärler. 
KEŞAŞA [keşa:şa], at. Bir keş aşyryp, başaşa 
keş. Keşaşa suwarmak. 
KEŞDE, at. Owunjak sanjylýan sanjym 
görnüşinde salnan nagyş. Saçy täze syrylan kellesinde 


30 
yz goýup giden keşdesi iri gaýalan tahýasyny 
gozgady (N. Baýramow).

 Keşde çekmek keşdeläp nagyş etmek, bir zada 
keşde salmak. Näzik onuň-munuň halysyny dokap, 
gaýmasyny gaýap, keşdesini çekip, el hünäri bilen 
hyzmat edýärdi (A. Gowşudow). Keşde iňňe keşde 
çekmek üçin inçejik we gysga iňňe. Biri keşde iňňe 
alyp, ýüregime çalaja sançýan ýaly (

Edebiýat we 
sungat

). Keşde sapak her dinine aýratynlykda tow 
berlip işilen sapak. Gözel keşde sapagyny taýynlap 
goýdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling