Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÄSIP [kä:si:p], at, k. d. Kesp ediji, bir iş bilen  meşgul bolýan adam.  KÄŞGÄ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet61/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÄSIP [kä:si:p], at, k. d. Kesp ediji, bir iş bilen 
meşgul bolýan adam. 
KÄŞGÄ [kä:şğä:], Sözlemdäki işlige 

ýogsa-da, 
iň bolmanda, bolmanda

diýen many ýokundysyny 
berýän söz. Käşgä, Nepes bir ylymly adam bolsa
onda başga gürrüň (A. Gowşudow). Käşgä ozi gelip 
haýyş eden bolsa, möhümini bitirerdim. Käşgä artyk 
pulum bolan bolsady, seni boş goýbermen ahyry.
KÄŞIR [kä:şir], at. ösüml.d. 1. Köki kösük ýaly 
süýri, ownuk ýaprakly gök ekin. 2. Şol ekiniň gyzyl, 
sary öwüsýän süýjümtik tagamly, iýilýän önümi. 
Gawun, pomidor, käşir ýaly gök ekinleri gyşa 
saklamagy, gyşdan çykarmagy-da başarypdyr (K. 
Berdiýew). 
KÄŞKI [kä:şki], ser. Käşgä. Käşki adam bu 
dünýäge gelmese, Gelenden soň ömür sürse, ölmese 
(Magtymguly). Käşki ol söwda etmegi oňarýan 
bolaýsady, ony hem oňarmazdy (A. Durdyýew). 
KÄTE [kä:te], hal. 1. Käwagt, kämahal, çendan, 
seýrek, aram-aram, wagtal-wagtal. Ol käte aýdym 
hem aýdýar. 2. Deňdeş agzalaryň arasynda gelip


35 
gezekleşigi aňladýar. Käte ýagyş ýagýar, käte Gün 
çykýar. 
KÄTE-KÄTE [kä:te-käte], hal. Aram-aram, 
wagtal-wagtal, herdaýym, käbir wagtda. Käte-käte 
kenaryň bölegi opurylanda, pagşyldy eşidilýärdi (N. 
Jumaýew).  
KÄTIP [kä:ti:p], at. Wezipesine görä hat-ýazuw 
işlerini alyp barýan adam, mürze. – Meniň oglum 
Soltannyýaz begiň kätibi diýip, özüňi asmana 
çykarma – diýip, gyjalat beripdir (N. Pomma). 
KÄTIPLIK [kä:ti:plik], at. Kätibiň kesp-käri, 
wezipesi. Ol ýygnakda kätiplik etdi.  
KÄTMEN [kä:tmen], at. Ýer bejermek, ekinleriň 
düýbüni ýumşatmak, otag etmek üçin ulanylýan, 
agzy aşak bakyp duran, uzyn saply oba hojalyk 
guraly. Ynha, bu ýyl bolsa ol gowaçalary 
atanaklaýyn bejerip, agyr kätmenden dyndardy (B. 
Öwezow). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling