KÄRSIZLIK [kä:rsizlik], at. 1. Hünärsizlik, käri,
kesbi ýokluk. Ýaş wagtymda hünär öwrenmänim üçin
kärsizlik gaty köseýär. 2. gepl. d. Işsizlik, bikärlik.
Ýatan çöpi galdyranok, kärsizlikden irmeýärmikä?
KÄSE [kä:se], at. 1. Çaý içmek üçin agzy
ýaýbaň, düýbi çürüräk jäjem gap, pyýala. Şahyr
käsesine gyzgyn çaý guýdy (G. Kulyýew). 2. Gawun-
garpyz ýarylanda, onuň böleklenen üç-dört
böleginden biri. Ertir irden bir käse gawun iýdi.
KÄSELEME [kä:seleme], iş ady. Käselemek
ýagdaýy.
KÄSELEMEK [kä:selemek], işl. 1. Gawun-
garpyz ýarylanda, üç-dört bölüp, käse-käse edip
kerçlemek. Ol basyrylgy gawunlardan birini ýardy-
da, käseläp gyzyň öňüne süýşürdi (T. Gurbanow). 2.
Käse bilen ölçemek, guýmak. Tüwini käseläp ölçedi.
KÄSELEMEKLIK [kä:selemeklik], iş ady.
Käselemek ýagdaýy.
KÄSELEMEZLIK [kä:selemezlik], iş ady.
Käseläp kesmezlik.
KÄSELENMEK [kä:selenmek], işl. 1. Käse-käse
edilip dilinmek, bölünmek. 2. Özüň üçin käselemek.
Men gawun käselendim.
KÄSELEŞDIRMEK
[kä:seleşdirmek],
işl.
Gawuny, garpyzy käse-käse edişdirmek, käseläp
çykmak. Ol ullakan gawunlary käseleşdirdi.
KÄSELEŞMEK [kä:seleşmek], işl. 1. Gawuny
kesip,
käse-käse
etmäge
kömekleşmek.
Ol
myhmanlaryň öňünde goýuljak gawunlary käseleşdi.
2. Bilelikde käselemek. Adamlar saçakda goýuljak
gawunlary käseleşip otyrdylar.
KÄSELETMEK [kä:seletmek], işl. Gawuny
dilim-dilim kesip, käse-käse etdirmek.
KÄSELEÝIŞ [kä:seleýiş], iş ady. Käselemek
ýagdaýy.
KÄSI [kä:si], çal. Käbiri, birnäçesi, köp zadyň
arasyndan biri. Olaryň käsi bürenjeginiň çetinden,
käsi omrakaý ýaşmagynyň üstünden, käsi bolsa
ýüzüne tutan iki eliniň arasyndan garaýardy (B.
Kerbabaýew). Bu gülleriň käsiniň ysy diýseň ýakymly.
Do'stlaringiz bilan baham: |