Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KIRIŞLEÝIŞ, iş ady. Kirişlemek ýagdaýy.  KIRIŞLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet68/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KIRIŞLEÝIŞiş ady. Kirişlemek ýagdaýy. 
KIRIŞLI, syp. Kiriş dakylýan, kiriş dakylyp 
çalynýan. Kirişli saz gurallarynyň, üflenip çalynýan 
we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň sazlaşygy 
gerek (

Watan

). 
KIRJIKDIRMEK, işl. Sähelçe kirletmek, çala 
kir ýokdurmak, azrak kirletmek. Köýnegiň ýakasyny 
bir gün geýeňde kirjikdiripsiň. 
KIRJIKMEiş ady. Kirjikmek ýagdaýy. 
KIRJIKMEK, işl. Sähelçe, azrak kirlemek, 
kirläp başlamak. Egniňdäki eşikleriňi çalşyrmaly 
bolupdyr, olar meýdanda işläniňde kirjigipdir. 
KIRJIKMEKLIKiş ady. Kirjikmek ýagdaýy. 
KIR-KIMIRat. 1. Bir zada degen ýok, çyrşak, 
gara, hapa, çaň, tozan. Işiň gyzgalaňly gidýänini, kir-
kimirden gaçmaýanyňy egniňdäki eşigiň hem 
tassyklaýar (B. Kerbabaýew). 2göç. m. Nägilelelik, 
närazylyk. Olaryň göwnünde kir-kimir ýokdy 
(

Edebiýat we sungat

). 
KIRLEGEN [kirleğen], syp. Tiz-tizden kirleýän, 
kiri ýüzüne alagan, kirlegiç.
KIRLEGIÇ [kirleğiç], syp., serKirlegen.
KIRLEMEiş ady.  Kirlemek ýagdaýy. 
KIRLEMEK, işl. Kir bolmak, hapa ýokuşmak, 
garagäz bolmak. Gara saçlary bulaşypdyr, kirläpdir 
(B. Kerbabaýew). 
KIRLEMEKLIKiş ady. Kirlemek ýagdaýy. 
KIRLEMEZLIK, iş ady. Kirlemek katdyna 
ýetmezlik. 
KIRLEŞMEK, işl. Kirläp ugramak. Köýnegiň 
ýakasy kirleşipdir. 
KIRLETDIRMEK, işl. Kir, hapa ýokdurtmak, 
garagäz etdirmek. 
KIRLETMEK
işl. 
Kir 
ýokuşdyrmak, 
hapalamak, garagäz etmek. Köýnegiň ýakasyny 
kirledipsiň. 
KIRLEÝIŞiş ady. Kirlemek ýagdaýy. 
KIRLI, syp. Çyrşakly, hapa bolan, kirlän, gäzli, 
galçakly. Onda çekilen suratyň biri agzy çörekli, ýüzi 
kirli, bir aýagy ýalaňaç, bir aýagy gaply oglandy (H. 
Ysmaýylow).
KIRLIK, at. 1. Ýaş çaga üçin ýörite tikilýän 
ýeňsiz, iki ýanyndan çäk açylan geýim, nagyşlanyp 
tikilýän kürte. 2. Çaga naharlananda boýnundan 
asylýan ýakalyk, öňlük. 
KIRLIKLIKsyp. Kirlik etmäge ýaraýan, kirlik 
tikmek üçin niýetlenen. Kirliklik mata. 
KIRLILIK, at. Kirlän ýagdaýda bolmaklyk, 
hapalyk, çyrşaklyk, gäzlilik. Kirlilik gowy zat däl. 
KIRPI, at. Bedeniniň arka tarapy tikenli bolan 
we düýrlenip bilýän jandar. Kirpiler, esasan, her 
dürli mör-möjekler, maýda oňurgalylar, şol sanda 
ýylanlar, az-kem ösümlik bilen iýmitlenýär
KIRPIGÜL [kirpiğül], at. Boýy 40-50 sm ýetýän 
köpýyllyk ýabany derman ot. 
KIRPIKat. Gabagyň gyrasyna çykýan gysgadan 
gaty gyl. 

Kirpigiň kaklyşmazlyk uzak wagtlap uklap 
bilmezlik ýa-da uklamazlyk. Enäniň kirpikleri biri-
birine kaklyşmady. 
KIRPIKMENsyp. Uzyndan gür kirpikli. Meret 
aganyň döşüni ýapyp duran sakgaly, kirpikmen 
gözleriniň üstüne kölege salyp duran ösgün gaşlary 
bardy (A. Gurbanow). 
KIRSABYN [kirsa:vyn], at. Düzümi ýaglardan 
we aşgarlardan durýan ýuwujy gaty ýa-da ergin 
görnüşli madda. 
KIRSIZsyp. 1. Arassa, päkize. Kirsiz köýnek. 2
göç.m. Arassa, açyk, bulutsyz. Kirsiz asmana 
göterilen gün jümle jahany özüniň kümüş nury bilen 
gark edýärdi (

Edebiýat we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling