Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
KIKIRDEME, iş ady. Kikirdemek ýagdaýy. KIKIRDEMEK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
KIKIRDEME, iş ady. Kikirdemek ýagdaýy.
KIKIRDEMEK, işl. Pessejik ses bilen assaja gülmek, kikir-kikir edip gülmek. Haý, ukyňy bimaza etdim-ow – diýdi-de, kikirdäp goýberdi (T. Gurbanow). KIKIRDEMEKLIK, iş ady. Kikirdemek ýagdaýy. KIKIRDEŞMEK, işl. Kikir-kikir edişip bilelikde gülmek. Oturanlar onuň gürrüňine kikirdeşip gülüşdiler. KIKIRDEÝIŞ, iş ady. Kikirdemek ýagdaýy. 37 KIKIRDI, at. Kikir-kikir edip assaja gülnende çykýan sesiň we ýuwaşja gülkiniň ady. Çaganyň kikirdisi. KIKIR-KIKIR, s. ş. aňl. söz. Pessejik ses bilen assaja gülünýärkä dowamly çykýan sesler. KILÇERIŞ, iş ady. Kilçermek ýagdaýy. KILÇERME, iş ady. Kilçermek ýagdaýy. KILÇERMEK, işl. Kilçiklik edip, aýtmaly- aýtmasyz zady seljermän aýtmak, kelçermek. Ýat adamyň ýanynda beýdip kilçerip otursaň, gelşikli bolmaz. KILÇIK, syp. Aýtmaly-aýtmasyz zady kelpeňlik edip aýdýan, suwumsyz. Onuň kilçik däldigine, hiç kimi aldamaýanyna, özgäniň işine goşulmaýanyna çynlakaý üns berdi (B. Kerbabaýew). KILÇIKLEMEK, işl. Kilçiklik etmek, kilçermek. KILÇIKLIK, at. Kilçige mahsus bolan häsiýet. KILE [ki:le], at, gepl. d., ser. Kilogram. KILELIK [ki:lelik], syp. Bir kilograma deň bolan (daş hakynda). KILEŇ, syp. Bary, tükel, bütinleý; uçdantutma, başdan-aýak, ýalaň. Kileň ýaş ýigitler. KILIM, at. Haly ýaly ýüwürdilip, öýdelip dokalýan düşek ýa-da gapy üçin tuty. Kireýsiz kilim kakylmaz, ojaksyz öýe bakylmaz (Nakyl). KILISE, at. Hristianlaryň ybadathanasy. Öwladyl-ebtun gyzlary şol ýerdäki kilisä geler erdiler ( Asly –Kerem ). KILK [kilik], at, ser. Kilt I. Demir kilk bilen petle satyn aldy. KILKLEME [kilikleme], iş ady. Kilklemek ýagdaýy. KILKLEMEK [kiliklemek], işl., ser. Kiltlemek. Bahar turdy-da, açyk işigini çekip, içinden kilkledi (A. Gowşudow). KILKLEMEKLIK [kiliklemeklik], iş ady. Kilklemek ýagdaýy. KILKLEMEZLIK [kiliklemezlik], iş ady., gepl.d., ser. Kiltlemezlik. Ol gapyny içinden kilklemän eken. KILKLENMEK [kiliklenmek], işl., gepl.d.,ser. Kiltlenmek. Gapy kilklenipdir. KILKLEŞDIRMEK [kilikleşdirmek], işl., gepl.d., ser. Kiltleşdirmek. Ol äpişgeleri kilkleşdirdi. KILKLETMEK [kilikletmek] işl., gepl. d., ser. Kiltletmek. Ol agtygyna gapyny kilkletdi. KILKLEÝIŞ [kilikleýiş], iş ady, ser. Kiltleýiş. KILO [kilo:], gepl.d., ser. Kilogram. Kyrk kilo ser urdy ýygnanan şaýlar (B. Kerbabaýew). KILOGRAM [kileğyra:m], at. Ölçeg ulgamynda 1000 grama deň bolan agyrlyk birligi. KILOGRAMLYK [kileğyra:mlyk], syp. Agramy kilograma deň, barabar bolan (ölçeg, çeküw daşy). Bir kilogramlyk daş. KILOLYK [kilo:lyk / ki:lelik], at,gepl.d., ser. Kilogramlyk. KILOMETR [kilame:tir], at. 1000 metre deň bolan uzynlyk ölçeg birligi. KILOMETRLIK [kilame:tirlik], syp. Bir kilometr aralyk, daşlygy bir kilometre deň. Sekiz kilometrlik ýol. KILT [kilit] I, at. Gapyny ýapmak üçin ildirgiç, gulplamak üçin demir halka. Kiltiňi dikmek (sokmak) bir zat etmegiň hyýalynda bolmak. KILT [kilit] II, at. Ýeňse damary çekmek hem- de kelläni arkan gaýşartmak ýaly alamatly howply çaga keseli. KILTLEME [kilitleme], iş ady. Kiltlemek ýagdaýy. KILTLEMEK [kilitlemek], işl. Kiltini ildirmek, ildirgijini, zülpesini ildirip ýapmak. Işigi kiltlemek. KILTLEMEKLIK [kilitlemeklik], iş ady. Kiltlemek ýagdaýy. KILTLEMEZLIK [kilitlemezlik], iş ady. Kiltini ildirip ýapmazlyk. KILTLENMEK [kilitlenmek], işl. Kilti, ildirgiji ildirilmek. KILTLEŞDIRMEK [kilitleşdirmek], işl. Kiltini ildirişdirmek, ildirgijini, zülpesini ildirip ýapyşdyryp çykmak. KILTLETMEK [kilitletmek], işl. Kiltlemek işini başga birine etdirmek. KILTLEÝIŞ [kilitleýiş], iş ady. Kiltlemek ýagdaýy. KILTLI [kilitli], syp. 1. Kildi, ildirgiji bolan. Gabsanyň kiltli tarapyny petlä tarap oturdypdyrlar. 2. Gulply, gulplanan, ildirilgi, bekli. Gapy içinden kiltlidir. KILTSIZ [kilissiz], syp. 1. Kildi, ildirgiji ýok, kilt oturdylmadyk. Kiltsiz gapy. 2. Ildirilmedik, bekli däl. Gapy kiltsizdir, göni bar-da giriber. Içi kiltsiz göwni, ruhy päkize, ýüregi arassa, hiç hili ýamanlygy bolmadyk, kitüwsiz. KILWAN [kilwa:n], at. Degirmende un üwemek işinde işleýän işçi, degirmençi. Ol degirmende kilwan bolup işleýärdi. KILWANÇYLYK [küwa:nçylyk], at, ser Kilwanlyk. KILWANLYK [kilwa:nlyk], at. Kilwanyň kesp- käri. KIM, çal. 1. Adama degişli, adam ady bilen baglanyşykly ulanylýan sorag çalyşmasy; biriniň kimdigini anyklamak üçin berilýän sowal.Kim saňa atlary taýýarla diýdi?! (H. Derýaýew). 2. Sorag we ýüzlenme sözlemlerinde haýsy adam?”manysynda.Eý ýaranlar, kim ýetişer dadyma? Başym çykmaz ne gowgaýa sataşdym (Magtymguly). 3. Garşylykly many aňladýan sözlemlerde her sözlemiň öňünden gaýtalananda: biri, beýlekisi, birnäçesi, galany manysynda ulanylýar. Kim nan tapmaz iýmäge, Kim ýer tapmaz goýmaga (Magtymguly). 4. göç. m. Kowum-garyndaş, howandar, hemaýatçy. Ejiz menem, senden özge kimim bar, Öz beren janyňa jebr etme, Jepbar (Magtymguly). 5. Biri-birine garşy goýulýan sözlerden soň gelip, gopbamlyk ýa-da 38 göwnüýetmezlik manysyny nygtaýjy söz. Sen kim, meniň bilen sanaşmak kim? (B. Kerbabaýew). Kim bilýär bilýän adam ýok, näbelli; bilip bolmaz. Kim bilýär, belkem, ertir hut şol tanyş gözler suw ýolunda ýa-da derýa kenarynda ikiçäk duşuşarlar! (G. Kulyýew). Kimdir biri kim-de bolsa bir adam, näbelli biri. Kimdir biri gapdaldan meçew berdi (G. Kulyýew). KIMBILMEŞEK [kimmilmeşek], at. 1. Jogaby oýlanyp tapylmaly çaga oýny, matala meňzeş oýun. Çagalar kimbilmeşek oýnaýardylar. 2. Goşgy bilen ýazylýan matal. KIMIN [kimi:n], köm. s.Ýaly, kibi, dek, deýin ýaly sözlere we meňzeş sözüne manydaş ulanylýan sözsoňy kömekçi. KIMLIK, 1. syp. Kime degişli, kim bilen baglanyşykly. Siziň kimlik işiňiz bar? 2. hal. Kimiň tarapynda, kimiň ýarany. Siz futbol oýnunda kimlik bolduňyz? KIMDE-KIM, at. Kim hem bolsa, kimdir biri. KIMSE, çal. Biri, näbelli bir adam. Kimse aglar, kimse güler, Gün çykar çäşden, dogrusy (Magtymguly). KINAÝA [kina:ýa], at. 1. Kakdyrma, ýaňsy äheňinden duýulýan närazylyk. Ol kinaýa bilen seretdi. 2. Ýaňsyly äheňde ýazylýan kiçijik kyssa, goşgy. KINAÝALAMA [kina:ýalama], iş ady. Kinaýalamak ýagdaýy. KINAÝALAMAK [kina:ýalamak], işl. Kinaýa alyp, kakdyryp sözlemek, gürlemek, aýtmak. Hon-ha, götergilenýän adamyň, gör, näme iş edýär? –diýip, kinaýalap güldi (A. Gowşudow). KINAÝALAMAKLYK [kina:ýalamaklyk], iş ady. Kinaýalamak ýagdaýy. KINAÝALAÝYŞ [kina:ýalaýyş], iş ady. Kinaýalamak ýagdaýy. KINAÝALY [kina:ýaly], syp. Kinaýa bilen aýdylýan, kakdyrylyp aýdylýan. KINAÝALYLYK [kina:ýalylyk], at. Kinaýaly ýagdaýda bolmaklyk, kinaýa etmeklik, ýaňsa alyjylyk. Beýle kinaýalylyk nämä gerek? KINDIWAN [kinniwa:n], at. Örän kiçi, kiçijik, nakysja. Kindiwanja körpe ýatyr gundagly, Çeper eliň çeken suraty ýaly (B.Hudaýnazarow). KINE [ki:ne], at. Bir zat sebäpli döreýän öýke, göwün galma. KINE-KITÜW [ki:ne-kitüw], at, ser. Kine. KINELI [ki:neli], syp. Öýkeli, nägile, kinesi bolan, göwni döwlen. Tahyrdan göwni kineli, Aşyklardan arly daglar (Halk aýdymyndan). KINELILIK [ki:nelilik], at. Kinesi barlyk, öýkelilik, nägilelik. Kinelilik paýhasly adama gelişmeýär. KINESIZ [ki:nesiz], syp. Kinesi ýok, öýkesiz. Adam diýeniň ownuk-uşak zady göwnüne almasa, kinesiz bolsa gowy bolýar. KINO [ki:no:], at. 1. Durmuş wakalary ýörite sahnalaşdyrylan janly kinoşekiller arkaly beýan edilýän sungat eseri. Sesli kino. Sessiz kino. Kino artisti. 2. gepl. d. Kinofilm, ekranda görkezilýän film. Gyzykly kino. KINOFILM [kinofi:lim], at. Görkezmek üçin niýetlenen kino lentasy. KINOTEATR [kinotiýa:tyr], at. Köpçülik öňünde kinofilmleri görkezmek üçin ýörite jaý, kino görkezilýän teatr. Olar topar bolup, kinoteatra gidýärler. KIP I, at. Aşagynda ot ýakylyp, çaý suwy gaýnadylmak üçin ulanylýan uly gap, güp. KIP II, at. Taraplary gönüburçlyk şekilinde boglan saman, bede. Bir kip ýorunja bedesi. Bir kip saman. KIPARLAMA [kipa:rlama], iş ady. Kiparlamak ýagdaýy. KIPARLAMAK [kipa:rlamak], işl. Diňere, dynara ýakynlamak, gowşamak, peselmek (ýagyş, çabga we ş.m. hakynda). Daň atmaga az galandyr diýlip çaklanýardy, çabga kiparlady (A. Gowşudow). KIPARLAMAKLYK [kipa:rlamaklyk], iş ady. Kiparlamak ýagdaýy. KIPARLAMAZLYK [kipa:rlamazklyk], iş ady. Kiparlaman ýagmaklyk. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling