Kireýsiz kilim kakmazlyk hak alman hiç iş
etmezlik, sähelçe iş üçin pul talap etmeklik.
KIREÝÇI, at, ser. Kireýkeş.
KIREÝKEŞ, at. Öz maly bilen kireý edýän
adam, kireýine iş edýän adam.
KIREÝKEŞLIK, at. Kireýkeşiň kesp-käri,
ýerine ýetirýän işi. Ol galla daşap, kireýkeşlik edýär.
KIRIGIŞ [kiriğiş], iş ady. Kirikmek ýagdaýy.
KIRIKDIRMEK, işl., ser. Kirjikdirmek.
KIRIKME, iş ady. Kirikmek ýagdaýy.
KIRIKMEK, işl., ser. Kirjikmek. Men bu jaýda
ýeke däldim, ýanaşyk krowatyň aýagujunda kirigen
tor maýka asylgy durdy (T. Gurbanow).
KIRIKMEKLIK, iş ady. Kirikmek ýagdaýy.
KIRIŞ, at. 1. Dutar, gyjak ýaly saz gurallaryna
dakylýan, ýüpekden işilen ýa-da polat simden edilen
tar. Çünki ol gazana garanjaklap oturýan, orta pul
düşmese, dürli bahanalar tapyp hezil bermeýän,
dutarynyň kirşini üzýän bagşylardan däldi (N.
Saryhanow). 2. Ýaýyň iki ujuna daňylýan we oky
saklamak üçin örme, işme ýüp. Ýaýyň kirşi.3. Jaýyň
düýbi tutulanda ölçemek, kerpiji göni örmek üçin
çekilýän ýüp, sapak. Ol kerpiji kiriş tutup örýärdi.
KIRIŞLEME, iş ady. Kirişlemek ýagdaýy.
KIRIŞLEMEK, işl. 1. Kiriş etmek, kiriş dakmak
(dutara, ýaýa). Dutary kirişlemek. 2. Kiriş tutmak,
kiriş çekmek (gurluşykda). Kirişläp kerpiç örmek.
KIRIŞLEMEKLIK, iş ady. Kirişlemek ýagdaýy.
KIRIŞLENMEK, işl. Kiriş tutulmak, kiriş
çekilmek. Dutar kirişlendi. Kirişlenmän örülen diwar
göni çykmandyr.
KIRIŞLETMEK, işl. Kirişlemek işini başga
birine etdirmek, kiriş tutdurmak, kiriş çekdirmek.
Dutary kirişletmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |