KIPARLAÝYŞ [kipa:rlaýyş], iş ady. Kiparlamak
ýagdaýy.
KIR, at. 1. Geýime, tene ýokan hapa, ýok,
çyrşak, galçak. Kagyzlarynyň gyrasy ýyrtyk-ýyrtyk,
sahypalaryna el kiri düşüp, yz galdyryp gidipdir (N.
Saryhanow). 2. göç. m. Hapa, kir bolan geýim-gejim.
Ol aýal daşarda kir ýuwup otyr.
Kiri ýüzüne almak kiri mese-mälim bildirip
durmak, derrew kiri ýäzünde görnüp durmak.
Köýnegimiň matasy kiri ýüzüne alagan mata eken.
KIRBEŇKE [kirveňke], at. 409,5 grama deň
bolan agyrlyk ölçegi.
KIRBEŇKELEMEK [kirveňkelemek], işl. Bir
kirbeňke möçberinde edip ölçemek.
KIRBEŇKELEMEKLIK [kirveňkelemeklik], iş
ady. Kirbeňkelemeklik ýagdaýy.
KIRBEŇKELEMEZLIK [kirveňkelemezlik], iş
ady. Kirbeňkeläp ölçemezlik.
KIRBEŇKELIK [kirveňkelik], at. Bir kirbeňke
zat çeker ýaly agramy kirbeňkä deň bolan çeküw
daşy.
KIREŇ, at. 1. ser. Kir I. Ol düýbünden kireň
degmedik owadan halynyň ýüzüni dyrmaýardy. 1.
göç.m. Erbet niýet, närazylyk, nägilelik. Göwnünde
çigit ýaly kireň bolmadyk Hoşgeldi bolsa öňki
oturyşyny üýtgetmän, bu boluşlara perwaýsyz garap
otyrdy (A. Gowşudow).
KIREŇSIZ, syp. 1. Kir ýoky bolmadyk, kir-
kimirsiz, arassa. Ol ýigidiň sadap ýaly kireňsiz ak
dişleri ýyldyrady (A. Gowşudow). 2. göç.m. Päk,
ýamanlyksyz. Ol kireňsiz ýüregini açyp başlady.
KIREÝ, at. Ulanylmaga wagtlaýyn alnan jaý,
ulag üçin eýesine berilýän hak, töleg.
Kireýine almak birinden hakyny töläp,
wagtlaýynça ulag, jaý almak. Kireýine bermek hak
almak maksady bilen birine mal, jaý bermek.
39
Do'stlaringiz bilan baham: |