Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KITÜW, at. Bir zat sebäpli ýürekde galýan kine,  öýke;öç. Içiňde näme kitüwiň bolsa, dök-de, dyn!  KITÜWLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet74/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KITÜWat. Bir zat sebäpli ýürekde galýan kine, 
öýke;öç. Içiňde näme kitüwiň bolsa, dök-de, dyn! 
KITÜWLI [kitüwlü], syp. Ýüreginde kitüw
galan. Ol ondan kitüwli ýalydy. Ol birnäçe wagt 
mundan ozal ölen towugyny Japbaklardan görüp, 
olardan ýaňa içi kitüwlidi (B. Kerbabaýew).  
KITÜWLILIK [kitüwlülük], at. Kitüwi barlyk, 
kitüwsiz dällik. 
KIZ [ki:z], at. Keçe. Adam bardyr, körpe ýanyn 
agyrdar, Adam bardyr, şal, kiz ýanyna degmez 
(Magtymguly). 
KLARNET [klarne:t], at. Üflenip çalynýan saz 
guraly. 
KLARNETÇI [klarne:tçi], at. Klarnet çalýan 
sazanda. 
Çagalar 
öýünde 
terbiýelenýänleriň 
arasynda zehinli klarnetçiler hem bar.
KLAS [kla:s], at. 1. Ýere her tarapy üç öýden, 
jemi alty öýden ybarat dörtburçluk çyzylyp, bir 
aýakda towsaklap, ýasyja daş ýa-da gutujyk aýagyň 
ujy bilen bir öýden ikinji öýe geçirilip oýnalýan çaga 
oýny. Olar tekizje ýerde klas oýnaýardylar. 2. Bir 
işde hünäriň, taýýarlygyň derejesi. Üçünji klas 
sürüjisini taýýarlaýan okuw açyldy. 3. Sazçylyk 
mekdeplerinde aýratyn bölüm. Dutarçylar klasy. 4
taryh. Şol bir okuw ýylynyň okuwçylar topary, synp. 
Altynjy klasda okaýan Şaguly dagy orlan bugdaý 
başlaryny tagarlara, çuwallara salyp, majarda* 
döwege çekýärdiler. Ikinji, üçünji klaslaryň oglanlary 
harmanda 
işleýärdiler 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Döwlet guşy). Körpe jigim ak hek 
alyp eline, Klas tagtasyna adyny ýazdy (M. Seýidow). 
KLASSYK [kla:ssyk], at. Nusga bolarlyk eserleri 
hemmeler tarapyndan ykrar edilen ylym, sungat we 
edebiýat işgäri. Türkmen klassyklary. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling