KOMPÝUTERÇILIK [kompýu:terçilik], at.
Kompýutere degişli. Kompýuterçilik tehnologiýa.
Kompýuterçilik okuwy.
KONGRES [kongire:s], at. 1. Halkara gurultaýy.
2. ABŞ-da kanun çykaryjy organ, parlament.
KONDITER [kandite:r], at. 1. Süýji önümleri
taýýarlaýan hünärmen. 2. Süýji tagamly önümleriň
önümçiligine we olaryň söwdasyna degişli. Konditer
önümleriniň dükany. Konditer fabrigi.
KONSEPSIÝA [konse:psiýa], at. Ol ýa beýleki
hadysa bolan garaýyşdan gelip çykýan özara
baglanyşykly
garaýyşlaryň
sistemasy.
Ylmy
konsepsiýa. Konsepsiýany işläp düzmek.
KONSERN [konse:rn], at. Köp sanly senagat,
maliýe we söwda kärhanalarynyň birleşigi (birleşige
girýän kärhanalaryň her biri özüniň ýuridik şahs
bolmak hukugyny saklap, maliýe taýdan birleşigiň
tabynlygynda işleýär).
KONSERT [kanse:rt], at. Bagşy-sazandalaryň
jemagatyň önünde edýän çykyşy.
KONSERWATORIÝA [konserwato:riýa], at.
Ýokary sazçylyk mekdebi.
KONSTITUSIÝA [konstitu:siýa], at. Döwletiň
esasy kanuny ýa-da esasy kanunlarynyň jemi.
Türkmenistanyň konstitusiýasy.
KONSULTANT
[konsulta:nt],
at.
Konsultasiýalar berýän hünärmen; öz hünäri boýunça
konsultasiýa berýän hünärmen.
KONSULTASIÝA
[konsulta:siýa],
at.
1.
Haýsydyr bir iş, mesele boýunça hünärmenleriň
geçirýän
maslahaty.
Ýuristleriň
maslahatyny
çagyrmak. 2. Hünärmen tarapyndan berilýan
maslahat. Konsultasiýa almak. Konsultasiýa bermek.
3. Hünärmenleriň maslahaty bilen ilata kömek edýän
edara. Ýuridik konsultasiýa. Çagalar konsultasiýasy.
Do'stlaringiz bilan baham: |