Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet78/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

4. Mugallymyň okuwçylar bilen geçýän goşmaça 
sapaklary. Synagdan öň bolýan konsultasiýa. 
Fizikadan konsultasiýa gatnaşmak. 
KONÝUNKTURA [konýunktu:ra], at. Emele 
gelen ýagdaý. Türkmenistanyň halkara sebit 
guramalaryna gatnaşmak mümkinçiligi howul-hara 
syýasy konýunktura arkaly däl-de, bileleşigiň uzak 
möhletleýin maksada laýyklygy hem-de ykdysady 
geljegi 
bilen 
kesgitlenilýär 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, 
Watany, halky söýmek bagtdyr). 
KOSMETIKA [kosme:tika], at. Emeli ýol bilen 
ýüze we bedene gözellik, görk, terlik bermek üçin 
ulanylýan dürli görnüşdäki serişde. 
Bejergi 
kosmetikasy. Kosmetika dükany.  
KOSMONAWT 
[kasmana:vt], 
at
Älem 
gämilerinde kosmosy, älemi öwrenmek üçin uçýan 
adam; kosmosa uçujy. Kosmonawtlaň ýoly ýaly 
uzasyn, Taraňyzdan akýan dürli matalar (M. 
Seýidow). 
KOSMOS [ko:smos], at. Älem. 
KOSTÝUM [kassu:m], at. Erkek adamyň (penjek 
we balak) ýa-da aýal maşgalanyň (penjek we ýubka, 
penjek we balak) daşky eşigi. 
KOSTÝUM-BALAK 
[kassu:m-balak], 
at
gepl.d., serKostýum. 
KOWAHAT, at. Musulmançylykda kabul edilen 
umumy düzgün, ýörelge, dessur. Beýle ýagdaýlar 
türkmen kowahadyna sygmaz (B. Kerbabaýew). 
KOWALAMA [kowolomo], iş ady. Kowalamak 
ýagdaýy. 


43 
KOWALAMAK [kowolomok], işl. 1. Birini ýa-
da bir zady tutjak bolup yzyndan ylgamak. Obanyň 
ähli itlerem, bir ýagy kowalaýan ýaly, wagyrdaşyp 
yzymyza düşdi (B. Gulow). 2. göç. m. Bir zadyň 
ugrunda bolmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling